Habarlar

OSUŞ-OZGERIŞLERIN BINÝADY

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2019-06-12

Türkmenistan gazeti,
2019-06-12

OSUŞ-OZGERIŞLERIN BINÝADY

Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermegl bilen 2014-nji ýylyň 12-nji iýunynda açylan, köpugurly ylmy barlaglary alyp barmaga, nano, bio, maglumat tehnologiýalarynyň we himiki ylmy barlag laryň esasynda bäsleşlge ukyply maddy we energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuztehnologiýalary, innowasiýalary Işläp taýýarlamaga, önümçiligeornaşdyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ylmýesasda ösüşini goldamaga gönükdirilen Tehnologiýalar merkezinin döredilenine şu ýyl 5 ýyl bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň gerimli özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzyň ylma we ýokary tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýeti dumukly ösýär. Türkmenistanda innowasion senagat, jemgyýetiň gülläp ösüşiniň binýady bolan bäsdeşlige ukyply innowasion ykdysadyýet kemala gelýär. Häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen täze edara-kärhanalar emele gelýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi sebitde ýeke-täk köpugurly ylmy barlag we ylmy-tehnologik edaradyr. Tehnologiýalar merkeziniň ylmy işgälleriniň esasy bölegi 35 ýaşa çenli ýaşlardyr.

Tehnologiýalar merkezi ýurdumyzyň ylmy barlag edaralary, ýokary okuw mekdepleri, senagat kärhanalary we işewürler merkezi bilen hyzmatdaşlyk esasynda ylmy ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamaga we halk hojalygynyň dürii pudaklaryna giňden ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. Ylmy-tehniki, tehnologik we barlag işlerini bilelikde ýerine ýetirmek boýunça hyzmatdaşlyk barada baglaşylan 15 sany şertnama esasynda işler alnyp barylýar.

Tehnologiýalar merkezinde döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde ylmy-bariag işleriniň 20-si alnyp barylýar. Ylmy monografiýalar taýýarlanylýar. Her ýylda Tehnologiýalar merkeziniň işgärteriniň ylmy makalalaryndan ybarat bolan «Ýurdumyzyň ösüşinde innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy işleriň ýygyndysy çap edilýär. Ylmy işgärlerimiz häzirki zaman enjamlarynda işlemegiň usullaryny we täze tehnologiýalary yzygiderli özleşdirip, döwrebap ylmy barlaglary alyp barýarlar.

Derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary barlaghanasynda in vitro usulynda we tebigy sertlerde ösdürilen dermanlyk ösümlikleriň, ýagny hulpanyň, göýüliň, türkmen selmeliginiň, çerbiýäniň fitohimiýa seljermeleri geçirildi. Koreý alymlary bilen bilelikde ýadro-magnit rezonans (NMR) spektroskopiýa enjamynda göýüliň miwesiniň we köküniň gurluş derňewleri geçirilip, 8 sany biologiki işjeň maddanyň tebigaty anyklanyldy, gepatoprotektor we süýji diabetini bejeriji täsirleri üçin daşary ýurtlarda giňden öwrenilýän kapparin A we B alkaloidleriniň ýerli göýüliň düzüminde barlygy anyklanyldy.

Nanotehnologiýa barlaghanasynda lazer ablýasiýa usulynda altyn (Au), titan (Ti) we mis (Cu) metallarynyň nanobölejiklerini almagyň tehnologiýasy boýunça işler alnyp baryldy. Titanyň nanobölejikleriniň aralygyndaky ölçegdedigi kesgitlenildi. Köp katodly magnetron bugartma, ultramelewşe we infragyzyl lazer molekulýar şöhle epitaksiýa tehnologik enjamlary arkaly wakuumda dürli metallaryň, oksidleriň we ýarymgeçiriji materiallaryň ýokary hilli ýuka gatlaklary alyndy. Alnan ýuka gatlaklaryň üstleri atom güýç, skanirleýji elektron we tünel mikroskoplarynda hem raman spektroskopda öwrenilip, olaryň metalorganiki Gün elementlerinde we fotodetektorlarda ulanylmak mümkinçilikleri kesgitlenilýär.

Daşky gurşawy goramagyň tehnologiýalary barlaghanasynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň we onuň şor suw akabalarynyň ýanaşyk ýerleriniň suwunyň, topragynyň himiki görkezijileri, hlorofilleriň konsentrasiýasy, fitoplanktonlaryň görnüş düzümi kesgitlenildi. Kölüň gidrohimiýasynyň fitoplanktonlara täsiri anyklanyldy.

Tehnologiýalar merkezi ýurdumyzyň ylmy barlag edaralary, ýokary okuw mekdepleri, senagat kärhanalary we işewürier merkezi bilen hyzmatdaşlyk esasynda ylmy ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamaga we halk hojalygynyň dürti pudaklaryna giňden ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär.

Biotehnologiýalar barlaghanasynda türkmen arçasynyň pürlerinden hem-de miwesinden efir ýagy alyndy, baldagyndan, adaty ýandakdan kallus gögerdildi we adaty ýandakdan doly bahaly ösümlik alyndy. Gowaçanyň «Ýolöten-7» görnüşiniň tohum çigidiniň daşyna ders oramak işi ýerine ýetirildi. Gowaçanyň tohum çigidini takyk ekişe taýýarlamagyň biologik usulyny önümçilige ornaşdyrmak boýunça işewürlik meýilnamasy we gollanma taýýarlanyldy. Bugdaýyň «Sähraýy», «Juwan», «Ýolöten-3», «Batko», «Ýolöten-1», «Miras» «Döwrebap», «Nota» görnüşleriniň we gowaçanyň «149-F», «Serdar», «Jeýhun», «Daşoguz-120», «Daşoguz-144», «Gubadag-3», «S-4727», «Ahal—3» «Ahal—4», «Ýolöten-7» we «Ýolöten-14» görnüşleriniň tohumlaryndan DNK ekstraksiýasy amala aşyryldy. Türkmenistanyň çäklerinde oba hojalyk mallarynyň öýken sowuklama we ýokanç kesellerine garşy täze derman serişdesi işlenilip düzüldi. Edebiýat çeşmeleriniň we patent maglumatlarynyň seljermeleri «Günleý» dermanynyň ozal malim bolan serişdelerden düzümi, ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýandygyny we biostimulýator hasiýetleriniň bardygyny görkezdi.

Energiýany öndürmegiň we tygşytlamagyň tehnologiýalary barlaghanasynda biomassa galyndylaryny gaýtadan işlemek bilen mikro we nano ölçegdäki täze maddy we energiýa taýdan işjeň biogoşundy öndürmegiň tehnologiýasy taýýarlanyldy. Geliobioplato desgasynda zyýansyzlandyrylýan zeý suwuna, maddy we energiýa taýdan işjeň biogoşundyny goşmak bilen, Gün şöhlesiniň täsiri bilen fotosintez prosesini işjeňleşdirip, soňra şorlaşan ýerlerde saprofit bakteriýalary bilen düzümi baýlaşdyrylan suw bilen ýuwuş suwuny geçirmek esasynda suwy aýawly peýdalanmagyň bir bitewi tehnologik ulgamy işlenip düzüldi.

Täze maddalary sintezlemegiň tehnologiýalary barlaghanasynda mikrofiltrasiýa üçin peýdalanylýan keramiki filtrleri bioösüntgiler bilen hapalanmakdan goraýan durnukly organomineral biosid kompoziti alyndy. Alnan biosid kompoziti filtrleriň üstüne örtüldi. Modifisirlenen keramiki filtrier antimikrob hasiýete eýe bolup, suw bilen ýuwlandan soňra hem şol hasiýetlerini özünde saklaýandygy ýüze çykaryldy. Günbatar Türkmenistanyň düzüminde ýoduň ýokary mukdaryny saklaýan Hazar suwly ýatagynyň buraw guýularyndan getirilen suwlaryň fiziki-himiki görkezijileri kesgitlenildi. Suw görnüşleriniň düzümindäki kalsiý, magniý, hlor, karbonat we gidrokarbonat ionlary we gury galyndy, umumy aşgarlylygy kesgitlenildi.

Merkezi barlaghanada ýokary temperatura we mehaniki güýçlere durnukly polioksadiazol polimeriniň 9 görnüşi sintezlenildi. Sintezlenen POD polimerleriniň esasynda ýuka gatlakly plýonkalar we emeli süýümler alyndy. POD polimerleriniň esasynda kompozit materiallary, suw arassalaýjy filtrleri, ýangyç elementleri üçin proton geçiriji membranalary we organiki ýarymgeçiriji materiallary almagyň mümkinçilikleri demeldi.

Geografik maglumat ulgamlary barlaghanasynda 115 sany arheologik ýadygärlikleriň ýerleşýän ýerlerinin geografik koordinatlar anyklanyldy, tematik kartalary wektorlaşdyryldy we döredilen atributiw maglumatlarynyň formalary dolduryldy. Geografik maglumat ulgamlaryny we internet kartografiýasyny ulanmak arkaly, ýadygärlikleriň interaktiw kartasyny taýýarlamagyň usulyýeti işlenip düzüldi. Awtoulag ulgamynyň nawigasion kartografik üpjünçiligini taýýarlamagyň amatly usulyýeti işlenip düzüldi. Türkmenbaşy şäheriniň we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň awtoulag nawigasion kartasy taýýarlanyldy we ykjam enjamlardaky nawigasion ulgama ornaşdyryldy. Nawigasion ulgamyň programma üpjünçiligi we ses görkezmeleri türkmen diline geçirildi. Geografik maglumat ulgamlaryny ulanyp, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň we Hazarýaka sebitiniň ösümlik örtüginiň tematik sanly elektron kartalaryny döretmegiň usulyýeti işlenip düzüldi hem-de ot-iýmlik ösümlikleriň hasiýetleri boýunça ownuk şahly mallara we düýelere ulanmaga ýaramly öri meýdanlary kesgitlemäge, NDVI indeksini ulanyp, ot-iýmlik ösümlikleriň iýmlik mukdaryny, mallaryň sanyny kesgitlemäge mümkinçilik berýän sanly kartalaryň toplumy işlenip düzüldi. Geçen ýylda ylmy barlag işleriniň netijeleri esasynda önümçilige hödürlemek üçin 21 teklip taýýarlanyldy. Olar «Geografiki maglumatlar tehnologiýasyny ulanyp, awtoulag logistikasyny awtomatlaşdyrmak», «Poligeksametilenguanidin gidrohloridiniň we polialýumofosfatyň esasynda organomineral biosid kompozitini sintezlemek», «Polioksadiazol polimerinden alynýan önümleri dürli ugurlarda peýdalanmak», «Aerasion zeýkeşleri işjeňleşdirmek esasynda topragy gurplandyrmak», «Gepatoprotektor täsirli Silimarin flawonolignan kompleksi» ýaly tekliplerdir.

Görşümiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ylym we innowasiýa tehnologiýalary babatynda alnyp barylýan düýpli işler uly üstünliklere beslenýär. Halkymyzy bir başa jemläp, belent maksatlary önde goýup, ösüşiň täze belentliklerine bedew bady bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Muhammedöwez GURBANNYÝAZOW,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň

Tehnologiýalar merkezinin direktory,

tehniki ylymlaryň doktory, professor.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy