![]() |
![]() | ![]() Resmi habarlar |
|
||||||
| ![]() |
![]() |
![]()
|
![]() |
![]() 2020-03-30 «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazeti Resmi habarlar26.03.2020 **** Türkmenistanyň ylmy-tehnologiýa taýdan ösüşine, ylmy ösdürmegiň esasy ugurlaryna we «Türkmenistanda 2019 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, sanly tehnologiýalary ulanmak bilen, ylmy, ylmy-tehniki we innowasiýa işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag işleriniň ykdysady bähbitliligini artdyrmak, ylmy-barlag edaralarynyň özara hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň özara baglanyşygynyň has-da jebisleşmegini üpjün etmek, ykdysadyýetdäki sanly özgertmeleri ylmy-tehniki we intellektual taýdan goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna maksatnamanyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. |
![]() |
![]() |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2020, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy |