Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2018-02-12

«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

09.02.2018

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň daşary syýasatyna degişli wajyp meselelere garaldy hem-de birnäçe resminamalara gol çekildi.

* * *

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny ösdürmek, jemgyýetimiziň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmak barada döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmyň, önümçiligiň we bilimiň arasyndaky gatnaşyklary mekdep döwründe ösdürip, okuwçylaryň höwes bildirýän hünär ugruna aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi. Şahsyýeti sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösdürmäge, bilim bermegiň usulyýet binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen täze usullary we tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak möhümdir. Döwlet Baştutanymyz iň esasysy hem ýokary tehnologiýalardan oňat baş çykarýan halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasyna «Sanly Türkmenistan» atly täze döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrmak baradaky wezipä wise-premýeriň ünsüni çekdi. Onuň esasy maksady ýurdumyzyň jemi içerki önüminde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynyň goşmaça ösüşini üpjün etmekden hem-de sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmakdan ybarat bolmalydyr.

Bu maksatnama ykdysadyýetiň ylmy gazanylanlary köp talap edýän pudaklarynda ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilikde ulanmagy çaltlandyrmaga, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna doly geçmegi üpjün etmäge ýardam etmelidir.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, telelukmançylyk, kompýuter hem-de telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly uzak aralykdan maslahat we bilim bermek ýaly goşmaça elektron hyzmatlary ýerine ýetirmegiň hasabyna sanly düzümleri ösdürmek babatda hem ep-esli mümkinçiligiň bardygyny belledi.

Milli Liderimiz häzirki döwürde raýatlarymyzyň internet hyzmatlary bilen oňat üpjün edilendigini belläp, ýokary tizlikli internet ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz kompýuter sowatlylygyny gowulandyrmak we ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän mekdepleriň, başlangyç, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň kompýuter synplary hem-de mugallymlary bilen üpjünçiligini barlamagyň zerurdygyny belledi.

* * *

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara işlerinde uly üstünlikleri, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2018, Türkmenistanyň Ylymlar akademiıasy