Habarlar

II türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2018-11-23

«Türkmenistan» gazeti,
2018-11-23

II türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkara ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berilýär, ýurdumyzyň ylym-bilim merkezleriniň dünýäniň öňdebaryjy ylym ojaklary bilen gatnaşyklary has işjeňleşýär. Bagtyýarlyk döwrümizde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ylmy-barlag institutlarynyň we ylmy merkezleriniň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Hytaý Halk Respublikasy «Bir guşak — bir ýol» taslamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ylym we tehnologiýa babatynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn üns berýär.

Ýakynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hubeý welaýatynyň Uhan şäheriniň kongresler merkezinde II türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin türkmen wekiliýeti 2018-nji ýylyň 11-17-nji noýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda boldy.

Onuň düzüminde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we onuň Tehnologiýalar merkeziniň, ylmy institutlarynyň, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Oba hojalyk ylmy-barlag institutynyň, Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri bar.

Foruma Hytaý tarapyndan 28 edaranyň, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnika ministrliginiň, Hubeý welaýatynyň ylym we tehnika departamentiniň, 12 sany ylmy-barlag institutynyň, 8 sany ýokary okuw mekdebiniň, 6 sany ylmy-barlag kompaniýasynyň jemi 120 alymy we hünärmeni gatnaşdy.

Forum Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnika ministrligi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraldy. Onda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ylym we innowasiýalar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de iki ýurduň ylmy-barlag institutlarynyň we ylmy merkezleriniň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça teklipler taýýarlanyldy.

Ylmy işgärler, professor-mugallymlar energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara, energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmaga, himiýa tehnologiýalaryna, täze materiallary işläp taýýarlamaga we öndürmäge, tebigy çig maly gaýtadan işlemekde innowasion tehnologiýalara, biologiýada, oba hojalygynda hem-de maldarçylykda innowasion tehnologiýalara, lukmançylyga we farmakologiýa, ýer titremelerinin howpuny azaldýan tehnologiýalara degişli meseleler boýunça pikir alyşdylar.

II türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynda Hytaýyň ylym we tehnika ministriniň orunbasary Ǟan Szýango, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň fizika-matematika, himiýa, geologiýa, tehniki ylymlary müdirliginiň başlygy Rahmanguly Esedullaýew, Hubeý welaýatynyň hakiminiň orunbasary Ǟen-Anli, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi çykyş etdi. Onda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary öňe sürüldi we anyk teklipler beýan edildi.

Ylmy maslahat 5 bölümçede dowam etdi. Ähli bölümçelerde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Forumyň çäginde guralan duşuşyklar hem örän netijeli hasiýete eýe boldy. Türkmen we hytaý alymlary döredilýän sertler üçin iki döwletiň Baştutanlaryna hoşallyk bildirdiler.

Saparyň çäginde ildeşlerimiz Hubeý welaýatynda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy barlaghanalaryň birnäçesiniň işi bilen tanyşdylar.

Rahmanberdi GÖKLEňOW.
«Türkmenistan».



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2018, Türkmenistanyň Ylymlar akademiıasy