Habarlar

Suw hojalygy pudagynyň hünärmenleri suwdan rejeli peýdalanmagyň wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2018-07-13

«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti

Suw hojalygy pudagynyň hünärmenleri suwdan rejeli peýdalanmagyň wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar

12.07.2018

Türkmenmistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak — durnukly ösüşiň esasy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, bilim, oba we suw hojalyk ministrlikleri, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça döwlet komiteti bilen bilelikde gurnan duşuşygyna tebigatdan peýdalanmak ugrundan hünärmenler- düýpli, oba hojalyk we ýokary okuw mekdepleri ylmynyň wekilleri, şol sanda pudaklaýyn ylym merkezleriniň- Çöller,ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň (ÇÖHDMI), Türkmenistanyň «Türkmenylymsuwtaslama» döwlet suw hojalygy ylmy-önümçilik we taslama institutynyň işgärleri, Aşgabatdaky we Daşoguzdaky oba hojalyk ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşanlar suwdan peýdalanmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan usulýetlerine, olaryň ykdysady we ekologiýa netijeliligine seljerme berdiler. Şunuň bilen baglylykda 10-dan gowrak çykyşlar bolup, olar boýunça pikir alşyldy. Hususan-da, akýan we senagat suwlaryny arassalamagyň tehnologiýasy, zeýakaba — zeýkeş suwlaryny dowardarçylygyň ot-iým binýadyny berkitmek üçin şora durnukly ösümlikleri- galofitleri ýetişdirmekde we «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň Esasy zeýakaba suw ýygnaýjysynyň golaýyndaky şorlaşan öri meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin gaýtadan ulanmak, meliorasiýa işlerini kämilleşdirmek barada gürrüň edildi.Ýygnananlar geljekki nesiller üçin agrobioköpdürlüligi saklamap galmaga, ekologiýa zelelsiz oba hojalyk önümçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjek suwdan peýdalanyş usullaryny ulanmagyň maksada laýykdygy barada pikir aýtdylar. Suwdan rejeli peýdalanmak boýunça teklipleri işläp taýýarlamak üçin iş topary döredildi, onuň düzümine akademiki we oba hojalyk ylmynyň wekilleri girizildi.

TYA-nyň biologiýa ylymlary bölüminiň müdiri Paltamet Esenow ýerleriň tebigy we emeli howdanlar hem-de derýalar arkaly suw üpjünligi, döwrüň synagyndan geçen gidrotehniki usullarynyň esasynda olardan tygşytly peýdalanmak boýunça syn bilen çykyş etdi.

-Aral sebitiniň ýurtlarynyň bäşisiniň arasyndaky suw gatnaşyklary 1992-nji ýylyň Ylalaşygy, şeýle hem Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky 1996-njy ýyldaky Amyderýanyň suwuny bölüşmek boýunça Ylalaşyk bilen düzgünleşdirilýär. «Suw hakynda» Kodeks we kanunçylyk namalary kabul edildi. AHEHG-e başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistan Durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça sebit maksatnamasy, şeýle hem Aral deňziniň sebitiniň ýurtlaryna kömek bermegiň dördünji maksatnamasy ýaly ýurtlar arasyndaky resminamalaryň birnäçesiniň taýýarlanmagynyň başlangyjy bilen çykyş edip, sebit boýunça suw gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek babatda işler alyp barýar. Şu resminamalarda howanyň üýtgemegi göz öňünde tutulýar, ol suw serişdelerini toplumlaýyn dolandyrmak ýörelgelerini öz içine alýar, olarda DUM-yň we ählumumy konwensiýalaryň düzgünlerine ýetmeklige ýardam etmek çäreleri bellenilendir. BMG-nyň synçysy ygtyýarlygyna esaslanýan Gazna şeýle hem Merkezi Aziýa üçin uzak möhletleýin täze suw strategiýasyny ilerledýär.

Ýurdumyzyň ýerüsti suw serişdeleri esasy suw beriji Garagum derýasynyň, suw howdanlarynyň, kiçi derýalaryň suwlaryndan, daglardaky suwlardan ybaratdyr, olaryň her kub metri hasaplydyr. Şunda häzirkizaman tehnologiýalarynyň suw tugşytlaýjy mümkinçiliklerini we suw gorlaryny netijeli ulanmak boýunça ylmy işleri ulanmak arkaly halk gidrotehnikasynyň usullary has-da giňişleýin peýdalanylanda suwy has köp tygşytlap bolardy. Mysal üçin, Garaguma ýylda ortaça 100—130 mm ygal ýagýar, gymmatly ýagynyň diňe şol bölegi toplanyp saklanylsa-da, ol çöl ilatynyň suwa talabyny ep-esli derejede kanagatlandyryp bilerdi. Garagumda suw üpjünçiligi logistikasynda adamlaryň we haýwanlaryň suwa talaby mallar üçin takyrlardaky kaklarda, suw toplanýan howuzlar-çyrlalarda toplanýan suwlar göz öňünde tutulypdyr. Agyz suwy üsti ýapyk sardoblarda gowy saklanypdyr. Elbetde, olara hemişe gözegçilik edilip, arassa saklanylypdyr.

Çölde ygal suwlaryny toplamak we saklamak usullary kämilleşdirilipdir we ol asyrlarboýy kiçeňräk jülgelerde ekin ekmek we mal saklamak üçin ulanylypdyr. Ýerlikli gözegçilik edilende kaklara toplanan ummasyz suwlar dürli ekinleri ýetişdirmek, öri meýdanlarynda ot-iým bolçulygyny saklap galmak üçin ulanylypdyr. Ýurdumyzyň käbir maldarçylyk sebitlerinde häzir hem takyrlar saklanyp galypdyr we olar käte bol ýagyn ýaganda ýagyş suwuny ýygnamak üçin ulanylýar. Takyrlaryň düýbi şykgy bolup, olar ot-örtüksiz biraz ýapgydrak meýdanlardyr. Takyrlarda gazylan guýylaryň suwy toprak şor bolaýanda-da süýji suw ýerasty şor suwlardan ýokary galypdyr. Muňa belet çopanlar ondan ýerlikli peýdalanýarlar.

Dag eteklerinde suw toplamagyň başga bir usuly ulanylypdyr — daglyk ýerleriň ýerasty suwuny derä çykarmak üçin 50 metr çuňlukda gözegçilik eder ýaly käýerlerde depesi açyk goýulýan kärizler gurlupdyr. Olar miladydan öňki V asyrdan bäri gadymy Parfiýada bar eken. Sil akymlaryndan ýygnalýan bu suw ulanmak üçin aňrybaş amatly bolupdyr, ol bir göterimdenem az (1 litrde 0,55—0,60 gram) derejede minerallaşan eken. Ýaňy-ýakynam dag etek jülgelerde kärizleriň 200-si bardy, olaryň saklanyp galan bir bölegi häli-häzirem ulanylýar.

Gözi bilen görenleriň maglumatlaryna görä, 1896-njy ýylda Ashabadyň eteginde käriz ulgamlarynyň sekizisi bolup, olaryň üçüsi şäheri, biri demir ýol stansiýasyny suw bilen üpjün edipdir. Şäherde jemi 42 sany käriz bolupdyr, muňa olary abatlamagyň we şeýle desgalaryň täzeleriniň gurluşygy barada hasabatlar şaýatlyk edýär. Diňe Bagyr obasynda sekuntda jemi 447 litr suw berýän kärizleriň ona golaýy bolupdyr. Mysal üçin, «Huntuş» kärizi 95, «Aýnabat» kärizi 143 hojalygy suw bilen üpjün edipdir. Şeýle ulgamlaryň geçen asyrda gurlandygy barada maglumatlar bar, Mürçe, Durun, Döwgala we beýleki obalarda häzirem agyz suwuna bildirilýän ýokary talaplara laýyk gelýän arassa çeşme käriz suwuny içýärler. Özboluşly öňüni alyş abatalaýyş işleri şol desgalary ençeme ýyllap işjeň ýagdaýda saklamaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda 2010-njy ýylda sil suwunyň zaýalan, baryp 170 ýyl mundan ozal gazylan kärizi täzeden dikeldildi. Onuň arassalanylmagy we diwarlarynyň demir-beton gurnamalar bilen berkidilmegi sekuntda 4 litr suw gelýän käriziň akymyny sekuntda 30 litre ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Ýagdaýy bolanda sil suwlaryny hem soňundan ulanmak üçin meýdanlara gaçyryp, toplajak bolupdyrlar. Suwuň ýene bir gory — az derejede- 1 litre bäş grama çenli minerallaşan, bir ýylyň dowamynda ýygnalýan 6—7 milliard kub metr zeýakaba-zeýkeş suwlarydyr, ony galofit ot-iýmlik ösümlikleri ýetirşdirmekde ulanmaga mümkinçilik döreýär. Aralyk ekinleri ýetişdirmekde ulansaň, zeýakaba suwy belli bir derejede süýji suwuň ornuny tutup biler.

Suwdan rejeli peýdalanmak halkymyzyň ganynda bar. Geçmişde şeýle usullar hojalyk işleri ýöredilende derýa suwunyň harçlanyşyny ep-esli derejede azaltmaga, ýazda toplanan suwy ýylyň gurak döwri ulanmaga mümkinçilik beripdir. Bu usullar nesilden-nesle geçip gelipdir, olaryň öňdebaryjy täzelikler bilen utgaşykly ulanylmagy netijeli oba hojalyk önümçiligine ýardam edýär.

Ýelena DOLGOWA



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2018, Türkmenistanyň Ylymlar akademiıasy