Habarlar

Aýdyň hem belent maksatlar

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2020-03-15

«Aşgabat» gazeti,
2020-03-14

Aýdyň hem belent maksatlar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halk hojalygynyň her bir ulgamynyň, pudagynyň işiniň ylmy taýdan guralmagy, ösdürilmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny berkidip, berkarar döwletimiziň dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykmagyna mümkinçilik berdi. Bu ugurda iri maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar. Döwletimiziň ylmy-barlag institutlarynda, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde döredijilikli gözlegleri mundan beýläk hem kämilleşdirmek wezipesi öňde goýuldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwaryndaky «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-amaly barlag edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda institutymyzyň ylmy bölümleri we barlaghanalary hojalyk hasaplaşygy şertlerinde barlag işlerini üstünlikli alyp barýarlar.Institutymyz arassalanan iri lagym suwlaryny ulgamlaýyn netijeli peýdalanmagyň gidrohimiýasyny, ekologiýasyny öwrenmek, häzirki zaman enjamlaryny ulanyp, ylmy-barlag, seljerme işlerini ýokary derejede geçirmek, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ekologiýa ýagdaýyny öwrenmek, nano ölçegli örtükler, gurluşlar, ýarymgeçirijiler, aşageçirijiler, seýrek duş gelýän elementler boýunça ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek bilen, döwrüň ösen tehnologiýalaryndan, ylmyň täze gazananlaryndan netijeli peýdalanýarlar. Berkarar Diýarymyz häzirki wagtda ýerasty we ýerüsti baýlyklaryň uly möçberine eýe bolup durýar. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde öňdebaryjy tehnologiýa enjamlaryny ulanyp, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakda, olary ylmy esasda öwrenmekde, ylym bilen önümçiligiň arabaglanyşygyny pugtalandyrmakda alnyp barylýan ylmy-barlag işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman ykdysadyýeti diňe bir nebitiň we gazyň çykarylmagy bilen çäklenmeýär. Sanly tehnologiýalar, arassa energetika, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, harytlaryň we hyzmatlaryň erkin dolanyşygy — bularyň ählisi ýurdumyzy kuwwatly hem-de bäsdeşlige ukyply döwlete öwürýär.Goý, ata Watanymyzy ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady kuwwata eýe edýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Näzik HOMMADOWA,
TYA-nyň Himiýa institutynyňkiçi ylmy işgäri.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2020, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy