2020-08-10
«Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazeti
Önümçilik galyndylaryndan alynýan girdeji: antiseptic almagyň tehnologiýasy
07.08.2020
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa
institutynyň işgärleri çakyr we şeker önümçiliginiň galyndylaryndan organiki
birleşmäni izopropanol (izopropil spirtini) almagyň tehnologiýasyny işläp
taýýarladylar. Institutyň laboratoriýa müdiri Esger Annahanowyň aýtmagyna görä,
izopropil spirti güýçli antiseptik häsiýete eýedir, ol etil spirtiniň ornuna
giňişleýin ulanylýar. Ol lukmançylykda, kosmetologiýada, durmuş himiýasynda,
awtoulaglaryň aýnasyny ýuwýan serişde hökmünde, şeýle hem antifriz öndürmekde
peýdalanylýar.
Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän
karhanada daşary ýurtlardan getirilýän izonpropanol bu ýerde çykarylýan şahsy
arassaçylyk serişdeleri üçin esasy çig mal (70%) hökmünde ulanylýar.
Himiýaçy alymlar izopropil spirtini öndürmek üçin ýerli çig maly ýurduň
arak-çakyr öndürýän kärhanalarynda gaýnadylyp arassalanma netijesinde emele
gelýän siwuşa ýagyny ulanmagy teklip etdiler.
Ylmy gözlegler we organiki maddanyň synag önümçiligi Himiýa institutynyň,
zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän karhananyň we paýtagtyň Büzmeýinm
etrabynda ýerleşýän çakyr zawodynyň arasynda baglaşylan üçtaraplaýyn
şertnamanyň çäklerinde ýerine ýetirildi. Marynyň şeker öndürýän kärhanasy çig
mal bilen üpjün etdi.
Çakyr zawodynyň rektifikasiýa enjamynda synag hökmünde bug arkaly arassalanma
arkaly alnan siwuşa ýaglaryndan berkligi 96,5 gradus bolan 700 dekalitrden
gowrak izopropil spirti alyndy. Ýerli çig mal ulanylanda zyýansyzlandyryjy
serişdäniň özüne düşýän gymmatynyň daşary ýurtlardan getirilýänlerden birnäçe
esse arzan düşýändigi hasaplanyldy.
Esger Annahanow siwuşa ýaglary gyzdyrylyp we buga tutulyp arassalananda ýene-de
birnäçe peýdaly himiki birleşmeleri, hususan-sa, hloryň ornuny tutýan güýçli
zyýansazlandyrjy alyp boljakdygyny belleýär. Tejribe arkaly alnan şu maddalaryň
dürli konsentrasiýaly erginleriniň birnäçesiniň olaryň antibaktakterial
häsiýetlerini barlamak üçin arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş edarasyna
iberildi.
Wladimir KOMAROW