Habarlar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» at

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2018-06-12

«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

12.06.2018

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!
Halkara ylmy maslahata gatnaşýan gadyrly myhmanlar!

Sizi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan ýylda jemgyýetimizi jebisleşdirýän hem-de ösüşe ruhlandyrýan ajaýyp baýram — Ylymlar güni, şeýle hem bu ajaýyp baýrama bagyşlanyp geçirilýän «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ylymlar gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynyň siziň kalbyňyzda Türkmenistanda gazanylan üstünliklere buýsanç duýgularyny döretjekdigine, bu halkara ylmy maslahatyň bolsa ylym ulgamyny kämilleşdirmäge, öňdebaryjy ylmy usulyýetleri, iň gowy tejribeleri ornaşdyrmaga, köptaraply halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge oňyn täsir etjekdigine berk ynanýaryn.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimizi innowasiýalara we tehnologiýalara daýanýan ylmyň gazananlary bilen berk baglanyşykly ýokary depginler bilen ösdürmäge, orta we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen milli we döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmäge, aýratyn hem, jemgyýetimiziň ylmy we inžener-tehniki mümkinçiligini artdyrmaga döwlet syýasatynyň strategik ugry hökmünde aýratyn ähmiýet berýäris.

Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesini nazara alyp, ylmyň düýpli we ygtybarly hukuk binýadyny kämilleşdirmek, maddy-üpjünçilik ulgamyny pugtalandyrmak bilen, ýurdumyzyň ylmy we inženerçilik-tehniki mümkinçiliklerini ösdürmek üçin zerur şertleri döretdik. Innowasiýalar we tehnologik ylymlar boýunça täze bilimleri we öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmek, hünärmenleriň, inženerleriň, tehnologlaryň we alymlaryň täze ylmy işläp taýýarlamalaryny, ylmyň soňky gazananlaryny, oýlap tapyşlary milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetindäki orny yzygiderli pugtalandyrylar, içerki we daşarky bazarlarda bäsleşige ukyply, köp görnüşli, ýokary hilli harytlary öndürýän innowasion senagat kärhanalary dörediler. Ýurdumyzyň ylmy edaralary we ýokary okuw mekdepleri tarapyndan alnyp barylýan barlaglar, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda ylym we bilim ulgamlarynyň sanly düzümleriniň ösdürilmegi möhüm wezipe hökmünde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli wezipeleriň çözülmegine ýardam berer.

Gadyrly myhmanlar!

Häzirki zaman bilimleri we ylymlary dünýäniň ykdysady, medeni, tehnologik ösüşleri bilen berk baglanyşykly bolmak bilen, parahatçylykly, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň hem örän möhüm şerti bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, biz iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarys. Hususan-da, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýäris. Şonuň bilen birlikde, nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary ýaly, ileri tutulýan ugurlarda bilelikde ylmy barlaglaryň ýerine ýetirilmegine möhüm ähmiýet berýäris.

Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek arkaly Gündogary we Günbatary, Aziýany we Ýewropany, bu yklymlarda ýaşaýan halklary parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda birleşdirýär. Ýüzýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa giňişliginde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm halkasy — ylymlaryň we bilimleriň merkezi bolan Türkmenistanyň XXI asyrda dünýä bileleşiginiň ylym, döredijilik hem-de tehnologiýa babatdaky mümkinçiliklerini birleşdirjek köprä öwrüljekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!
Halkara ylmy maslahata gatnaşýan gadyrly myhmanlar!

Sizi Ylymlar güni, şeýle hem «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagt hem-de abadançylyk, ylmy we döredijilik işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.



|< < Spisok > >| 
e-mail: info@science.gov.tm © 2003-2018, Türkmenistanyň Ylymlar akademiıasy