Habarlar

Türkmen ylmynyň ägirtleri: Sary Karanowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2019-01-24

«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti

Türkmen ylmynyň ägirtleri: Sary Karanowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna

27.01.2019

Uly adamlaryň: «Ulalaňda kim boljak?» diýen sowalyna jogap beren çagalaryň köpüsi göwün beren kärinde işlemez. Nätjek, durmuş çaga arzuwlaryny başga ýana ugrukdyryp goýberýär. Köplenç biz muňa garşy bolubam duramzok-da, ýürek köňlümizde beslän arzuwymyzy adaty bir zada çalşyp oňaýýas. Onsoňam, durmuşda esasy zat, haýsy kärde işläniňde däl-de, özüňe berlen ömri daş- töweregiňe has haýyrly sarp edişiňe bagly. Arzuwyňa görä ukybyň irde-giçde ýüze çykar. Elbetde, hiçden giç ýagşy, şonda-da näçe ir bolsa, şonça-da gowu-la welin... Dogrusy, çagalaryň arasynda: «köňül beren kärimi edinerin!» diýen erjelleri hem tapylaýýar, şonuň ýaly bolanda, ýasy ýanyňyz ýerde bolsun — ol diýen wysalyna hökman ýetýäbdir! Maksadyna ýetinçä, saýlan ýolundan dänmez. Saýlan kärinden başgasyna aň etmez. Belki, olara ömür bilen birlikde «häsiýet» diýlen berk binýat-özenem berilýän borly. Ol ýolundan ne gyşarar, ne-de döner. Sary Karanowiç Karanowyň ykbaly-da muňa mysal bolup biler.

Sary Karanow heniz çaga döwri lukman bolmagy ýüregine düwüpdi. Bu käri oýlanşykly saýlapdy. Ony hut özi saýlapdy, çünki maslahat berere direnip duran dogan-hossaram ýokdy — ol ýetimlikde kemala gelipdi. Ir ýetim galmagy-da ony kişi agyrysyna we hasratyna öte duýgur edipdi. Çünki, özgäniň başyna düşen külpete diňe ejir çeken düşüner. Diňe bir düşünmegem däl, kömege-de geler. Emma onuň egnine ak ýektaý atyp, eline skalpel alynça ýyllar geçer.

Arzuwa ýetmek üçin bilim almaly. Ilki Bäherdendäki çagalar öýi-internatynda okady, gowy ýetişigi üçin Sary Karanowy internatyň iň ökde iki okuwçysynyň hatarynda Moskwanyň etegindäki Serebrýanyý bordaky «Türkmenistanyň halk magaryfy öýi» internatyna iberdiler. Bu ýerde okuwçylar arassaçylyk toparynyň başlygy bolup, mekdep lukmanyna we feldşerine kömek edip, Sary geljekki hünärine tarap ilkinji ädim ädipdi. Geçen asyryň 20-nji ýyllarynyň ahyrynda internatyň jaýy ýanandan soň Sary Karanow Aşgabada, Türkmenistanyň göreldeli mekdep-internatyna geçirildi. Şol ýyllar ol häzirki aýratyn zehinli çagalar mekdep-internaty ýaly mekdepdi. Bu ýerdenem ol Daşkende lukmançylyk ugrundan okuwa gidipdi.

1936-njy ýylda ol Daşkendiň döwlet lukmançylyk institutyny tamamlap barýarka haýsy ugry saýlamalydygyny kesgitläpdi — göz lukmany bolmaly diýen karara gelipdi. Näme üçin? Şunda çagalyk döwründen galan täsirleri aýgytly çözgüde gelmegine sebäp bolupdy, ol obadaşlarynyň batyllyga eltýän elhenç keselden — trahomadan ejir çekýänligini görýärdi. Batyllyk zerarly nalaç galýan adamlara duşmagyň özi ezýet dälmi näme?

Türkmenistanlylaryň ýaş nesli bu nägehan derdiň nämediginem bilýän däldir, bir wagtlar bolsa trahoma türkmen halkynyň asyrlarboýy çeken derdi hasaplanylýardy, ýurt üçin çynlakaý bela bolupdy. Türkmenistanyň käbir etraplarynda we welaýatlarynda ilatyň 90 göterimi bu dertden ejir çekýärdi! Adamlar oňa nälet okaýardylar, ony tebipleriň ulanýan dermanlary bilen bejerjek bolýardylar, ýöne olardanam haýyr ýokdy. Lukmanlar gerekdi. Hut trahoma garşy göreş üçin 1932-nji ýylda Türkmenitanyň trahoma ylmy-barlag instituty döredilipdi, instituty tamamlandan soň Sary Karanow bu ýere ordinator bolup işe gelipdi.

Halypalar babatda onuň bagty getiripdi. Akademik W. P. Filatowyň tanymal ylmy mekdebinde tälim alan, türkmen oftalmologiýasynyň düýbüni tutan professor Konstantin Iwanowiç Sykulenko ýaş lukmanyň ilkinji halypasydy. Onuň ýolbaşçylygynda Sary Karanow oftalmologiýanyň esaslaryny öwrenip başlady. Ilki professora assistenlik etdi, soňra özbaşdak operasiýa edip ugrady. Tejribe toplandan soň Sary Karanowy göz keselleri ekspedisiýasynyň başlygy wezipesine bellediler, ol tutuş ýurda aýlanyp, Türkmenistanyň dürli künjekleriniň ilatyna kömek berýärdi.

1940-njy ýylda Sary Karanowy harby gulluga çagyrdylar. Türkmenistanly lukmany Belorussiýanyň Borisow şäherindäki harby gospitlala bellediler. Şu ýerde gulluk edýärkä hem 1941-nji ýylyň 22-nji ýiunynda Beýik Watançylyk urşy turdy. Ol urşa başyndan ahyryna çenli gatnaşdy. Harby lukman Karanow hereket edýän 53-nji goşunyň düzüminde Rumyniýada, Wengriýada, Çehoslowakiýada bolan söweşlere gatnaşyp, urşy Uzak Gündogarda, million esgerli Kwantun goşunynyň derbi-dagyn edilen ýeri bolan Mançžuriýada tamamlady.

Gyzyl Ýyldyz, II derejeli Watançylyk ordenlerine, «Germaniýadan üstün çykylandygy üçin» we «Ýaponiýadan üstün çykylandygy üçin» medallara mynasyp bolan lukmançylyk gullugynyň maýory Sary Karanow Aşgabada gaýdyp gelenden soň Aşgabat harby gospitalynyň göz keselleri bölüminiň ýolbaşçysy wezipesine bellenilýär. Uruşdan öň heniz trahoma institutynda işlän döwründe keselleri üstünlikli bejermek üçin diňe bir tejribäniň ýeterlik däldigine, eýsem çuňňur bilim gerekdigine düşünipdi. Şonuň üçinem, gullukdan gelen dessine Sary Karanow Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň göz keselleri kafedrasynyň ýanyndaky aspirantura okuwa girdi.

Ýurdumyzda trahoma garşy alnyp barlan ýerlikli tagallalar netijesinde ilatyň arasynda bu kesele duçar bolanlaryň sany azaldy. Ýöne, bela ýaransyz bolanok. Trahoma derek ýene bir howply dert — göze gara suw inme keseli döredi. Dissertasiýa ýazmaga taýýarlanyp ýörkä Sary Karanow esasan oba ýerlerinde 40 müňden gowrak adama gözegçilik geçirdi, şol barlaglaram onuň ylmy işiniň özeni boldy. Dissertasiýasyny beýleki bir halypasy, TDLI-nyň göz keselleri kafedrasynyň müdiri, professor I.A.Wassermanyň ýolbaşçylygynda ýazdy we ony möhletinden öň, bary-ýogy iki ýylda gorady. Sary Karanow Izrail Aleksandrowiçiň soňky şägirdi bolup galdy — ol 1948-nji ýylyň güýzünde Aşgabat ýer titremesinde wepat boldy. Kän wagt geçmänkä oňa halypasynyň wezipesini ynandylar. Şol bir wagtyň özünde ony Türkmenistanyň trahoma ylmy-barlag institutynyň direktory wezipesine bellediler.

Sary Karanow öz ylmy barlaglaryny gara suw inme keselini hirurgiýa arkaly bejermäge gönükdirdi: bu elhenç we zabun keseliň başlan döwrüni gözden salsaň — operasiýa etmeli, gijä galsaň — batyllyga eltýär. Karanowdan öňem köp adam ony operasiýa edýärdi, ýöne kesel az salymlyk togtaýardy. Sary Karanowyň taýýarlan usulynda näsagyň saglygy uzak wagta dikeldilýärdi. Gara suw inme keseliniň döreýşi we bejeriliş usullary onuň «Türkmenistanda gara suw inme keseli» doktorlyk dissertasiýasynda beýan edildi, Sary Karanow ony 1952-nji ýylda Moskwada gorap, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor boldy. Şondan bir ýyl soň 45 ýaşly Sary Karanowiç Karanow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanyldy. Şol ýyl hem trahoma institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasry wezipesine bellenilip, institutyň ylmy ugruna ýolbaşçylyk etdi.

Geçen asyryň 70-80-nji ýyllarynda göz keselleri ylmy-barlag institutyna öwrülen trahoma YBI sözüň doly manysynda iri, Orta Aziýada binýatlaýyn oftalmologiýa merkezi hökmünde şöhrat gazanypdy. Şunda Sary Karanowyň hyzmaty ummasyzdyr. Trahoma ýok edlipdi, gara suw inme keselini bejermekde uly üstünlikler gazanyldy, beýleki öte çylşyrymly operasiýalar geçirilýärdi. Ozalky SSSR-iň beýleki respublikalaryndan hem türkmen oftalmologlarynyň ýokary ussatlgyny eşiden adamlar Aşgabada gelýärdiler.

Men şol döwür instittut barada oçerk taýýarlap ýörkäm, maňa bir wakany gürrüň berdiler. Instituta Uraldan gelen, urşa gatnaşan ýaşuly adam kömek sorap ýüz tutýar. Aw edip ýörkä, tüpeňiň dykysy atylyp, onuň gözüne zeper ýetýär. Urally lukmanlar: " gözüňi halas edip bolmaz«- diýipdirler. Elbetde, ýeke gözlem ýaşasa bolýar, ýöne ol bendäniň beýleki gözi öňem görmeýän eken. Beýik Watançylyk urşy döwri bir gözünden jyda bolan eken. Institutyň lukmanlary, Sary Karanowyň şägirtleri ony barlagdan geçirip, dogrudanam, awda zeper ýeten gözi bejerip bolmaz, ýöne beýlekisini bejerse bolar diýen netijä gelýärler. Olar kyrk ýyla golaý wagt görmedik gözi açypdyrlar.

Sary Karanowiç Karanow «öz göbegini özi kesen» diýilýänlerdendi. Hiç kimden kömege garaşman, diňe erjelligi bilen arzuwyna ýetýär — ajaýyp lukman bolýar. Ol bar zada ýetişýärdi, käte jany ikimikä diýdirýärdi. Alym, mugallym, hirurg, ol ençeme ýyllap ýurdumyzyň oftalmalogiýa gullugyna ýolbaşçylyk etdi. Türkmen lukmanlarynyň arasynda ilkinji bolup ylymlaryň doktory, professor boldy. Ömrüniň agramly bölegini bagyş eden Türkmenistanyň göz keselleri ylmy-barlag institutyna Sary Karanowyň ady dakyldy. Ol Türkmenistanyň oftalmologiaýa ylmy mekdebini döretdi, ylmy işleriň 170-den gowragyny ýazdy, onuň ýolbaşçylygynda kandidatlyk dissertasiýalaryň 25-si we doktorlyk dissertasiýalaryň üçüsi goraldy. Oňa «Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäri» ady dakyldy. Mundan başga-da, ençeme ýylyň dowamynda «Türkmenistanyň göz keselleri ylmy-barlag institutynyň işleri» neşirini redaktirledi, jemgyýetçilik işlerini ýerine ýetirdi, halkara oftalmologiýa gurultaýlaryna, simpoziumlaryna, maslahatlaryna gatnaşdy. Iň esasysy — ol çagalayk wysalyna-adamlara kömek etmek arzuwyna ýetdi. Sary Karanowiç Karanow müňlerçe adamyň görer gözüni dikeltdi, olaryň oňa minnetdarlygy sylaglarda däl-de, eýsem bahasyna ýetip bolmajak: «Lukman! Men ýene jahany görýän!» diýen sözlerinde jemlenýär.

Wladimir ZAREMBO



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiıasy