Habarlar

Jemgyýetçilik ösüşiniň bähbidine ylmyň we işewürligiň hyzmatdaşlygy

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2018-11-30

«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti

Jemgyýetçilik ösüşiniň bähbidine ylmyň we işewürligiň hyzmatdaşlygy

29.11.2018

Ylym tutuş adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr, taryhda ösüşleriň binýadydyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmy we bilimi ösdürmäge uly üns berýär. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň dikeldilmegi milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine itergi beren taryhy waka boldy. Häzirki wagtda bu edara onunjy ýyl üstünlikli işleýär. Şol geçen döwrüň dowamynda möhüm kanunçylyk namalarynyň birnäçesi — hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky», «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işi hakyndaky», «Bilim işgäriniň derejesi hakyndaky» Kararlary we beýlekiler kabul edildi.

Ilatymyzyň strategiki milli bähbitlerini üpjün etmäge gönükdirilen ylmy ösdürmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini gazanmaga gönükdirilen ylmy ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol syýasatyň esasy maksady ýurdumyzy täzeçil ösdürmäge geçmekden ybaratdyr.

Bu maksada ýetmek üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça degişli döwlet düzümleri ylmy we inženerçilik işgärlerini taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek, amaly barlaglary ornaşdyrmak hem-de önümçilige täzeçillik işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylym-bilim toplumyny bazar ykdysadyýetiniň şertlerine uýgunlaşdyrmak hem-de ýurdumyzda ylym we tehniki barlaglary höweslendirýän ykdysady we beýleki çäreleri döretmek ýaly möhüm wezipeleri yzygiderli çözýärler.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Döwlet býujeti tarapyndan maliýeleşdirilýär, ýöne 2012-nji ýylyň 9-njy noýabrynda kabul edilen «Ylmy guramalar hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda akademiki düzümleriň hojalyk hasaplaşygyndaky işinden serişdeleri we milli kanunçylyga laýyklykda beýleki çeşmeleri ulanmak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.

Ynsanperwerlik ulgamynda ylmy barlaglaryň özboluşlylygy ynsanperwer ulgamyndaky alymlara öz işiniň netijelerinden gönüden-göni ykdysady netije almaga mümkinçilik bermeýär. Olaryň işiniň netijelerine pul möçberinde baha bermek mümkin däldir, çünki, gürrüň jemgyýetçilik aň-düşünjesini ösdürmek, adam hakyndaky düýpli bilimleri çuňlaşdyrmak, onuň psihologiýasyny we taryhyny öwrenmek ýaly düşünjeler barada barýar.

Başgaça aýdylanda, ynsanperwerlik ulgamyndaky alymlar bilimleriň her bir ulgamynda durmuş taýdan ösüş, her bir jemgyýetde hereket edýän ruhy gymmatlyklar hem-de ahlak kadalary esasynda bar bolan däpleriň ýörelgelerinde ösüşiň amala aşyrylmagyny üpjün edýän ugurlary döredýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasaty hut şu ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýar. Bu syýasatyň esasy maksady bolsa halkymyzyň umumy abadançylygyny, onuň ahlak gymmatlyklaryny ösdürmekden ybaratdyr.

Ylym örän çylşyrymly we köp gatlakly bilimdir. Ol yzygiderli ösýär. Täze açylýan mümkinçilikler onuň ösüşiniň esasy ugry bolup durýar. Şonuň esasynda döredijilik, ylmy jemgyýetçiligiň utgaşdyrylmagy wajypdyr. Olar döredijilikli pikirleriň, türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň töwereginde jemlenmelidir.

Bütin dünýäde filosofiýa, sosiologiýa, taryh, etnografiýa, arheologiýa we beýleki köp ylymlar döwletiň ýa-da hususy gaznalaryň, ilkinji nobatda, Ýewropanyň we Amerikanyň hususy eýeçiligindäki iri uniwersitetleriň maliýeleşdirmeginde durýarlar.

Ylmyň esasy ýörelgesi täze pikirleri we açyşlary döredýän ýörelgeler bilen baglanyşyklydyr, şoňa görä-de, täze oýlap tapyşlara hem-de açyşlara ymtylmak alymlaryň, şol sanda arheologlaryň işiniň özenini düzýär. Olar ylmy maslahatlarda öz gazananlary barada yzygiderli hasabat berýärler, kitaplary hem-de ýörite žurnallarda makalalary çap edýärler, olaryň gazanýan üstünlikleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilýär.

Ýöne maksatnamalaýyn maliýeleşdirmezden hem-de goldaw berilmezden arheologiýa ylmy hereket edip bilmez. XIX asyrda arheologiýanyň dörän döwründe şeýle bolupdy, şonda Müsürde, Mesopotamiýada, Hindistanda we beýleki döwletlerde meşhur howandarlygyň ýardam bermeginde we olaryň ylmy merkezleri döretmegi netijesinde uly açyşlar edildi.

Türkmenistanyň çäginde ilkinji arheologik ekspedisiýanyň 1904-nji ýylda Änewde öz işine başlandygyny ýatlatmalydyrys.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda Abiwerdiň günbatarynda tutuş obalaryň we şäherleriň bolandygyny belleýär. Abiwerdden Nusaýa gelýän kerwenleriň iň soňky düşelgesi Änew bolupdyr.

Änewe ilkinji arheologik ekspedisiýa professor Rafael Pampelli ýolbaşçylyk etdi. Amerikanyň Karnegi instituty tarapyndan guralan şu ekspedisiýanyň netijesinde «Änew medeniýeti» diýen düşünje dünýä ylmyna girdi. Ylmy barlaglary goldamak bilen meşgullanýan bu täjirçilik däl gurama uly işewür, iri polat senagaty bilen meşgullanýan, multimillioner Endrýu Karnegi tarapyndan 116 ýyl mundane ozal döredildi we häzirki döwre çenli üstünlikli hereket edýär.

Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllary döwründe ýurdumyzda Wenesiýada Ylmy-barlag merkezini esaslandyran italiýaly işewür Jankarlo Ligabue hem-de amerikaly maýadar we birnäçe hususy gaznalary maliýeleşdiren Leon Lewi tarapyndan hemaýat berlen arheologik ekspedisiýalar işleýärdi. On ýylyň dowamynda gadymy Merwde Şweýsariýanyň «Roleks» kompaniýasy tarapyndan goldanylan, professor Jorjina Herrmannyň ýolbaşçylygyndaky türkmen-britan ekspedisiýasy işledi.

Geçen ýyl türkmen ylmynyň goldamagynda, hususan-da, ýurdumyzyň arheologlarynyň ýardam bermeginde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi işe girişdi. Hut Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi türkmen işewürliginiň köptaraply işiniň täze ugruna badalga beren bilelikdäki ylmy-barlag taslamasyny durmuşa geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu täsin taslamany amala aşyrmaga resmi taýdan rugsat almak bilen, bellenilen zerur işleri ýerine ýetirmek wezipesini öz üstüne aldy. Onuň maliýeleşdirmeginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň hünärmenleri Ahal we Horezm jülgeleriniň arasyndaky iň gyzykly we az öwrenilen ýadygärlikleriniň biri bolan Şähryslamyň gazuw-agtaryş işlerine girişdiler.

Birmahallar Täk-Ýazyr adyna eýe bolan, häzirki wagtda bolsa Garagumda ýitip giden orta asyr söwda şäheri barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda ýazýar.

Awtor bir inedördül kilometre golaý meýdany eýeleýän iki galasy hem-de Şährislamy bolan bu möhüm söwda merkeziniň uly ähmiýete eýe bolandygyny belleýär. Täk-Ýazyr ilkinji gezek XI asyrda Mahmud Kaşgarynyň eserinde ýatlanylýar. Geçmişiň meşhur geografy Muhammed ibn-Najib Bekran türkmen horezm şasy Tekeş üçin ýazan «Jahannama» kitabynda ýatlaýar.

Ýazuw çeşmelerinde XIII asyrda ýazyrlaryň uly çäklere eýe bolandygy baradaky maglumatlar duş gelýär. Bu şäher mongollaryň çozuşy, hususan-da, Raşid-ad—din (XIV asyr) Tuliniň — Çingizhanyň oglunyň goşunlarynyň Merw boýun egdirilenden soň, Nusaýa hem-de Ýazyra ýöriş edendigini belleýär.

Bäherdeniň demirgazygynda 20 kilometrlik uzaklykda ýerleşen ýadygärliklere umumy häsiýetnama bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow arheologik barlaglaryň netijeleriniň geçmişde bu şäheriň Beýik Ýüpek ýolunyň şu böleginde iri söwda-senetçilik merkezleriniň biri bolandygyna hem-de onuň töwerekleriniň ilatynyň, ilkinji nobatda bolsa, çarwadarlaryň durmuşynda möhüm orun eýeländigine şaýatlyk edýändigini belledi.

XX asyrda Şährislamy arheologik taýdan öwrenmek meselesi bilen türkmen arheologiýasynyň düýbüni tutanlar Aleksandr Maruşenko hem-de akademik Boris Litwinskiý meşgullandy. Hut Şähryslam maglumatlary özleriniň ylmy ýolunyň başlangyjynda dalaşgärlik işlerini goramaga mümkinçilik berdi. Ýöne olaryň döwründe köp sanly hünärmenleri we ýer gazyjy işgärleri çekmek arkaly giň möçberli ýer işlerini guramak üçin mümkinçilik bolmandy, şoňa görä-de olara köp işleri etmek başartmady.

Şol döwürden bäri onýyllyklar geçdi we häzirki döwürde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylmyň täze sepgitleri açyldy. Şährislamda gazuw-agtaryş işlerini gaýtadan dikeltmek üçin özlerinden öňküleriň iň gowy däplerini dowam etdirýän tejribeli türkmen arheologlaryndan täze ekspedisiýa guraldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ekspedisiýanyň ýaşaýyş-durmuşyny ýola goýmaga, ulag taýdan üpjünçilige we elbetde, Bäherden etrabyndan işçiler bilen üpjün etmäge ýardam etdi. Munuň özi oba ýaşlarynyň bir böleginiň iş bilen üpjünçilik meselesiniň çözülmegine kömek etdi.

Ýerli ýaşaýjylaryň, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň arheologiýa ekspedisiýasynda işlemeginiň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Arheologlaryň işine syn edip, ýaş ýigitler hem-de gyzlar mähriban ülkämiziň taryhy bilen tanşyp, türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak taryhy mirasyna eýe bolandygyna hem-de milli mirasy aýawly saklamagyň we öwrenmegiň wajypdygyna has gowy düşünip başlaýarlar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Şährislamyň kuwwatly diwarlary, kerwensaraýlary, gadymy suw geçiriji ulgamy türkmenleriň ata-babalary tarapyndan mundan müň ýyla golaý ozal guruldy. Olaryň bu ugurda ýörite tejribesi hem-de bilimi bolmandyr. Alymlara diňe bir Şährislamyň däl, eýsem, tutuş Türkmenistanyň taryhyndaky wajyp wakalary dikeltmek zerur bolup durýar. Geçmişde Türkmenistany «müň şäherleriň ýurdy» diýip atlandyrypdyrlar.

Şoňa görä-de, şu ýylyň güýzünde Arheologiýa we etnografiýa instituty Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hemmetaraplaýyn goldamagynda ähli babatda täsin şäheriň gazuw-agtaryş işlerini dowam edýär. Gazuw-agtaryş işleriniň çägi giňelýär, arheologlar geçmişiň käbir syrlaryny açmaga hem-de öwrenmäge kömek edýän has gadymy we gymmatly tapyndylary ýüze çykarýarlar.

Tapyndylaryň arasynda bürünç, kümüş we elektrik (altynyň hem-de kümüşiň ergini) teňňeler, Hytaýyň farfor önümleriniň nusgalary, bilezikler we monjuklar, şeýle hem pars senetkärleri tarapyndan taýýarlanan ýörite bezegleri tapawutlanýar. Bularyň ählisi Şährislamyň goňşy döwletler bilen ysnyşykly söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň bolandygyna hem-de söwda-pul gatnaşyklarynyň ýokary derejede ösendigine şaýatlyk edýär.

Ekspedisiýanyň ýolbaşçysy A.Berdiýewiň žurnalistlere habar berşi ýaly, türkmen hususy işewürliginiň wekilleri goldaw bermegiň ajaýyp däplerini dowam etdirýärler. Mälim bolşy ýaly, gündogarly söwdagärler we täjirler köp halatda hemaýat berijiler hökmünde çykyş edip, halkymyzyň medeniýetiniň we biliminiň ösmegine ýardam beripdirler. Olar kitaphanalaryň, okuw mekdepleriniň gurulmagyna serişdeleri goýbermegi özlerine hormat bilipdir, iň gymmat harytlar bilen birlikde, kitaplary getiripdirler. Olaryň tagallasy bilen gündogar bazarlary şäherleriň söwda we jemgyýetçilik durmuşynyň merkezlerine öwrülipdir.

Häzirki döwürde hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini dowam etdirýändiklerini bellemek ýakymlydyr. Elbetde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip yglan etmegi bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýedir.

Mundan ozal ýurdumyzyň çäginde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýadygärliklerde arheologik barlaglary geçirmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy. Bu maksatnama 2018 — 2021-nji ýyllar üçin niýetlenendir. Ol Ylymlar akademiýasy hem-de Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek baradaky milli müdirlik tarapyndan döredildi. Şu resminama laýyklykda, Şähryslam içgin öwreniljek desgalaryň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň uly çäginde meşhur we atsyz şäherleriň -galalaryň we beýleki ýadygärlikleriň örän köpsanlysy bar. Şolary öwrenmek üçin täze toplumlaýyn ekspedisiýalary döretmek zerur bolup durýar. Şol ekspedisiýalarda arheologlar, arhitektor-dikeldijiler we inžener-konstruktorlar bilen birlikde, antropologlar, paleobotanikler, geomarfologlar, dilçiler, etnograflar we beýleki ýörite hünärmenler işlär.

Ýöne, uly işewürlik tarapyndan maliýeleşdirilmese, hemaýatkärler gatnaşmasa, geçmişiň taryhyny dikeltmek uzaga çeker. Şoňa görä-de, alymlaryň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Şähryslamdaky bilelikdäki tagallasy eziz Watanymyzyň medeniýetiniň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna we ösmegine gyzyklanma bildirýän ýurdumyzyň beýleki kompaniýalary we hususy firmalar üçin nusga bolmalydyr.

Türkmenistanda, esasan hem býujetden daşary maliýeleşdirmegiň netijesinde möhüm ylmy-amaly ugurlaryň biri-de binagärlik-dikeldiş işleri bilen baglanyşyklydyr. Bu ulgam häzirki döwürde okgunly ösýär. Bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklarymyzy mundan beýläk-de aýawly saklamak maksady bilen, bu ugurlar bilen tutuş umumy barlaglar baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýadygärlikleri goramaga aýratyn üns berýär.

ÝUNESKO-nyň Fransiýadan bilermenleriniň hem-de Angliýanyň London uniwersitetinden kärdeşlerimiziň goldaw bermeginde «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynda ýörite barlaghana döredildi. Şol ýerde gadymy gurluşyk serişdeleri öwrenilýär, asyrlaryň jümmüşinden gelip ýeten desgalary goramak usullary synagdan geçirilýär. Ençeme ýyllaryň dowamynda bu goraghanada ýerli işgärler üçin okuw geçirildi, goralýan ýadygärlikleriň ýagdaýyna gözegçilik ýola goýuldy, beýleki desgalar ýüze çykarylýar.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky «Abiwerd» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň binýadynda gadymy küýze we metal önümlerini dikeltmek boýunça hünärmenleri taýýarlamak boýunça barlaghananyň işi hem netijeli alnyp barylýar. Bu barlaghana ýokarda agzalyp geçilen Leon Lewiniň gaznasy netijesinde alnan iň täze tehnikalar we serişdeler hem-de 2001-nji ýyldan bäri Ulugdepede yzygiderli gazuw-agtaryş işlerini alyp barýan türkmen-fransuz arheologik ekspedisiýasynyň gatnaşmagy netijesinde döredildi.

Hemaýatkärlik kömegi hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy netijesinde ýurdumyzyň taryhy-medeni goraghanalarynyň işgärleri Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän okuw maslahatlarynda we iş duşuşyklarynda öz hünärlerini ýokarlandyrýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taryhy ylmyň häzirki türkmen döwletiniň ideologiýasyny kemala getirmekde, Türkmenistanyň durnukly ösüşini taryhy-durmuş, medeni- ruhy tejribe bilen döredijilikli sazlaşdyrmakda örän wajyp ähmiýetiniň bardygyny hemişe nygtaýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli raýatlary ýaly, telekeçiler hem bagtyýar geljegiň, işewürlik bilen ylmyň sazlaşygynda döredilen parahatçylykly we abadan durmuşyň üpjün edilmegine uly gyzyklanma bildirýärler.

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2018, Türkmenistanyň Ylymlar akademiıasy