Habarlar

Galyndydan täze önüm

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2020-02-02

«Türkmenistan» gazeti,
2020-02-01

Galyndydan täze önüm

Hormatly Prezidentimiziň amaly barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary şaly şulhasyny gaýtadan işlemek we senagat, oba hojalyk toplumlarynda ulanmak boýunça ylmy-barlaglaryň üstünde işleýärler. Institutyň alymlary şaly şulhasyny termal gaýtadan işlemegiň kadaly görkezijilerini kesgitleýärler, netijede, şaly şulhasy kömürleşdirilýär we işjeňleşdirilýär. Şu maksat bilen, alymlar ýörite peçlerde şaly şulhasyndan öýjükli işjeňleşdirilen seriş-däni almak boýunça synaglary geçirýärler. Şonuň netijesinde alnan çig mal bolsa tebigy gazy dürli garyndylardan arassalamak üçin sorujy hökmünde ulanylýar. Synaglaryň barşynda şeýle sorujynyň arassalaýyş ukybynyň kömürleşdirmegiň temperaturasyna hem-de işjeňleşdirmegiň usulyna baglylygy kesgitlendi. Barlaglarymyzyň indiki tapgyry täze önümi senagat taýdan synagdan geçirmekdir. Munuň özi işjeňleşdirilen şaly şulhasyny sorbent hökmünde ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ençeme pudaklarynda ulanmagyň netijeliligini we düşewüntliligini anyklamaga ýardam berer.

Şalynyň her tonnasyndan 200 kilograma golaý sulha çykýar. Dünýä-de her ýyl şaly şulhasynyň 600 million tonnasynyň emele gelýändigini nazara alsan, bu meseläniň, gürrüňsiz, ählumumy hasiýete eýedigine göz ýetirmek mümkin.

Şaly şulhasynyň aglaba bölegi ýakylýar ýa-da gömülýär. Munuň özi bolsa uly maliýe serişdeleriniň çekilmegini we zahmet çykdajylaryny, şeýle hem uly meýdanlaryň bolmagyny talap edýär. Şonuň üçin hem şaly harpygyny gaýtadan peýdalanmak derwaýys mesele bolup durýar. Şeýlelik bilen, gaýtadan işlenen şaly harpygy tebigata ýetirilýän zyýana derek adama uly peýda getirip biler. Belläp geçişimiz ýaly, ony halk hojalygynyň ençeme pudaklarynda zerur bolan önümlere, şol sanda soruja öwrüp bolýar.

Häzirki wagtda tebigy gazy arassalamak üçin ýangyç-energetika toplumynda ulanylýan sorujylaryň biri işjeňleşdirilen kömürdir. Onuň ýurdumyza importy hem barha artýar. Agzalan ylmy-barlaglaryň netijesinde, geljekde onuň belli bir bölegini özümizde öndürilýän önüm bilen çalşyp bolar. Munuň özi «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde möhüm ähmiýete eýedir.

Şaly şulhasynyň düzümi, esasan, sellýulozadan, ligninden, şeýle hem mineral külünden ybaratdyr. Onuň 92—97 göterimini bolsa kremniniň dioksidi düzýär. Şoňa görä-de, gaýtadan işlenen sulha kremniniň dürli birleşmelerini almak üçin örän gymmatly çig mal bolup, senagat toplumlarynda ulanylyp bilner.

Şaly şulhasyny gaýtadan işlemegiň netijesinde kremniý uglerod serişdeleri, kremniniň dioksidi, kremniniň hloridi, kremniniň karbidi, kremniniň nitridi ýaly dürli görnüşli önümleri alyp bolýar. Olar awtomobil tekerleri üçin dolduryjy, suwy himiki (nebit, ýag) hapalardan arassalamak üçin sorujy hökmünde ulanylýar, şeýle hem renkleri, laklary, çalgy serişdelerini öndürmekde, kagyz, emeli gön, kauçuk, metal-keramika önümleri we beýleki serişdeleri taýýarlamakda peýdalanýar.

Ýokary temperaturada we ýokary basyşyň astynda işlenen şaly şulhasy «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töweregindäki topragyň şoruny aýyrmak meselesini çözmekde aýratyn gyzyklanma döredýär. Çünki, şeýle görnüşli sulha çyglylygy özüne çekmek ukybyna eýedir. Şonuň netijesinde toprakda duzuň toplanmagynyň öňi alynýar. Bulardan başga-da, gaýtadan işlenen sulha oba hojalygynda dökün, metallurgiýada ýylylygy saklaýan serişde, ýangyç senagatynda ýangyç serişdesi hökmünde ulanylyp bilner. Aslynda, şaly galyndysyny gaýtadan işläp, başga-da köp serişdeleri öndürip bolýar.

Enejan KEPBANOWA,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň esasy inzeneri.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2020, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy