Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2017-10-20

«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

19.10.2017

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary girizildi, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

*****

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew şu ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Tehnologiýalar merkezinde geçirilen «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly birinji Türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, oňa HHR-niň Ylym we tehnika minisrtliginiň, Hytaýyň Hubeý hem-de Guandun welaýatlarynyň Ylym we tehnika departamentleriniň «Aziýa-Ýewropa» forum guramasynyň, şeýle hem Hytaýyň ylmy-barlag institutlarynyň 11-siniň, ýokary okuw mekdepleriniň 4-siniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistana ýurdumyzyň ylym we biim edaralarynyň 57-siniň hünärmenleri, 468 alym wekilçilik etdi.

Maslahatyň dowamynda ylmyň we tehnikanyň dürli ugurlary boýunça täzeçil işläp taýýarlamalara garaldy mowzuklaýyn ugurlar boýunça «tegelek stoluň» başyndaky pikir alyşmalar boldy. Seýsmologiýa, himiýa, maldarçylyk, weterenariýa gullugy, gün energiýasy, biologiýa, agrotehnologiýa ýaly ugurlaryň ösüşi bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy.

Maslahata gatnaşyşyjlar möhüm ylmy wezipeleri çözmekde netijeli gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny kesgitlediler. Hususan-da, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk esaslaryny giňeltmek, ylym we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlyk baradaky hökümetara toparyny döretmek babatda teklipler öňe sürüldi. Gepleşikleri yzygiderli dowam etmek maksady bilen, 2018-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda şunuň ýaly ikitaraplaýyn forumy geçirmek, şeýle hem türkmen hünärmenleriniň HHR-niň ylmy edaralarynda tejribe geçmegini guramak, özara alyşmalary we ylym hem-de innowasion tehnologiýalar babatda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan bilelikdäki maglumat taslamasy bolan web-saýtlary guramak teklip edilýär.

Tejribe alyşmak, iş ýüzündäki gatnaşyklary ýola goýmak, Hytaýyň işjeň seýsmiki zolaklarynda kiçi etraplaşdyrmak boýunça işleri geçirmek üçin türkmen hünärmenleri çagyryldy. Hytaý alymlary bolsa Türkmenistanyň nebitgaz ýataklarynda senagat ugurdaş suwlardan seýrek deş gelýän serişdeleri (litiýa rubidiýa, seziýa we beýlekiler) almak boýunça tehnologiýalary bilelikde işläp taýýarlamaga çagyryldy. Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň binýadynda tohumçylyk-seçgi işleri babatda mallaryň ýokanç kesellerine garşy waksinalary taýýarlamak we olary ornaşdyrmak boýunça iki ýurduň hünärmenleriniň gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary kesgitlenildi.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça birnäçe anyk teklipler öňe sürüldi. Munuň özi nano düzümli ýarym geçiriji organiki we organiki däl fotoelementleri, fotodetektorlary taýýarlamakdan, gün energiýasynyň hasabyna mikrosuwotularyny senagat möçberde ösdürmegiň innowasion tehnologiýasyny işläp taýýarlamakdan hem-de önümçilige ornaşdyrmakdan, galyndysyz, özbaşdak işleýän geliobiologik innowasion toplumy işläp düzmekden we önümçilige ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Derman ösümliklerini ösdürip ýetişdirmegiň hem-de olary gaýtadan işlemegiň täzeçil tehnologiýalaryny taýýarlamak, azyklyk we dermanlyk üçin niýetlenen kömelekleri ösdürip ýetişdirmegiň innowasion usullaryny özleşdirmek hem-de önümçilige ornaşdyrmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça netijeli teklipler öňe suruldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täzeçil tehnologiýalaryň döwletimiziň ösüşi üçin oňyn binýat bolup durýandygyny, adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirýändigini, senagaty, oba hojalygyny ösdürmek üçin täze mümkinçiligi açýandygyny we ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny berkidýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň dowam etdirilmeginiň hem-de onuň üçin degişli hukuk, guramaçylyk binýadynyň döredilmeginiň, bilelikdäki taslamalara işewür düzümleriň çekilmeginiň we ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmeginiň, iň esasy bolsa olara döwlet goldawynyň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belläp, wise-premýere teklipleri seljermegi we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

*****

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)



|< < Spisok > >| 
© 2003-2017, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.