![]() |
![]() | ![]() Ylym jemgyýetiň hereketlendiriji güýji |
|
||||||
| ![]() |
![]() |
![]()
|
![]() |
![]() 2019-08-03 «Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti Ylym jemgyýetiň hereketlendiriji güýji01.08.2019 Milli Liderimiziň düýpli we amaly ylmy ösdürmek, onuň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirýän täzeçillikli syýasaty netijesinde möhüm ylmy-tehnologik işläp taýýarlamalaryň hil taýdan täze ugurlaryny döretmek boýunça üstünlikli işler alnyp barylýar, adam maýasyny kemala getirmek, zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar ulgamyna çekmek üçin zerur işler durmuşa geçirilýär. Alymlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2019 Häzirki döwürde özleriniň halypalary bilen bir hatarda, ýaş alymlar hem ylmy-barlag, taslama işlerini geçirýärler. Şol işleriň esasy ugurlary bolsa nanoserişdeler, himiýa, biologik we maglumat tehnologiýalary, mehatronika Düýpli, amaly, nazaryýet işläp taýýarlamalar Türkmenistanyň halkara ylmy giňişligindäki abraýynyň barha artmagyna ýardam edýär. Halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin giň gözýetimli, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak üstünlikli we netijeli durmuşa geçirilýän ylmy-tehniki syýasatyň esasy maksadydyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, aspiranturalarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlaryň merkezi tarapyndan ýaş nesli ylym we döredijilik bilen meşgullanmaga höweslendirmek boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň Aspirantlar, doktorantlar, ýaş alymlar we hünärmenler üçin okuw maslahatlary geçirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdyrmak, gözýetimini giňeltmek, hünär derejesini kämilleşdirmek, innowasion tehnologiýalary özleşdirmek maksady bilen, olar üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezlerinde hünärmenleriň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuwlar geçirilýär. Ýurdumyzyň alymlary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesinden, ylym ulgamyndaky döredijilikli işinden, energetika, ulag-üstaşyr, suw ulgamlaryndaky oňyn başlangyçlaryndan ruhlanyp, ylmy-barlag institutlarynda netijeli zähmet çekýärler. Şolaryň maddy-enjamlaýyn binýady dünýä derejesine doly laýyk gelýär. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ylmy kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagyny tutuş dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we ösüşiň bähbidine gönükdirýär. Şu ulgamda abraýly guramalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlyk halkara we döwletara ylalaşyklaryň, bilelikdäki ylmy taslamalaryň esasynda pugtalandyrylýar. Şu ýylyň Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahatda eden maksatnamalaýyn çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistanda Garaşsyz döwletimiziň okgunly ösüşini üpjün etmäge, dünýäniň syýasy, ykdysady we medeni giňişliginde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki
döwrüň talaplaryna laýyklykda, ylym ulgamynyň düzümi, dolandyrylyşy «Dünýäniň
ösen döwletlerinde bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hem ylym
we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny Döwlet
Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şol maslahatyň barşynda gol çeken
Kararlary hem şuňa gönükdirilendir. Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýalaryň
ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylmaly meýilnamalaýyn ylmy-barlag
işleriniň maksatnamalarynda we meýilnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleriň
ýerine ýetirilişine gözegçiligi Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary
boýunça alnyp barylýan ylmy barlaglaryň döwrüň talaplaryna laýyklykda ösüşini
gazanmak, ylmy maslahatlaryň, ylmy saparlaryň, ylmy oýlap tapyşlaryň Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Watanymyzyň ylmy kuwwatyny
Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine önümçilige ylmy-tejribe işläp taýýarlamalary ornaşdyrýan edaralar, kärhanalar we guramalar üçin degişli ýeňillikleri göz öňünde tutýan ykdysady höweslendiriş çärelerini işläp taýýarlamak tabşyryldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, organiki we organiki däl maddalary, minerallary, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegiň usullaryny düýpli öwrenmäge, ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň esasynda gurluşyk, senagat, dokmaçylyk we durmuş maksatly täze materiallary döretmäge, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamaga aýratyn üns berilmelidir. Ylym
ulgamynda hukuk, ykdysady we guramaçylyk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän
özgertmeleriň çäklerinde, ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň Düýpli
ylymlary ösdürmek, alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ýaşlary ylmy işe
çekmek ýaly möhüm wezipeler «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakyndaky»
Türkmenistanyň Kanunynda öz beýanyny tapdy. Aşgabat şäherinde Tehnologiýalar
merkeziniň gurulmagy senagat-innowasiýa Oba
hojalygynyň, lukmançylyk ulgamynyň, derman we azyk senagatynyň, molekulýar
biologiýanyň, genetikanyň, bioinženerçiligiň, biolukmançylygyň ösdürilmegi hem
ykdysadyýet üçin örän wajypdyr. Şunuň
bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösümlik we
haýwanat dünýäsiniň genetiki gaznasyny döretmegiň, şol sanda bu işi «Altyn
asyr» Türkmen kölüniň sebitinde alyp barmagyň Maglumat-kommunikasiýa
tehnologiýalary ýurdumyzyň ylmynyň täze ugruna degişlidir. Mälim bolşy ýaly,
ýurdumyzda ykdysadyýeti, durmuş Şeýlelikde,
türkmen alymlarynyň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi. Esasysy
bolsa, olaryň ylmy taslamalary anyk netijeler getirmelidir. Şu
nukdaýnazardan, teklipleri Şondan
öňräk ylmyň, bilimiň Türkmen akademiki ylmy birnäçe wajyp barlaglary we işläp taýýarlamalary amala aşyrdy. Şolaryň hatarynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň zeýkeş suw ulgamlarynyň gidrohimiki barlaglary bar. Şolaryň esasynda suwarymly ýerlerde ekerançylygy, maldarçylygy we balykçylygy ösdürmek üçin uly ähmiýete eýe bolan ekologiýa kartalary düzüldi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maý aýynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda bu ýerde täze nusgadaky durmuş-önümçilik toplumynyň düýbi tutuldy. Garagumda
gurlan täsin gidrotehniki desga hakyky innowasion taslamadyr. Ol Merkezi
Aziýanyň we goňşy sebitleriň suw serişdelerini aýawly saklamak Türkmenistanda
innowasion işi ösdürmek maksatnamasyna laýyklykda, Hazar deňziniň daşky
gurşawyny Ylymlar
akademiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň
Ylymlar akademiýasynyň alymlary Garabogazyň mineral baýlyklaryny toplumlaýyn
özleşdirmegiň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp taýýarladylar.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça ýerine ýetirilen taslamada
«Garabogazsulfat» önümçilik birleşiginiň binýadynda täze kärhanalaryň üçüsini
suwsuz natriý sulfatyny, magniý sulfatyny (epsomiti) Ýurdumyzyň
alymlarynyň «intellektual önümleriniň» barlaglarynyň, ylmy açyşlarynyň Şeýle hem
şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň
«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň esasynda
döredilen derman serişdelerini we dürli ulgamlarda Türkmenistanyň
taryhyny we medeniýetini öwrenmek, şol sanda dil öwreniş, etnografiýa,
arheologiýa, halkymyzyň baý ruhy mirasyny Soňky
ýyllarda türkmen alymlarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklarynyň
çägi Ýurdumyzyň işewürleri hem milli Liderimiz tarapyndan döredilen amatly şertlerden netijeli peýdalanýarlar. Häzirki wagtda işewürlerimiz önümçiligiň we marketingiň ösen tehnologiýalaryny giňden özleşdirmek bilen, halkara derejesine çykýarlar. Türkmen önüm öndürijileri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe gitmek üçin öz öndürýän önümlerimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň, munuň üçin bolsa işewürlige innowasiýalary ornaşdyrmagyň zerur bolup durýandygy barada aýdan sözlerini hereket etmek üçin gollanma hökmünde kabul edýärler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi geljegi uly ylmy pikirleri durmuşa geçirmek üçin badalga meýdançasyna öwrüldi. Şol ýerde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen göni gatnaşyklar ýola goýuldy. Şu ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde ýurdumyzdaky ilkinji hususy mikrobiologiýa barlaghanasy açyldy. Onda azyk önümleriniň howpsuzlygyny we halkara ölçegleri boýunça ygtyýarlylandyrylmagyny üpjün etmek üçin şolaryň garaşsyz barlaglary geçirilýär. Barlaghana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlangyjy boýunça USAID-niň Merkezi Aziýada bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we iş orunlaryny döretmek baradaky taslamasynyň goldaw bermeginde «Hil Standart» jemgyýetçilik hojalygy tarapyndan döredildi. Bu taslama köp görkezijiler babatda örän ähmiýetlidir. Ol döwletimiz we jemgyýetimiz üçin peýdaly hususy başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirmegiň, telekeçiligiň standartlaşdyrmagyň we ygtyýarlylandyrmagyň milli ulgamyny ösdürmek, olaryň ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary döwletlere iberilýän mukdaryny artdyrmak boýunça wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşmagynyň, goşmaça maýa serişdelerini çekmegiň, häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ulanmagyň aýdyň mysaly bolup biler. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmy
işläp taýýarlamalaryň üstünlikli ornaşdyrylmagy, ýurdumyzyň ylmy kuwwatynyň
Bularyň ählisi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady
we innowasion-tehnologiýalar babatda dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň
birine öwrülýändiginiň Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH) / |
![]() |
![]() |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy |