Habarlar

BITARAPLYK ÝOLY — YKDYSADY ROWAÇLYGYŇ BINÝADY

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2020-02-07

«Türkmenistan» gazeti

2020-02-05

BITARAPLYK ÝOLY — YKDYSADY ROWAÇLYGY#327; BINÝADY

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna şu ýyl çärýek asyr dolýar. Şonuň üçin ýurdumyzda 2020-nji ýyl «Türkmenistan — Bitaraplysyň mekany» diýlip yglan edildi. Şeýle hem «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllysy mynasybetli halkara maslahaty dabaralary we çareleri seçirmek hakynda» ýörite Karar kabul edildi. Şoňa laýyklykda, mähriban Diýarymyzyň ähli künjeklerinde degişli işleriň geçirilmesine sirişildi. Oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini, ony durmuşa seçirmekde Arkadag Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalaryny wasyz etmek bilen bir hatarda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça bellenen maksatnamalaýyn çareleri amala aşyrmak boýunça-da syzsalaňly işler alnyp barylýar.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça belent maksatnamalaýyn işleri amala aşyrmak göz önünde tutulýar. Muňa «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda taryha giren 2019-njy ýylda gazanylan üstünlikler binýat döretdi. Senagatyň köp pudaklarynda ýokary ösüş depginleri gazanyldy. Oba hojalygyda ösüşlere eýe boldy, bugdaýdan uly hasyl alyndy, pagta taýýarlamak boýunça meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Maýa goýumlaryň uly möçberi özleşdirilip, täze-täze desgalar, ýaşaýyş jaýlary bina edildi. Sonda maýa goýumlaryň ýarysyndan köprägi önümçilik maksatly esasy serişdeleri döretmäge gönükdirildi. Hyzmatlar ýaýrawy, hususan-da, ulag, aragatnaşyk, söwda, ilata tölegli hyzmatlaryň edilişi ilerleýjilik bilen ösdi. Milli ykdysadyýetiň ösmeginde onun döwlete dahylsyz böleginiň orny barha ýokarlanýar.

Bu gazanylan sepgitlerden ugur almak bilen, ýurdumyzy 2020-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň anyk wezipeleri kesgitlendi. Olar 2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda beýanyny tapdy.

Türkmenistany 2020-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» şu ýyl üçin bellenen sepgitlerden hem-de milli Liderimiziň degişli tabşyryklaryndan gelip çykýar. Şonda ykdysady ösüşiň ýokary depginini üpjün etmek, uglewodorod serişdelerini ýangyç görnüşinde daşary ýurtlara çykarmak mümkinçiliklerini artdyrmak bilen bir hatarda, olaryň gaýtadan işlenişini ýokarlandyrmak, mineral çig mallary hem-de oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýji we taýýar önümleri öndüriji täze kärhanalary döretmek, döwletiň maýa goýum syýasatyny önümçiligiň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna we onun düzüminiň kämilleşdirilmegine gönükdirmek, maýa goýumlaryň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak, täze döredilýän hem-de hereket edýän önümçilikleriň taslamalaýyn özüni ödeýiş möhletleriniň berjaý edilmegini gazanmak, zahmet öndürijiliginiň we oňa hak tölenişiniň ösüş dep-ginleriniň kadaly baglanyşygyny üpjün etmek, sebitleriň öndüriji güýçleriniň toplumlaýyn ösüşini gazanmak, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlarynyň yzygiderli amala aşyrylmagyny üpjün etmek ýaly ugurlara aýratyn ähmiýet berilýär.

Ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzüminiň kämilleşdirilmegi barada aýdylanda, ösen ykdysadyýete jemi içerki önümiň düzüminde senagatyň we hyzmatlar ýaýrawynyň tutýan bölekleriniň artmagy kanunalaýyk bolup durýar. Munuň özi oba hojalygynyň we beýleki pudaklaryň hem mukdar taýdan ösýän mahalynda bolup geçýär. Senagatyň depginli ösüşi innowasion tehnologiýalara we milli ykdysadyýetiň maýa goýum kuwwatyna daýanmak bilen amala aşyrylýar. Hyzmatlaryň agdyklaýyn ösmegi önümçilik ýaýrawynda hem, durmuş ýaýrawynda hem kamil bazar infrastrukturasynyň kemala gelmegini alamatlandyrmak bilen, jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösüşine oňaýly şert döredýär. Bu ugurlaryň ähliside jemi içerki önümiň artmagyna, ilatyň girdejileriniň ýokarlanmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine itergi bermek bilen, ykdysady we durmuş ösüşiniň çaltlanmagyna, adamyň bilim maýasynyň ösmegine ýardam edýär.

Hil özgertmeleriniň amala aşyrylmagy dine bir ykdysadyýetiň umumy düzüminde we senagat pudaklarynda däl, eýsem, oba hojalygynda hem göz önünde tutulýar. Meselem, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek mümkinçiligini berjaý etmek bilen, bugdaýyň hasyllylygyny ýokarlandyryp, onun ekin meý-danlarynyň bir bölegini pagtaçylyga geçirmek boýunça çareler görülýär. Şeýlelikde, 2020-nji ýylda gowaçanyň ekin meýdanynyň giňeldilmegi we pagta öndürilişiniň möçberiniň artdyrylmagy göz önünde tutulýar.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ylym ulgamynda hem möhüm meýilnamalaýyn işler amala aşyrylyp başlandy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçiren maslahatynda beren tabşyryklary boýunça işler ýerine ýetirilýär. Şunda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşini çaltlandyrmaga ýardam etmek üçin ylmy barlaglary ykdysadyýetiň dürli pudaklary we telekeçilik ýaýrawy bilen baglanyşdyrmaga, olary bazar sertlerinde alyp barmaga üns berilýär. Organiki we organiki däl maddalary, minerallary, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegiň usullarynyň öwrenilmegi, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň işlenip taýýarlanmagy, oba hojalyk dökünleriniň täze gömüşlerinin döredilmegi, oba hojalyk ekinlerinin we mallaryň seçgi-tohumçylyk işinin alnyp barylmagy, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ekologiýa ýagdaýynyň öwrenilmegi boýunça belli degişli işler ýerine ýetirildi. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ylym babatda alnyp barylýan işleri has-da netijeli utgaşdyrmak ugrunda tagallalar edilýär. Hususan-da, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ýokary okuw mekdeplerinde ykdysadyýet boýunça ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işlerinin utgaşdyrylyşynyň guralyşyny kämilleşdirmek boýunça tapgyrlaýyn işler geçirildi. Bu işler 2020-nji ýylda hem dowam etd iriler.

Ýurdumyzyň ylym ulgamynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramyna taýýarlyk bilen baglanyşykly önde durýan wezipeler kesgitlendi. Şanly sene mynasybetli halkara maslahaty, dabaralary we çareleri geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan 2020-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabat şäherinde «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly ylmy maslahatyň geçirilmegi göz önünde tutulýar. Bu halkara maslahatda ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlarynyň dabaralanmagy, Bitaraplygyň ilkinji çärýek asyrynyň dowamynda halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanylan üstünlikler barada ylmy çykyşlar ediler.

Ýurduň uzak we orta döwürlik maksatnamalar esasynda durnukly ösmegi dine berkarar döwlet, kuwwatly ykdysadyýet we il agzybirligi bolan mahalynda mümkindir. Ýurdumyzda şol sertler hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatlary netijesinde jem bolýar. Bu belent işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, durnuklylygyň, ösüşleriň we durmuş abadançylygynyň hatyrasyna edýän tagallalarynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny arzuw edýäris.

Araznury ATAÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
ykdysady ylymlar bölüminiň müdiri,
ykdysady ylymlaryň doktory.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2020, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy