Habarlar

Tematiki masalahata gatnaşanlar electron senagatyny ösdürmegiň wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2018-03-28

«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti

Tematiki masalahata gatnaşanlar electron senagatyny ösdürmegiň wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar

27.03.2018

Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalary uniwesitetinde «Türkmenistanyň elektron senagatyny ösdürmegiň innowasion modeli» temasyndan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Foruma şu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary bilen birlikde beýleki ýokary okuw mekdeplerinden we TYA-nyň ylmy-barlag institutlaryndan alymlar gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşanlar ykdysadyýetiň innowasion ösüşine kuwwatly itergi beren döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek jähtinden ýurdumyzyň elektron senagatyny ösdürmegiň wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Tematiki forumyň geçirilmegi bu ýokary okuw mekdebinde hünärmenleri taýýarlamagyň özboluşlylygy bilen baglanşyklydyr, bu ýerde innowasion ugurlar boýunça bilim berilýär. Olaryň arasynda maglumatlar tehnologiýalary, elektronikia we nanoelektronika, mehatronika we robot tehnikasy, awtomatizasiýa we dolandyrş ugurlary bolup, olar masalahatda edilen çykyşlaryň tematikasyny kesgitledi.

Maslahata gatnaşanlar esasan ýurdumyzda "elektronika dizaýn merkezlerini"- integral shemalaryň arhitekturasy we elektron komponent binýadynyň taslamasyny taýýarlamak bilen meşgullanýan kompaniýalary we kärhanalary işjeň ösdürmäge üns berdiler. Şeýle gurluşlaryň işiniň ykdysady taýdan netijeliliginiň özeni tehnologik täzelikleri işläp taýýarlamakdyr.

Maslahatyň çäklerinde gurnalan sergide elektron enjamlaryň taslamasyny taýýarlamakda we döretmekde ýokary okuw mekdeplerinde işlenilip taýýarlamalar, şeýle hem Inžener- tehnologiýalary uniwersitetiniň ylmy-barlag merkeziniň işleriniň beýleki wajyp ugurlary giňişleýin görkezildi.

Uniwersitetiň Ýaş alymlar geňeşiniň agzalary bolan talyplar hem öz işleri bilen tanyşdyrdylar. Olar elektron enjamlaryň integral shemasyny taýýarlamakdan tä senagat nusgasyny taýýartlamaga çenli işi görkezdiler.

Duşuşygyň jemini jemläp, oňa gatnaşanlar Inžener-tehnologiýalary uniwersitetinde elektron enjamlaryň taslamasyny taýýarlamakda we olary döretmekde baý tejribe toplanandygyny bellediler.

Wiktoriýa NOWIKOWA



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2018, Türkmenistanyň Ylymlar akademiıasy