Habarlar

Düýedarçygyň ykdysady geljegi we ylmy çemeleşmeler

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2018-09-24

«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti

Düýedarçygyň ykdysady geljegi we ylmy çemeleşmeler

23.09.2018

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Maldarçylyk we weterinariýa institutynyň alymlary pudagyň hünärmenleri bilen bilelikde dürli oba hojalyk mallarynyň genofonduny saklap galmak, olary kesellerden goramak, öri meýdanlaryndan rejeli peýdalanmak boýunça barlaglary geçirýärler.

Düýedarçylyk babatda hem alymlar bilen fermerleriň hyzmatdaşlygy mallaryň tohumçylyk sypatlaryny gowulandyrmaga, güýçli nesil almaga we süýt alnyşyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir, ondan saglyga peýdaly agaran we çal alynýar.

Türkmenistanda arwanalar tohum ugurlarynyň bäşisi boýunça ýetişdirilýär. Olar süýt berijiligi, ýüňlüligi we beýleki sypatlary boýunça tapawutlanýarlar. Alymlar şol esasda önümçilik görnüşleriniň üçüsini saýlap aldylar.

Institutyň epizootologiýa bölümi täze biodermanalry, şol sanda ýerli çig maldan biodermanlary işläp taýýarlaýarlar we önümçilige ornaşdyrýarlar. Iri maldarçylyk hojalyklarynda geçirilýän ylmy-usuly okuwlarda institutyň hünärmenleri täze önümler we bejeriş şerişdelerini döretmekde dermanlyk ösümlikleriň ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Institutyň alymlary oba hojalyk mallarynyň ýokanç we ýokanç däl keselleriniň öňüni almak üçin dürli weterinariýa dermanlaryny işläp taýýarladylar, şol sanda düýeleriň parazitar keselleriniň öňüni almak we olar bejermek üçin ulanylýan «Теyleresid-В» dermany işlenilip taýýarlanyldy, olaryň netijeliligi daşary ýurtlarda çykarylýan kybapdaş dermanlardan ýokarydyr. Häzirki wagtda derman önümçilige ornaşdyrylýar. Weterinarlar mallaryň ösüşine gowy ýardam edýän howpsuz biologic serişdäni döretmek boýunça ylmy barlaglary alyp barýarlar.

Institutyň weterinarlary iri düýedarçylyk hojalyklary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, olardaky epizootologik ýagdaýy öwrenýärler, mallaryň ganyndaky dürli keseller babatda öňüni alyş barlaglary, möwsümleýin sanjym geçirýärler we bonitirowka işinde olara kömek berýärler. Ahal welaýatyndaky iri fermalaryň arasynda şahsy fermer Aman Guldurdyýewiň Gypjakdaky fermasyny görkezse bolar. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşigindäki ýene bir hojalyk Polat Kanaýewe degişli. Köpýyllyk ösümlik bolan ýandak düýeleriň esasy iýmidir, häzirki wagtda ony güýz-gyş aýlaryna taýýarlaýarlar. Bu gymmatly tebigy ösümligiň gorlary ýeterlikdir. Şol hojalyklaryň hersinde ýüz we ondan-da köp düýe saklanylýar, olaryň aglaba bölegi süýt, şeýle hem berhizlik et we ýüň almak üçin idedilýän inen mallardyr.

Hojalyklaryň kiçi sehlerinde dýe süýdi gaýtadan işlenilýär. Mysal üçin, Polat Kanaýewiň fermasynyň ýanynda çaly we agarany gaplamak boýunça «Gudratly içgi» söwda belgili kiçi kärhana hereket edýär. Ol önümçiligni giňeltmegi göz öňünde tutýar, çünki bu taýýar önüme isleg ýokary. Düýe süýdi mikroelementlere, A we B witaminlere, fosfora we kalsä baýdyr, ýüňi bolsa ýyly bolýar we ýokary gigroskopikligi bilen tapawulanýar.

Ýelena DOLGOWA /



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2018, Türkmenistanyň Ylymlar akademiıasy