Habarlar

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2018-06-12

«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine

12.06.2018

Mähriban ýaşlar!
Eziz talyplar!

Sizi güneşe baý bereketli tomus paslynyň ilkinji günlerinde giňden we dabaraly bellenýän Ylymlar gününe gabatlanyp, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan üstünligiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ylym we tehnologiýalar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň umumy ösüşiniň esasyny düzýär. Şoňa görä-de, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda Ylymlar gününe bagyşlanan dabaralaryň mähriban ýaşlarymyzy beýik üstünliklere galkyndyryp, eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetiniň innowasiýalar, tehnologiýalar we häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen berk baglanyşykly ösüşini üpjün etmäge aýratyn üns berýäris. Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, içerki we daşarky bazarlarda bäsleşige ukyply, köp görnüşli, ýokary hilli harytlary öndürýän täze innowasion senagat kärhanalaryny döretmek, dünýä ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikleri gazanýarys. Ykdysadyýetimiziň şu günki we geljekki ösüşleriniň binýatlyk esaslaryny düzýän, ylmy we tehnologiýalary ösdürmegiň esasy maksatlaryny, wezipelerini hem-de ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris.

Gysga döwrüň içinde milli ylym ulgamy düýpli döwrebaplaşdyryldy, ylmy-barlag institutlarynyň düzümi kämilleşdirildi, ylmy-barlag edaralary, ýokary okuw mekdepleri ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýöriteleşdirildi. Şunuň bilen baglylykda, adamzat jemgyýetiniň ösüşine hem-de özgerişine gös-göni ýardam berýän ylymlar we innowasiýa işleri ösdürilýär, ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlary tapgyrma-tapgyr ornaşdyrylýar, tebigat, jemgyýet, adam hakynda täze bilimleriň özleşdirilmegi üçin ähli şertler döredilýär. Bularyň ählisi ýokary derejeli ylmy işgärleriň we hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, şonuň bilen birlikde, ykballaryny ylma hem-de döredijilige baglan ýaş nesilleriň kemala gelmegine ýardam berýär.

Watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, dostlugy we hoşniýetliligi ýörelge edinen bagtyýar ýaşlarymyzyň döwletimiziň ylmy-tehniki, tehnologiýa we innowasiýa babatyndaky ösüş depginini güýçlendirmek ugrunda amala aşyrýan ylmy barlaglaryna hem-de döredijilik başlangyçlaryna ýokary baha berýäris.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan geçirilen bu bäsleşikde nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary ýaly ileri tutulýan ugurlarda uzak geljege gönükdirilen, giň ýaýrawly, çuň mazmunly ylmy barlaglary alyp barýan ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň hatarynyň artmagy biziň jemgyýetimiziň döredijilik mümkinçiligini täze derejelere çykarýan möhüm ädim bolup durýar.

Hormatly ýaş alymlar!

Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen topragy ylymlaryň, bilimleriň, medeniýetleriň we sungatlaryň sazlaşykly gülläp ösen gadymy mekany bolupdyr. Merw, Nusaý, Ürgenç, Abiwerd, Saragt, Dehistan ýaly şäherlerde türkmen halkynyň beýik ogullary astronomiýa, himiýa, fizika, matematika, geometriýa, lukmançylyk, saz sungaty, taryh, edebiýat, dil bilimi ýaly, ylmyň esasy ugurlarynda ilkinji gymmatly açyşlary, köp sanly ajaýyp oýlap tapyşlary bilen Gündogarda we Günbatarda ylmy mekdepleri kemala getiripdir. Biziň maksadymyz Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň XXI asyryň täze şertlerinde berk binýatly, kuwwatly, ýokary derejede ösen döwletleriň biri hökmünde dünýädäki ornuny has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Bu maksatlarymyzyň amala aşyrylmagynda iňňän gadymy döwürlerden bäri ylma we bilime eşretli durmuşyň gözbaşy hökmünde aýratyn ähmiýet berip gelýän halkymyzyň bagtyýar nesilleri bolan ýaşlarymyzdan döwletimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny, at-abraýynyhas-da beýgeltjek beýik işlere, täze ylmy açyşlara garaşýarys.

Geljegimiz bolan ýaşlar giň aň-düşünjesi, ylym-bilimi, eziz Diýarymyza we mähriban halkymyza egsilmez söýgüsi hem-de buýsanjy bilen ata Watanymyzy gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan beýik işlerimize öz mynasyp goşantlaryny goşmalydyr.

Mähriban ýaşlar!
Eziz talyplar!

Sizi Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan ajaýyp üstünligiňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ylmy hem-de döredijilik işleriňizde uly üstünlikleri we täze açyşlary arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2018, Türkmenistanyň Ylymlar akademiıasy