Habarlar

Akyldar şahyryň sarpasy

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2020-06-30

Türkmenistan gazeti
2020-06-26

Akyldar şahyryň sarpasy

2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda sinden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Mastymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäkleňnde halkara ylmy maslahatlara hem giň orun berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan adalatly daşary hem içeri syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiz daşary yurtlar bilen il bähbitli, döwlethem sebit ähmiýetligatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Şeýle gatnaşyklaryň goňşy Azerbaýjan döwleti bilen hem işjeň ösdürilýändigi has-da guwandyryjydyr. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 11-nji martynda Azerbaýjan Respublikasyna ýokary derejede geçen resmi sapary hem bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.

Ajaýyp zamanamyzda milli Liderimizin alyp barýan ynsanperwer syýasaty netijesinde türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary belent derejelere göterilýär, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeniýet we beýleki ugurlarda uly ösüşler gazanylýar. Ylym ulgamy babatda aýdylanda, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk döwrebap ýola goýuldy. 2018-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga gol çekildi, iki dostlukly döwletiň alymlary Türkmenistanda we Azerbaýjan Respublikasynda geçirilýän Halkara ylmy maslahatlara, Medeniýet günlerine we beýleki çärelere işjeň gatnaşýarlar.

Düýn Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky llçihanasy bilen Azerbaýjan Milli Ylymlar akademiýasy bilelikde sanly wideoaragatnaşyk arkaly «Magtymguly we türki dünýäsi» atly halkara ylmy maslahaty geçirdi. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen halkara ylmy maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyndan we degişli ylmy barlag institutlaryndan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden hem-de daşary yurtlardan wekiller gatnaşdy.

Maslahatda Azerbaýjan Milli Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti, ylymlaryň doktory, professor Isa Habibeýli Akber ogly, Türki medeniýeti we mirasy gaznasynyň başlygy Günaý Efendiýewa, Türki döwletleriň parlament birleşigi halkara guramasynyň başlygy Altynbek Mannapbekow, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Fizika-matematika, himiýa, geologiýa we tehniki ylymlar müdirliginiň başlygy, akademik-kätip, tehniki ylymlaryň doktory Rahmanguly Esedulaýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Dawut Orazsähedow, Taryh we arheologiýa institutynyň direktory, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baýrammyrat Taganow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil-edebiýat, taryh we pedagogika ylymlary bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Myrat Tuwakow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amannepes Şyhnepesow we beýlekileriň täsirli çykyşlary dinlenildi. Türkmen we azerbaýjan alymlary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň ähmiýeti, onuň türkmen, türki we dünýä edebiýatyndaky orny, söz ussadynyň döredijiliginde öňe sürülýän ynsanperwer garaýyşlar, şahyryň halklary dost-doganlyga, agzybirlige, parahatçylyga çagyrýan şygyrlary barada ylmy garaýyşlaryny gyzykly beýan etdiler.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny döwrebap ösdürmekde, iki doganlyk halkyň arasynda ylmy hyzmatdaşlygy berkitmekde, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde we söz ussadynyň edebi mirasyny wagyz etmekde ähli mümkinçilikleri döredýän, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti ilham Aliýewe halk bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işlerinde üstünlikleriň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2020, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy