Habarlar

MALYM BAR — HALYM BAR

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2019-01-19

«Türkmenistan» gazeti,

2019-04-18

MALYM BAR — HALYM BAR

Häzirki zaman maldarçylygynyň öňde-baryjy usullaryny, ösen innowasion tehnologiýalary pudaga ornaşdyrmak bilen, maldarçylygy senagat görnüşinde ösdürmäge ýurdumyzda örän uly ähmiýet berilýär. Mundan dört ýyl öň, has takygy, 2015-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda maldarçylyk we guşçulyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, ilatyň ýokary hilli et-süýt önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, şeýle hem azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny gurmak barada Karara gol çekdi. Geçen gysga döwürde ýurdumyzda bu ugurda guwandyryjy netijeler gazanyldy. Welaýatlarymyzda häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan, dünýäniň ösen tehnologiýalarynda işleýän iri maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynyň, mallar üçin ot-iýmleriň dürli görnüşlerini öndürýän toplumlaryň onlarçasy gurlup, ulanmaga berildi we ýene-de onlarçasynyň bolsa gurluşygy dowam edýär. Üstünlikli işleýän we gurulmagy meýilleşdirilýän maldarçylyk we guşçulyk toplumlary ýurdumyzyň maldarçylyk pudagynyň dünýä ösüşleriniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmakda, maldarçylyk ylmyny önümçilik bilen baglanyşdyrmakda täze bir tapgyra ýol açýar we bu ugurda uly mümkinçilikleriň we amatly şertleriň döredilýändigini aňladýar. Täze usullarda dolandyrylýan önümçilikler bu ugurda ýokary taýýarlykly hünärmenler üçin hem ygtybarly iş orunlarydyr.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, maldarlarymyz üçin birnäçe ýeňillikleriň döredilmegi, ýagny maldarlaryň dürli salgytlardan boşadylmagy, olara döwletimiz tarapyndan ýeňillikli karzlaryň berilmegi, degişli kada-kanunlara laýyklykda öri meýdanlaryny, mallar üçin örüdäki suw çeşmelerini bökdençsiz ulanmaga mümkinçilikleriň döredilmegi hususy eýeçilikde hem mallaryň baş sanynyň artmagyny, bazarlarymyzda, söwda merkezlerimizde maldarçylyk önümleriniň dürli görnüşleriniň bolçulygyny üpjün edýär.

«Weterinariýa işi hakynda», «Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda», «Öri meýdanlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi pudagyň kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmek bilen, ýurdumyzda maldarçylyk pudagynyň has-da ygtybarly ösmegine, bu ugurda işleriň ýokary derejede we talabalaýyk alnyp barylmagyna uly itergi berýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda işleri diňe ylmy esasda alyp barmagy tabşyrýar. Ýurdumyzyň maldarçylyk pudagyna degişli ylmy işleri alyp barmak Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Maldarçylyk we weterinariýa institutynyň esasy wezipesi bolup durýar. Institut köp ýyllaryň dowamynda oba hojalygynyň möhüm pudaklarynyň biri bolan maldarçylygyň ähli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen ylmy-barjag işlerini alyp barýar. Ilaty azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleri çözmegiň ylmy esaslary işlenip düzülýär, maldarçylyk pudagynyň mümkinçilikleri öwrenilip, netijeli tehnologiýalar ulanylýar. Mallaryň tohum hilini gowulandyrmak, önümliligini ýokarlandyrmak, olary ýokanç we ýokanç däl kesellerden goramagyň döwrebap usullaryny işläp düzmek boýunça işler geçirilýär. Olaryň oňyn netijeleri ýurdumyzda dowarlaryň, düýeleriň we gara mallaryň nesil goruny saklamaga, kämilleşdirmäge, önümliligini has-da artdyrmaga ýardam edýär. Institutda dowarlaryň we düýeleriň aýratyn howply brusellýoz keseline garşy sanjym waksinasy, bu keseli anyklamak üçin diagnostiki serişde bolan reňkli antigen, gara mallaryň brusellýoz keseline garşy sanjym, süýt we süýt önümlerini brusellýoz keseline barlamak üçin täze antigen, mallaryň ektoparazitlerine garşy «bentofos» dermany, gara mallaryň şan keseline garşy «teýlerisid», gurçuk kesellerine garşy «monezid», mallaryň gotur kesellerine garşy dermanlar we çalgy ýaglary döredilip, olaryň aglabasy önümçilige ornaşdyryldy, birnäçelerini bolsa institutda öndürmek ýola goýuldy.

«Altyn asyr» Türkmen koli asyryň iň iri desgalarynyň biri bolup, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň ösmegine, şol sanda maldarçylyk pudagynyň ösmegine öz oňaýly täsirini ýetirýär. Onuň gurulmagy bilen öri meýdanlarynyň suw üpjünçiligi düýpli gowulandy. Ýurdumyzyň tebigy şertlerinde dowarlardyr düýeler öri maly hasaplanylýar, sebäbi olar bütin ýylyň dowamynda öri meýdanlarynda bakylýar. Öri meýdan şertlerinde saklanýan mallardan ýokary önüm almak, olaryň baş sanyny artdyrmak üçin mallaryň ot-iým üpjünçiligi bilen deň derejede olapyň suw üpjünçiligi hem hökmany şertleriň biri bolup durýar. Ýüzýyllyklaryň dowamynda biziň çöl örtülerimiz, esasan, guýularyň kömegi bilen suwlulandyrylyp gelindi. Ýöne öri meýdanlarynyň belli bir böleginde, ylaýta-da, Garagum sährasynyň demirgazyk böleginde ýerasty suwlaryň örän çuň gatlaklarda ýerleşendigi, aşa duzlulygy ýa-da ajydygy sebäpli, doly suwlulandyrylmadyk örüler hem gabat gelýär. Şol meýdanlardan «Altyn asyr» Türkmen kölüne barýan köp sanly akabalaryň geçmegi örüleriň hem suw üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi we oňa barýan köp sanly zeý akabalarynyň kömegi bilen millionlarça gektar öri meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandýrmaga mümkinçilik döreýär. Munuň özi, elbetde, örülen has netijeli ulanmaga hem-de bu sebitde mallaryň baş sanyny mundan beýläk-de köpeltmäge mümkinçilikleriň diýseň uludygyny görkezýär. Kölüň zolagynda çöl örtüleriniň hem hasyllylygynyň ýyl-ýyldan ýokarlanýandygy barada maglumatlar bar. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň we köle barýan akabalaryň zeý suwlaryny peýdalanyp, şora çydamly ot-iýmlik galofit ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça hem alymlarymyz ylmy-barlag işlerini geçirýärler. Şora çydamly ýabany ot-iýmlik ösümlikleriň birnäçe görnüşleri ekilip, tomus aýlary 1-2 gezek zeý suwlary bilen suwarylanda, olardan ýokary hasyl almaga mümkinçiligiň deslapky netijeleriniň bardygyny görkezýär. Netijede, örüleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle-de uzak örülerde gyşladylýan mallar üçin ätiýaçlyk ot gorlaryny hut şol ýerde taýýarlamaga mümkjnçilik döreýär.

Garagum sährasynyň öri meýdänlaryny özleşdirmekde we netijeli peýdalanmakda düýedarçylygyň aýratyn orny bardyr. Düýe maly bütin ýylyň dowamynda çöl örülerinde bakylýar. Düýedarçylyk maldarçylygyň ykdysady taýdan iň amatly pudaklarynyň biridir. Häzirki wagtda institutda ýurdumyzyň Hazarýa-ka örülerinde düýedarçylygy ösdürmek, «Sakarçäge» tohumçylyk hojalygynyň ýokary önümli tohum mallarynyň genetiki mümkinçiliklerini Balkan welaýatynyň düýedarçylyk hojalyklarynda arwana düýeleriniň tohum hilini ýokarlandyrmakda ulanmagyň, şeýle hem «Altyn asyr» Türkmen kölüne ýanaşyk ýerlerde düýedarçylygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ylmy taýdan esaslandyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Institutyň alymlary ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklarynda tohumçylyk-seçgi işini alyp barmak we ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça ýerlerde meýilnamalaýyn işleri dowamly geçirýärler, maldarlarymyza ylmy-usulyýet hem-de tejribe kömegini, maslahatlaryny berýärler, maldarçylygyň dürli ugurlary boýunça gollanmalar taýýarlanylýar, ylmy-önümçilik maslahatlary, duşuşyklar guralýar. Dowardarçylykda möwsümleýin işleriň alnyp barylýan döwründe welaýatlara ýörite iş saparlary guralýar. Guzy almak möwsüminde guzulara zootehniki hil bahasy,berlip, tohumçylyk işinde ulanmak üçin ýokary hilli goç guzular saýlanylýar. Olaryň ösüşi gözegçilikde saklanylyp, tokly seçimi möwsüminde ýaş höwür goçlaryň tohum sürüleri döredilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň 29-njy martynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň maldarçylyk pudagyny döwrebap ösdürmekde genetikany netijeli ulanmak meselesine ylmy taýdan üns bermek we bu ugurda zerur işleri durmuşa geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi. Çünki maldarçylykda adaty usullar bilen geçirilýän seçgi işlerinde netije almak uzak wagt talap edýär. Soňky ýyllarda dünýä tejribesinde genetikanyň, biotehnologiýanyň häzirki zaman usullaryny ulanmak arkaly gysga möhletlerde seçgi işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe mümkinçilikler açyldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynya Maldarçylyk we weterinariýa institutynda hem oba hojalyk mallarynyň seçgi-tohumçylyk işinde genetika ylmyny netijeli ulanmak bilen bu işleri çaltlandyrmagyň, mallaryň täze, ýokary önümli toparlaryny döretmek boýunça geçirilýän seçgi işleriniň möhletini gysgaltmagyň mümkinçilikleri öwrenilýär. Şu işleri döwrebap ýerine ýetirmek üçin institutyň alymlary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň häzirki zaman barlaghana enjamlarynyň hem-de ýaş alymlarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, mallaryň genetikasy boýunça degişli ylmy barlaglary bilelikde geçirmegi we toplumlaýyn alyp barmagy meýilleşdirdiler.

Häzir ýurdumyzyň maldarlary üçin iň bir jogapkärli we gyzgalaňly döwür, ýagny mallary talabalaýyk gyşlatmak, olary gyşdan ýitgisiz alyp çykmak boýunça işleriň geçirilýän döwri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň maldarçylyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek boýunça öňümizde goýan wezipelerinden ugur alnyp, institutymyzda geçirilýän ylmy-barlag işleri maldarçylygyň häzirki döwürde ileri tutulýan ugurlaryna gönükdirildi hem-de ylmy-barlag işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreler görüldi. Agzybir ylmy işgärlerimiz döredip berýän ajaýyp şertleri, ýurdumyzda ylmy ösdürmek boýunça alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarlar. Berkarar Watanymyzyň oba hojalygyny, şol sanda maldarçylyk pudagyny ylmy esasda ösdürmäge uly üns berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Hojageldi HANÇAÝEW,

TYA-nyň Maldarçylyk we weterinariýa institutynyň direktory,
oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiıasy