Habarlar

TÜRKMEN-AZERBAÝJAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ DÖWREBAP SEPGITLERI

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2020-03-14

«Mugallymlar gazeti», 13.03.2020

TÜRKMEN-AZERBAÝJAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ DÖWREBAP SEPGITLERI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary hem içeri syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ýakyn-u-alysdaky ýurtlar bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Şeýle gatnaşyklaryň goňşy Azerbaýjan döwleti bilen hem döwrebap ösdürilýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr. Muny hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bit arapl ygyň mekany» ýylynyň 11-nji martynda Azerbaýjan Respublikasynabolanresmisaparyhembütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Gojaman Hazar deňzini ýakalap oturan türkmen we azerbaýjan halklary ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda söwda-ykdysady, medeni gatnaşyklary saklap gelýär. Iki doganlyk halkyň dilinde, edebiýatynda, medeniýetinde, däp-dessurlarynda bar bolan umumylyklar gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Bu iki doganlyk halk birek-biregiň edebiýatyna, medeniýetine, sungatyna aýratyn sarpa goýup gelýär. Halk döredijilik eserlerimizde, «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly şadessanlarymyzda hem türkmen-azerbaýjan halklarynyň gadymdan gelýän medeni, edebi gatnaşyklaryna şaýatlyk edýän maglumatlara duş gelmek mümkin. Türkmen halkynyň ruhy sütünleriniň biri Magt ymgul y Pyragy «San bolsam» atly goşgusynda azerbaýjan halkynyň nusgawy şahyry Nyzamy Genjewiniň adyny Gündogaryň beýik akyldarlarynyň hatarynda hormat bilen ýatlaýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty netijesinde türkmen-azerbaýjan halklarynyň gatnaşyklary täze belent derejelere göterilýär, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeniýet we beýleki ugurlarda ösüşler gazanylýar. Ylym ulgamy babatda aýdylanda, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk döwrebap ýola goýuldy. 2018-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistan Ylymlar akademiýasy bilen Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga gol çekildi. Iki dostlukly döwletiň alymlary Türkmenistanda we Azerbaýjan Respublikasynda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara, Medeniýet günlerine we beýleki çärelere işjeň gatnaşýarlar.

2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli s yýahat çyl yk zol agynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen birinji Hazar Ykdysady forumynyň «Hazarda deňiz ylmy barlaglary çygr ynda hyzmat daşl yk» atl y böl ümçede Azerbaýjan Milli Ylymlar akademiýasynyň alymlary çykyş etdiler. 2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda — Ylymlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň guramagynda geçirilen halkara ylmy maslahata hem azerbaýjanly alymlar gatnaşyp, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ugurda netijeli işler alnyp baryldy, ýagny Azerbaýjan Respublikasynyň «Kawkaz» uniwersitetinde «Magtymguly Pyragy — dostlugyň we raýdaşlygyň waspçysy» atly ylmy maslahata, Baku şäherinde geçirilen «Informatikanyň we kibernetikanyň meseleleri» atly halkara ylmy maslahata türkmen alymlary gatnaşdylar. 2013-nji ýylda türkmen alymlarynyň Magtymguly Pyraga bagyşlap taýýarlan kitapçasy azerbaýjan alymlary tarapyndan azerbaýjan diline terjime edilip, neşir edildi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan topary tarapyndan geçirilen mejlisiň çözgüdine laýyklykda, Azerbaýjan Respublikasynda türkmen halkynyň milli mirasyny wagyz etmek maksady bilen, türkmen şahyrlarynyň 16 sany eseri azerbaýjan diline terjime edildi we çap boldy.

Magtymguly Pyragynyň «Saýlanan eserler», Mollanepesiň «Saýlanan eserler», «Bu mekana gelmişem», Nurmuhammet Andalybyň «Saýlanan eserler», «Saýlanan eserler: «Ýusup-Züleýha» we «Leýli-Mejnun» dessanlary, «Goşgular, poemalar we dessanlardan parçalar», «Oguznama», Zahyreddin Muhammet Babyryň «Saýlanan eserler», Soltan Hüseýin Baýgaranyň «Diwan», Mähri Hatynyň «Diwan» atl y eserleri azerbaýjan diline terjime edildi we edebi gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna 11-nji martda bolan resmi sapary wagtynda türkmen-azerbaýjan halklarynyň arasyndaky özara we sebitara bähbitli gatnaşyklary täze derejelere çykarmak babatda möhüm ähmiýetli ylalaşyklar gazanyldy. Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda ylym-bilim ulgamlary babatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Dolandyryş ulgamlary institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Baku döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama gol çekildi.

Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna öňki resmi sapary wagtynda alym Arkadagymyza Baku döwlet uniwersitetiniň Hormatly professory diýen belent at berildi. Şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti Ilham Aliýew Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Hormatly professory diýen ada mynasyp boldy. Munuň özi iki döwletiň milli Liderleriniň ylym-bilim ulgamlaryny döwrebap ösdürmekde alyp barýan giň gerimli başlangyçlaryna goýulýan özboluşly hormatyň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiziň bu resmi sapary wagtynda döwletara we pudagara derejesinde ýigrimiden gowrak dürli resminamalara gol çekilmegi, şeýle hem iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannama gol çekmekleri saparyň uly üstünliklere beslenendigini doly tassyklaýar. Bilelikdäki Beýannama çuň many-mazmuna eýe bolup, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda geljegi möhüm ähmiýetli işlere badalga berdi. Iki döwletiň Baştutanlary ählumumy meseleleri çözmekde, durnukly ösüşi üpjün etmekde, dünýäde howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň edaralarynyň ornuny ýokarlandyrmagyň möhümdigini tassykladylar. Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň strategik häsiýetini bellediler. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ornuny ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda ulag-kommunikasiýa ulgamynda ösdürmek boýunça utgaşdyryjy edara hökmünde mundane beýläk-de güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Taraplar işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de höweslendirmegiň, iki ýurtda öndürilýän önümler bilen özara tanyşmagyň, eksport-import mümkinçiliklerini öwrenmegiň hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze görnüşlerini gözlemegiň zerurdygyny bellediler. Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda göni gatnawlary açmagyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda syýahatçylygy, medeni taýdan alyşmagy ösdürmäge, halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge, özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirip, ulag we üstaşyr ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň ýurtlaryň we olaryň sebitleriniň arasynda halkara söwdasyny ösdürmekde ähmiýetiniň bardygyny tassykladylar. Türkmenistan — Azerbaýjan ugry boýunça Hazar deňziniň düýbünden optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmagyň, oňa eýelik etmegiň we ondan peýdalanmagyň taslamasyny çalt durmuşa geçirmegiň zerurdygyny beýan etdiler. Medeni gatnaşyklaryň Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşýandygy, iki ýurduň halklarynyň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi berkitmäge we medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna ýardam berýändigi hakyndaky pikiri beýan etdiler. Bilim, ylym we medeniýet babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundane beýläk-de ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermek babatda ylalaşdylar. Iki ýurduň halklarynyň arasynda däp bolan dostlugy mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet günlerini Azerbaýjanda we Azerbaýjanyň Medeniýet günlerini Türkmenistanda geçirmegi, şeýle hem medeniýet we sungat işgärleriniň wekiliýetlerini yzygiderli alyşmagy dowam etmek meýlini bellediler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny döwrebap ösdürmek, iki doganlyk halkyň arasynda ylmy hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ähli mümkinçilikleri döredýän, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan alym Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Myrat TUWAKOW,
TYA-nyň bölüm müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2020, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy