Habarlar

Ynsanperwerligiň aýdyň ýolunda

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2020-05-29

«Türkmenistan» gazeti
28.05.2020

YNSANPERWERLIGIŇ AÝDYŇ ÝOLUNDA

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda» BMG-niň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar, ýagny Türkmenistanyň Hökümetiniň ilatyň saglygyny goramak hem-de COVID—19 koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreýesusyň adyna iberen hatynda beýan edilen çareler harada maglumatyň terjime edilip, dünýä ýaýradylmagy halkymyzyň milli Liderimize buýsanjyny has-da belende galdyrdy. Çünki bu şatlykly habar, hormatly Prezidentimziň halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň hem-de halkara derejesindäki ykrarnamasynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döw-ründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasaty netijesinde, halkymyzyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli sertlerin döredilýändigi buýsandyryjy hakykatdyr. II saglygy yurt baýlygyna deňelýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde il bähbitli, döwlet ähmiýetli başlangyçlaryň netijesinde, beýleki ugurlar bilen birlikde, saglygy goraýyş ulgamy giň gerimli ösdürilýär we onuň kanunçylyk binýady berkidilýär. Bu babatda «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we beýleki ençeme kanunçylyk namalary hem aýratyn ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň saglyk ulgamyny ösdürmek babatda möhüm ähmiýetli başlangyçlarynyň netijesinde, raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri döwlet mak-satnamalarynda hem öz beýanyny tapýar. Türkmenistanda beýleki ugurlar bilen birlikde, saglygy goraýyş ulgamyny hem ylmy esasda ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki zaman tehnologiýalarynda täze ylmy açyşlary, tutuş dünýäde keselleriň gömüşlerinin üýtgemegini we olaryň öňüni almagy göz önünde tutmak arkaly, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak baradaky tutumly işler özüniň oňyn netijelerini berýar. Döwrebap lukmançylyk merkezlerini gurmak, saglygy goraýyş edaralaryny ýokary tehnologik enjamlar bilen üpjün etmek, lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, derman üpjünçiligini kämilleşdirmek babatda durmuşa geçirilýän işler möhüm ähmiýete eýedir. Bu işler ýurdu-myzda her bir adamyň saglygyny berkitmek we gorap saklamak üçin öňüni alyş, anyklaýyş, bejeriş işleriniň netijeliligini ýo-karlandyrmaga itergi berýar.

Hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň we ykdysady ylymlaryň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik kitaby ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, derman sena-gaty pudagyny täze sepgitlere çykarmakda möhüm ähmiýete eýedir. Çünki bu ajaýyp ylmy-ensiklopedik iş dürli keselleriň öňüni almakda we olary bejermekde türkmen topragynda ösýän ösümlikleriň bejerijilik hasiýetini peýdalanmagy wagyz etmekde hem-de bu işleri döwrebap ýola goýmakda gymmaty egsilmejek gollanmadyr. Bu kitabyň birinji jildinde ýokanç keselleriň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýe üzärligiň peýdalanylyşy hem-de onun ulanylyş aýratynlyklary hakynda gymmatly maglumatlar beýan edilýär.

Häzirki döwürde lukmançylykda we derman serişdelerini öndürmek boýunça türkmen topragynda bar bolan mineral suwlary, daglarda hem-de gözel jülgelerde ösýän dermanlyk ösümlikleri peýdalanmak bilen keselleri bejermegiň täze usullaryny ulanmak boýunça ylmy-barlaglar geçirilýär. Köp asyrlyk tejribäni hem-de häzirki zaman usullaryny ulanmagy utgaşdyrmak arkaly keselleriň öňüni almak, olary anyklamak we bejermek boýunça alnyp barylýan ylmy barlaglar kämilleşdirilýär. Türkmen topragyndaky täsin tebigy çeşmelerin, çopantelpek, boýbodran, ýandak, narpyz, çomuç, itburun, atgulak, üzärlik, demirtiken, daşkekre, ýowşan ýaly ösümlikleriň dermanlyk hasiýetlerini öwrenmek we olary netijeli ulanmak babatda möhüm işler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Lukmançylyk ulgamynda häzirki zaman dünýä tejribesini, täze tehnologiýalary we oýlap tapyşlary giňden ulanmak bilen, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çarelerin giň toplumy göz önünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaplarynda nygtaýşy ýaly, geçmişde Gündogar bilen Günbataryň arasynda birleşdiriji halka hem-de ylym-bilimiň ojagy bolan türkmen topragynda lukmançylyk ylmy hem ösüpdir. Orta asyrlarda ýaşap geçen Ibn Sina, Seýit Ysmaýyl Jürjany, Muhammet Gaýmaz Türkmen ýaly alym-lukmanlar, hekimler lukmançylyk ylmynyň ösmegine we ony dünýä ýaýmaga uly goşant goşupdyrlar.

Häzirki wagtda paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde «Mollagara», «Arçman», «Berzeňňi», «Baýramaly», «Farap», «Daşoguz» ýaly dürli keselleri bejermäge we öňüni almaga ýöriteleşdirilen şypahanalar ýylyň islendik möwsüminde halkymyza ýokary derejede hyzmatlary hödürleýär. Ýeri gelende aýtsak, paýtagtymyzda giň möçberli lukmançylyk ulgamy döredildi. Olaryň hatarynda gojaman Köpetdagyň eteginde, ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän halkara lukmançylyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine girýän Halkara newrologiýa, Morfologiýa, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit, Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezleri, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli we Gaýragoýulma-syz tiz kömek merkezli hassahana, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi ýaly döwrebap saglygy goraýyş edaralary özüniň döwrebap binalary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary bilen tapawutlanýar.

Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda halkara gatnaşyklaryň gerimini yzygiderli giňeldýär. Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri, şol sanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli alyp barýar. Türkmenistanyň Hökümetiniň ilatyň saglygyny goramak hem-de COVID—19 koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktorynyň adyna iberen hatynda beýan edilen çareler barada maglumat hem häzirki döwürde yüze çykan koronawirus keseline garşy dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu resminamada koronawirusa garşy çareler, ýagny: milli strategiýanyň işlenip düzülmegi; aras-saçylyk çareleri: howpsuzlyk çareleri — döwlet serhediniň gözegçilik nokatlarynyň işinin döwrebap ýola goýulmagy; Türkmenistana daşary ýurtlularyň gelmeginiň we ondan gitmegiň düzgünlerinin işlenip düzülmegi; döwletleriň arasynda söwda, ykdysady gatnaşyklaryň, ulag gatnawlarynyň dumukly ýola goýulmagy; ýurduň içinde adamlaryň bir sebitden beýleki sebite barmagynyň döwürleýin düzgünleşdirilmegi we saglygy goraýşyň gözegçiliginiň netijeli alnyp barylmagy; wagyz-nesihat işleriniň netijeli ýola goýulmagy bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işler öz beýanyny tapýar.

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadyryny bilgil, hasta bolmazdan burun» diýen ynsanperwer ýörelgeleri saglyk döwlet syýasatynyň düýp özenini düzýär. Raýatlaryň saglygyny gorap saklamak we dikeltmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa giňden ornaşdyrmak, sanitariýa-gigiýena, ýagny arassaçylyk-päkizelik sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça saglygy goraýyş, ylym we bilim edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, edara-kärhanalarda geçirýän wagyz-nesihat, öwüt-ündew işleri özüniň oňyn netijelerini berýär.

Hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamyny giň gerimli ösdürmek babatdaky başlangyçlary döwlet hem-de halkara derejesinde uly üstünliklere beslenýär.

Myrat TUWAKOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bölüm müdiri,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2020, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy