Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk boýunça hökümet mejlisini geçirdi

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2019-01-30

«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk boýunça hökümet mejlisini geçirdi

29.01.2019

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk boýunça Ministrler Kabinetiniň käbir agzalary bilen nobatdaky mejlisi geçirdi. Onda bazar gatnaşyklarynyň kemala gelýän şertlerinde döwletimiziň ykdysady we durmuş syýasaty bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, pudaklary ösdürmegiň maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň barşyna seredildi, ministrlikleriň we edaralaryň düzümlerini üýtgetmek hakynda möhüm çözgütler kabul edildi.

***

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şol ulgamlarda milli Liderimiziň öňde goýan strategik wezipelerini çözmegiň esasy ugurlary kesgitlener.

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň bazar gatnaşyklaryna geçmegini hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagyny nazara almak bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysadyýetiň innowasion ösüşinde akademiki ylmyň ornuny has-da güýçlendirmek boýunça beren görkezmeleri bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Bu babatda ylmyň, ýokary okuw mekdepleriň we önümçiligiň özara gatnaşyklaryna aýratyn üns berilýär. Bu gatnaşyklar ylmy işleri talap edýän tehnologiýalary peýdalanmaga, okuw işini guramagyň täze görnüşleriniň ornaşdyrylmagyna, ylmy-barlaglara ýaşlaryň çekilmegine, halk hojalyk we täjirçilik netijelerini almak üçin akademiki we bilim mümkinçilikleriniň birleşdirilmegine gönükdirilendir.

Munuň özi ylmy edaralaryň bazar şertlerine uýgunlaşdyrylmagy zähmet, maliýe, maddy serişdeleri has netijeli peýdalanmaga, barlag, taslama, inženerçilik-tehnologiýa işlerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge mümkinçilik berer. Milli Liderimiziň garamagyna bilim işinde we önümçiliginde ylmy işleriň goşandyny artdyrmaga gönükdirilen degişli teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim, saglygy goraýyş we ylym ulgamlarynda geçirilýän özgertmeleri çaltlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda zerur maddy-enjamlaýyn üpjünçilik döredilip, ol her ýyl täze-täze lukmançylyk merkezleri, institutlary, mekdepleri we sport desgalary bilen berkidilýär diýip, milli Liderimiz ylmy edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, bu ugurda birnäçe düzümleýin özgertmeleri geçirmek barada karara gelendigini aýtdy.

Şu maksat bilen, Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutyny hem-de Milli golýazmalar institutyny goşup, olaryň binýadynda Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyny döretmeli diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutyny hem-de Arheologiýa we etnografiýa institutyny goşup, olaryň binýadynda Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutyny döretmeli.

Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan hem-de ylmy-barlag işlerini geçirmek bilen meşgullanýan Ylymlar akademiýasynyň Maldarçylyk we weterinariýa institutyny S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň garamagyna bermeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň bölünmegi arkaly, onuň binýadynda Umumy we amaly biologiýa institutyny hem-de Derman ösümlikleri institutyny döretmeli. Umumy we amaly biologiýa institutyny Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň garamagyna, Derman ösümlikleri institutyny bolsa Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyna bermeli.

Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy institutyny Döwlet energetika institutynyň garamagyna bermeli, munuň özi elektrik energiýasynyň alternatiw görnüşlerini öndürmek bilen bagly döwrebap ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin maddy-enjamlaýyn şertleri döretmäge ýardam eder diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz beýan edilen özgertmeleri tassyklamak hakynda resminamalara gol çekdi, olar şol bada elektron resminama dolanyşygy ulgamy boýunça wise-premýere ugradyldy.

***

Sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilen mejlisde başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi, olar boýunça degişli tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk boýunça Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, hökümetiň agzalaryna şygary «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» bolan ýylymyzda Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiıasy