Habarlar

YLYM — DOWLETIŇ KUWWATY, JEMGYÝETI HEREKETLENDIRIJI GÜÝÇ

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2020-02-08

«Türkmenistan» gazeti

2020-02-07

YLYM — DOWLETIŇ KUWWATY, JEMGYÝETI HEREKETLENDIRIJI GÜÝÇ

Hormatly Prezldentlmiziň 2-nji fewralda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny medeniýetini, sungatyny dilini we edebiýatyny ylmy esaslarda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, 2020-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelehne dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle-de kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklandy. Şunuň bilen bagly Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň aspirantura bölüminiň müdiri Gülälek ANNANEPESOWA bilen taýýarlan söhbetdeşligi okyjylara ýetirýäris.

— Gülälek Orazmyradowna, ýurdumyzda ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada söhbedimize başlasak!

— Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym we bilim bilen özara baglanyşyklydyr. Dünýäniň ösen döwletlerinde bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hem ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüdir. Döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän ylmy-tehniki syýasatynda ileri tutulýan ulgamlaýyn maksatlar ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin giň dünýägaraýyşly, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçiren maslahatynda milli ylmy ösdürmegiň, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ylmy binýadyny mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň, sanly ykdysadyýet şertlerinde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň has giňişleýin peýdalanylmagyna ýardam bermegiň, ylmy-barlag işleriniň guralyşyny we maliýeleşdirilişini kämilleşdirmegiň, ylmy-barlag edaralary bilen ylmy hyzmatlary sarp edijileriň arasyndaky baglanyşygy ösdürmegiň meselelerine seredildi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ylmy başlangyçlary bilen «Türkmenistanda ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hakynda», «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topary döretmek hakynda», «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ylymlary ösdürmegiň gaznasyny döretmek hakynda» Kararlaryň kabul edilmegi, ýurduň ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn ylmy edaralarynyň, ylmy-önümçilik we ylmy-tehniki merkezleriniň, taslama edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň halkara derejelere ýetirilmegi, bu ugra uly möçberde maliýe serişdeleriniň goýberilmegi Türkmenistanyň ylmy-tehniki kuwwatynyň artmagyna ýardam berýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny has-da artdyrmak, alymlaryň oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmak, Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berýär. Şu maksat bilen, geçen ýylda Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna 35 million manat möçberinde pul serişdelerini bölüp bermek barada Karara gol çekildi. Şeýle goldawlar alymlary has-da döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

— Şu ýyl aspirantura hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige näçe adam kabul ediler?

— «Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, aspiranturalarda we doktoranturalarda ylmyň, tehnologiýalaryň öňdebaryjy gazananlaryny özleşdirýän hünärmenler taýýarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2020-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura 30, ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärlige 30, ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgärlige bolsa 7, jemi 67 adam kabul ediler. Olaryň ylym ugurlarynyň hatarynda fizika-matematika, himiýa, oba hojalyk ylymlary, taryh ylymlary we arheologiýa, tehniki, ykdysady, harby ylymlar, filologiýa, hukuk, pedagogika, lukmançylyk, sungaty öwreniş, sosiologiýa, medeniýeti öwreniş ylymlary, şeýle-de ýer baradaky ylymlar bar.

— Täze açylan hünärler hakynda-da aýdaýsaňyz!

— Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hormatly Prezidentimiziň 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran «Türkmenistanda ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamagy üpjün etmek hem-de ylmy taslamalara döwlet maliýe goldawyny bermek hakyndaky» Kararyna hem-de 2008-nji ýylda kabul edilen «Aspiranturany, adýunkturany hem-de doktoranturany açmagyň we olaryň Tertibine» laýyklykda, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň aspiranturasyna 14.03.03 — Patologiki fiziologiýa hünäri, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň doktoranturasyna 05.18.01 — Däneli, kösükli ekinleri, ýarmaly, miwe-gök we üzümçilik önümlerini işlemegiň, saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy hünäri hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň doktoranturasyna 24.00.03 — Muzeý öwreniş, taryhy-medeni obýektleriň konserwasiýasy we dikeldilişi hünäri girizildi.

— Aspirantura bölümi nähili işleri alyp barýar?

— Ýurdumyzda ylmy ösdürmegiň kesgitlenen esasy ugurlary boýunça ýokary derejeli ylmy işgärleri taýýarlamagy guramak, ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň aspirantlary, doktorantlary we alymlyk derejelerine dalaşgärleri taýýarlamak boýunça durmuşa geçirýän işlerini utgaşdyrmak, olara usuly goldaw bermek, aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de dalaşgärleriň nazary we ýörite taýýarlygyny çuňlaşdyrmak, olaryň ylmy barlaglaryň usullaryny we serişdelerini, ylmy we mugallymçylyk işini alyp barmaklaryna ýardam bermek ýaly işler Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň aspirantura bölüminiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Olar akademiýanyň beýleki bölümleri, ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralary, ministrlikler we pudak edaralary bilen hyzmatdaşlykda, döredijilikli amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda ylmy işgärleri taýýarlamak, esasan, aspiranturalaryň we doktoranturalaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag edaralarynyň köpüsinde ylmyň dürli ugurlary boýunça aspiranturalar we doktoranturalar hereket edýär. Ylmy işgärleri taýýarlamak üçin ýurdumyzda hereket edýän ylmy-barlag edaralary ylmyň ugurlary boýunça ýöriteleşdirilýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň aspirantura bölümi tarapyndan her şenbe güni aspirantlaryň esasy okuwlarynyň daşyndan ylmyň dürli ugurlary boýunça goşmaça okuwlar guralýar. Olar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy derejeli alymlarynyň, professorlaryň umumy sapaklaryna gatnaşýarlar.

— Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda Ylym we tehnologiýalar kafedrasy hereket edýär. Kafedrada aspirantlary we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärleri okatmak boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň beräýseňiz!

— Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda aspirantura kabul edilen aspirantlar we hasaba alnan dalaşgärler 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda tassyklanan «Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakyndaky» Düzgünnama laýyklykda, daşary ýurt dilleri, ylmyň filosofiýasy we taryhy, habarlar-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň esaslary dersleri boýunça kandidatlyk synaglaryny tabşyrmak üçin okadylýar.

Kandidatlyk synaglary aspirantyň we alymlyk derejesine dalaşgäriň hünär we umumy bilimler boýunça bilimleriniň çuňlugyny, özbaşdak ylmy-barlag işlerine taýýarlygyny kesgitlemegi maksat edinýär. Kandidatlyk synaglary ylmyň filosofiýasy we taryhy, daşary ýurt dili, habarlar-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň esaslary, ylmy ugurlar esasynda kesgitlenýän ýörite hünär dersinden tabşyrylýar.

Sanly ulgamy ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, aspirantlaryň we dalaşgärleriň, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmagynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Ylmy işgärleriň bu ugurdaky taýýarlygyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Bulardan başga-da, aspirantlara hem-de alymlyk derejelerine hasaba alnan dalaşgärlere berkidiljek dissertasiýa işleriniň temalarynyň wajyplygyny, döwrebaplygyny, ylmy-amaly ähmiýetini we ylmy täzeçilligini seljermek maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň gatnaşmagynda seljeriş iş topary döredildi.

— Geljekde nähili meýilnamalaryňyz bar?

— Öňümizde dalaşgärleriň giriş synaglaryny geçirip, bäsdeşlik esasynda iň mynasyplaryny kabul etmek, olaryň temalaryny tassyklamaga taýýarlamak we bellige alyş kartalaryny kabul etmek, şeýle-de ylmy ýolbaşçylary berkitmek ýaly birnäçe guramaçylyk işlerimiz bar. Aspirantlara, doktorantlara we dalaşgärlere olaryň hukuklary we borçlary, hereket edýän kadalar we dissertasiýa işlerini taýýarlamagyň tertibi hakynda yzygiderli maslahatlar berilýär.

Bulardan başga-da, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ylym ulgamyny döwrebap ösdürmek, ylmy derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça beýik işlerini, ylmyň gazananlaryny giňden wagyz etmek maksady bilen, «Sanly ylmy durmuşa ornaşdyrmak berkarar Watanymyzyň ösüşleriniň aýdyň kepilidir», «Sanly ykdysadyýet Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym ulgamyny kämilleşdirmegiň berk binýadydyr» atly aspirantlaryň, doktorantlaryň we alymlyk derejelerine dalaşgärleriň ylmy-amaly maslahatlaryny guramak göz önünde tutulýar.

Şeýle-de, ýylyň dowamynda ýokary okuw mekdepleri we ylmy-barlag institutlary bilen bilelikde dissertasiýalaryň taýýarlanyşyny kämilleşdirmek, ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, «Dissertasiýalaryň taýýarlanyşyny kämilleşdirmegiň meseleleri» hem-de «Ylmy işleri ýerine ýetirmegiň döwrebap usullary» atly ylmy-okuw maslahatlary guralar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Alym adyny götermek — ol ýokary derejedir. Alym bolmak we ylmyň netijelerini gazanmak ýurdumyzyň geljegidir. Alym bolmak we ylmyň netijelerini, hakykatdan-da, amaly tarapdan durmuşa geçirmek — ol Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dine bedew bady bilen öňe gitmegidir» diýen sözlerine tüýs ýürekden buýsanýan, döwlet tarapyndan ylmy ösdürmäge berilýän mümkinçiliklere mynasyp jogap berýän ylmy işgärleri taýýarlamak baş maksadymyzdyr.

Ýokary derejeli ylmy işgärleri taýýarlamaga, ýaşlary ylma höweslendirmäge aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!

— Sag bolun, ylym dünýäsinde üstünlikler hemraňyz bolsun!

Söhbetdeş bolan Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2020, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy