Habarlar

Sanly ykdysadyýet ulgamynda dünýä tejribesiniň öwrenilişi

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2018-11-20

«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti

Sanly ykdysadyýet ulgamynda dünýä tejribesiniň öwrenilişi

19.11.2018

Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda sanly ykdysadyýete bagyşlanan okuw maslahaty başlandy. Çäräni ýurdumyzyň Ylymlar Akademiýasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilelikde guradylar.

Okuw maslahatyna ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet, Aragatnaşyk, Bilim ministrlikleriniň, Merkezi bankyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we beýlekileriň hünärmenleri gatnaşdylar.

Onda «Skolkowo» müdirliginiň Moskwa mekdebiniň wekilleri halkara seljerijiler hökmünde çykyş edip, bu ulgamdaky öňdebaryjy dünýä tejribelerine syn berdiler.

Şu ýylyň fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar Akademiýasyna «Sanly Türkmenistan» atly döwlet Maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasynyň ösüşini höweslendirmek, bu ulgamyň jemi içerki önüme goşandyny artdyrmak, welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň ilatynyň durmuşynda «Sanly tapawudy» aradan aýyrmak bu maksatnamanyň esasy özenidir.

Maksatnama milli ykdysadyýetimizi innowasion ösüş ýoluna geçirmek işini çaltlandyrmaga, ylmy köp talap edýän pudaklarda iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmaga, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýany ornaşdyrmaga, elektron resminamalar dolanyşygyna we şahsyýetiň elektron identifikasiýasy ulgamyna doly geçmäge ýardam berer.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistan telemedisinany, kompýuter we telearagatnaşyk tehnologiýasyny peýdalanmak arkaly we daş aralykdan maslahatlary hem-de ylymlary bermek boýunça goşmaça elektron hyzmatlary ýerine ýetirmegiň hasabyna sanly düzümi ösdürmek üçin düýpli mümkinçiliklere eýedir. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hünärmenleriň tejribesi ýurdumyzyň guramalarynda öňdebaryjy sanly tehnologiýany ornaşdyrmak işini çaltlandyrmaga ýardam etmelidir.

Okuw maslahaty 23-nji noýabra çenli dowam eder. Çärä gatnaşyjylar maslahatyň çäklerinde sanly ykdysadyýetiň dürli ugurlary, şol sanda onuň işewürlik nusgalary, däp bolan ykdysadyýetiň, durmuş ugurly pudaklaryň we beýlekileriň özara gatnaşygy bilen tanşarlar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2018, Türkmenistanyň Ylymlar akademiıasy