Habarlar

BEÝIK ÖZGERTMELER YLMY AÇYŞLARA RUHLANDYRÝAR

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2018-11-22

Türkmenistan gazeti

2018-11-21

BEÝIK ÖZGERTMELER YLMY AÇYŞLARA RUHLANDYRÝAR

Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdümyzyň ykdysadyýetini, ylym, bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmek, ilkinji nobatda, ýokary tehnologiýaly innowasiýa merkezlerini we ylmy-barlag edaralaryny döretmek işleri durmuşa geçirilýär. Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkebinde bäsdeşlige ukyply, maddy we energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary we innowasiýalary işläp taýýarlamak boýunça köpugurly ylmy-barlag we ylmy-tehnologik işler bilen birlikde, innowasiýalary önümçilige ornaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň pudagara ylmy gatnaşyklaryny berkitmek ýaly derwaýys çäreler hem amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi bu günki gün döwletiň ylmy-tehniki we innowasion. şyýasatyny durmuşa geçirmek bilen, döwlet maksatnamalaryna laýyklykda nano-, bio-, maglumat, himiýa, iýmit, energiýany gaýtadan dikeltmegiň we daşky gurşawy goramagyň tehnologiýalary ýaly ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag we tehnologik işleri alyp barýar. Hususan-da:

— bio-, nano-, maglumat tehnologiýalary boýunça özara baglanyşykly barlaglaryň, şeýle hem maddalaryň fiziki-himiki hasiýetlerini düýpli öwrenmek, biomateriallary, uglewodorod çig malyny molekulýar we atom derejesinde seljermek bilen bagly ylmy-barlag işleriniň toplumyny amala aşyrmak;

— ösümlikleriň we haýwanlaryň öýjüklerini, biologik makromolekulalary, DNK-ny, RNK-ny, beloklary öwrenmek, olary saglygy goraýşa, oba hojalygyna we azyk senagatyna degişli meseleleri çözmek üçin önümçilikde peýdalanmak;

— innowasion tehnologiýalar esasynda ýerli ösümlik çig mallaryndan we minerallardan derman serişdelerini işläp taýýarlamak;

— nanotehnologiýalardan peýdalanmak arkaly nanobölejikleri, nanogatlaklary, nanoturbajyklary işläp taýýarlamagyň hem-de nanomateriallary, fotodetektorlaryň we gün fotoelementleriniň gurluşlaryny döretmegiň innowasion tehnologiýalaryny işläp düzmek, zarýady geçirijileriň, fotonlaryň we fononlaryň akymlarynyň ýuka, gaty jisimleriň gatlaklarynda ýaýramagynyň kanunalaýyklyklaryny öwrenmek;

— halk hojalygynda bar bolan potensialdan rejeli hem-de netijeli peýdalanmak maksady bilen, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda geografik maglumat ulgamlaryny (GMU) ulanmak we tematik elektron kartalaryny döretmek boýunça usulyýetleri işläp taýýarlamak;

— dürli energiýa serişdelerinden, şol sanda alternatiw çeşmelerden energiýany almagyň, şeýle hem ony rejeli peýdalanmagyň innowasion tehnologiýalaryny işläp düzmek;

— täze maddalaryň sintezi boýunça ylmy-barlag işleriniň toplumyny amala aşyrmak hem-de ýerli çig mallar esasynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň himiki tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak;

— topragyň, suwuň, howanyň arassalygynyň ýagdaýyny öwrenmek, gurşawy dürli zyýanly maddalardan arassalamagyň usullaryny kämilleşdirmek, ekologiýanyň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin zerur çäreleri işläp düzmek;

— azyk önümleriniň hilini, ýokumlylygyny we ekologiýa taýdan howpsuzlygyny barlamak, şeýle hem olary gaýtadan işlemegiň we uzak möhletleýin saklamagyň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak;

-ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin kompýuter programmalaryny döretmek, önümçiligiň awtomatlaşdyrylmasynyň innowasion usullaryny işläp düzmek, prosesleri kompýuter matematikasynyň esasynda modelirlemek boýunça ylmy-barlaglar üstünlikli alnyp barylýar.

Döwletimiziň amala aşyrýan giň gerimli halkara gatnaşyklarynda ylym ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmeklige aýratyn orun degişlidir. Ylmy-tehnologik gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykarylmagyna giň ýol açýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi Ýaponiýa, Ysraýyl, Koreýa, Belarus, Hytaý Halk Respublikasy ýaly birnäçe döwletler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýar. Merkez «Belarusuň Milli Ylymlar akademiýasynyň Genetika we sitologiýa instituty» döwlet ylmy edarasy bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk baradaky Şertnama we Koreýanyň Ýer we geogiňişlik maglumatlary korporasiýasy (LX) bilen ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk bäbatynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama esasynda ylmy-barlaglary ýerine ýetirýär.

Ýakynda bolsa Türkmenistanyň ylmy işgärlerinden, şol sanda Tehnologiýalar merkezinin wekillerinden düzülen topar Hytaý Halk Respublikasynda bolup, II hytaý-türkmen ylmy-innowasion forumyna gatnaşdy. Bu forumyň geçirilmegi Türkmenistanyň we Hytaýyň ylmy-tehniki hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine we ýokarlandyrylmagyna hemaýat etjek wajyp çäredir

Tehnologiýalar merkezi ýurdumyzyň ýokary ökuw mekdepleri we ylmy edaralary bilen hem ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk barada şertnamalar baglaşmak arkaly ýakyndan aragatnaşyk saklaýar. Şertnamalaryň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda merkezde ylmy maslahatlar we seminarlar yzygiderli guralýar. Bu bolsa zehinli ýaşlary ylma çekmäge, ylmy tejribeleri paýlaşmaga mümkinçilik döredýär. Şeýle-de merkeziň aspirantura bölümi bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda jebis gatnaşyklar ýola goýuldy. Aspirantlaryň birnäçesine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň ylmy ýolbaşçylyk etmegine, bilelikde ylmy barlaglary alyp barmaklyga şert döredilýär we maksatnamalaýyn işleriň ýurt möçberinde bitewülikde ýerine ýetirilmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Tehnologiýalar merkeziniň ylmy işgärleriniň 60 göterim töweregini 30 ýaşa çenli ýaşlar düzýär we merkezde «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynýň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» çäklerinde maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini tapawutlanan diplom bilen tamamlan ýaşlar bilen birlikde, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlaryň 30-a golaýy işleýär. Merkeziň ýaşlaryndan 14 adam Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guraýan Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşiginiň ýeňijileri bolup, olardan 9 adam soňky 4 ýylda geçirilen ylmy bäsleşikleriň ýeňijileridir. Şeýle uly mümkinçiligiň bardygy täze ylmy açyşlara itergi berýär.

Tehnologiýalar merkeziniň ylmy işgärleri tarapyndan soňky bir ýylda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan 5 sany çäklendirilen patent ajyndy. Şeýle hem 3 sany ylmy monografiýa neşir etmek üçin taýýarlanyldy. Ýerine ýetirilen ylmy-barlag işlerinin netijeleri esasynda önümçilige hödürlemek üçin 20 sany teklip taýýarlanyldy we degişli ministrlikleriň garamagyna hödürlenildi. Merkeziň hünärmenleriniň ýerine ýetirýän ylmy işlerini bir ýere jemleýän «Ýurdumyzyň ösüşinde innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy işleriň ýygyndysynyň nobatdaky II goýberilişi çap edildi. Bu görkezijileriň ählisi düýp-göter täze pikirleri orta atyp, oýlap tapyşlary amala aşyryp, ylymda ýagty geljegi nazarlaýan ýaşlaryň kemala gelýändigini aňladýar.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň owadan künjeginde, Bekrewe şäherçesinde ýerleşýän Tehnologiýalar merkeziniň işgärleriniň döwlet tarapyndan ylmy, innowasion tehnologiýalary ösdürmeklige döredilýän mümkinçiliklere buýsançlary egsilmeýär. Ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli ulanmaga giň ýol açýan, halkymyzy kämil, demokratik ösüş ýoly bilen bagtyýar geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarlar.

Halkymyzy bir başa jemläp, belent maksatlary öňde goýup, ösüşiň täze belentliklerine bedew bady bilen alyp barýan akademik Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris! Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzda alnyp barylýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işler rowaçlyklara beslensin!

Muhammedöwez GURBANNYÝAZOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Tehnologiýalar merkezinin direktory, professor.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2018, Türkmenistanyň Ylymlar akademiıasy