Habarlar

Aşgabat 2017-niň surat galereýasy we gündelik hasabat: on birinji güni

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2017-09-27

Ashgabad-2017

Aşgabat 2017-niň surat galereýasy we gündelik hasabat: on birinji güni

26 Sentýabr, 2017 (23:57)

Eýran Yslam Respublikasynyň futzal boýunça erkekler ýygyndy topary ussat tehniki başarnyklaryny ulanyp, üstünlikli çykyş etdiler we bäşinji gezek Aziýanyň çempiony diýen ada mynasyp boldular. Şeýle hem, şu günüň dowamynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üç sany tennis çempionynyň atlary kesgitlendi.

Oýunlaryň on birinji gününde sportuň alty görnüşi boýunça ýaryşlar tamamlandy we bilýard sportunda, küştde, tans sportunda, kikboksingde, samboda we sport göreşinde öňe saýlanan türgenlere medallar gowşuryldy.

Bu Oýunlaryň dowamynda Eýranyň futzal boýunça erkekler ýygyndy topary jemi 58 topy garşydaşlarynyň derwezesine saldy. Olaryň ahyrky final tapgyrda Özbegistanyň ýygyndy toparyny 7—1 hasap bilen utup, altyn medala mynasyp bolmagy on bir günläp dowam eden ýaryşyň ajaýyp tamamlanyşy boldy.

Ýaponiýanyň ýygyndy topary hem owganystanly garşydaşlary bilen bolan oýunda penalti urmakda has gowy netije görkezdi we üçünji orny eýeledi. Owganystanyň ýygyndysy bu duşuşykda örän ajaýyp oýun görkezip, hemmäni haýran galdyrdy.

Futzal ýaryşyň netijesi Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda çykyş edýän eýranly türgenleri ruhlandyran bolmaly. Sebäbi eýranly türgenleriň sport göreşinde görkezen ussatlygy ähli tomaşaçylaryň uzak wagtlap ýadynda galar. Oýunlaryň ahyrky güni 8 agram derejesi boýunça ýaryşlar geçirildi we eýranly göreşçiler 8 altyn medalyň 6-syny eýelemegi başardylar. Netijede Eýranyň ýygyndy topary sport göreşi boýunça umumy hasapda 9-y altyn bolmak bilen jemi 16 medal gazanyp, birinji orny eýeledi.

Indoneziýaly Beatris Gumulýa bolsa, bir otagda bile ýaşaýan ýoldaşy Aldila Sutjiadi bilen 2,5 sagat dowam eden oýunda ýeňiş gazandy we tennis boýunça zenanlaryň arasynda ýekelikdäki ýaryşyň çempiony boldy.

Zenanlaryň arasynda geçirilen tennis boýunça jübütleýin ýaryşyň final tapgyrynda taýlandly Tamaçan Momkuntod bilen Warunýa Wongteançaý hindistanly Prarthana Tombareden we Ankita Rainadan üstün çykdylar. Bu Tombareniň ikinji ýeňlişi boldy, ýagny ol duşenbe güni garyşyk jübütleriň arasynda bolan final tapgyrda hem ýeňlipdi.

Erkekleriň arasynda geçirilen tennis boýunça jübütleýin ýaryşda hindistanly Jagadeesan Wishnuwardan we Wijeý Natarajan gazagystanly Denis Ýewseýew bilen Timur Habibulinden üstün çykdylar.

Iki günläp geçirilen tans sporty boýunça ýaryşda koreýaly topar üç sany altyn medaly eýelemegi başardy. Desga ýygnanan tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp bolan Kang Munseong we Park Jisu altyn medala ynamly hereket edip, rumba we ça-ça-ça görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlaryň ikisinde-de altyn medalyň ýeňijileri boldular. Olaryň ildeşleri Nam Gi Ýong we Şin Nara hem jaýw görnüşinde birinji orna mynasyp boldular. Hytaýly Ýan Bangbang we Žu Jing pasodobl görnüşi boýunça ýeňiji diýlip yglan edildiler. Alekseý Kibkalo we Tatýana Kogadeý bolsa sambada ýeňiji bolup, Gyrgyzystan watanlaryna altyn medaly sowgat etdiler.

Bilýard sport arenasynda bolsa hytaýly Çen Siming zenanlaryň arasynda 10 şarly pul görnüşinde ýekelikde birinji boldy. Gyrgyzystandan gelen Yzatbek Ratbekow hem erkekleriň arasynda garyşyk rus piramidasy görnüşi boýunça ýekelikde geçirilen ýaryşyň çempiony boldy. Sekiz gün dowam eden gyzykly ýaryşyň netijesinde hytaýly türgen Žao Zintong erkekleriň arasynda ýekelikde birinji orna mynasyp bolup, altyn medaly eýeledi. Şeýlelikde, altyn medallaryň 12-siniň eýesi bolan Hytaý sportuň bilýard görnüşi boýunça toparlaýyn umumy hasapda birinjiligi eýeledi.

Ýedi günläp dowam eden kikboksing ýaryşynda Eýranyň we Türkmenistanyň türgenleri iki altyn medala mynasyp boldular. Hytaýdan, Gazagystandan we Yrakdan gelen türgenler bolsa her haýsy bir altyn medal gazandy. −81 kg agram derejede çykyş eden eýranly türgen Mahmud Sattari lou-kik görnüşinde ýeňiş gazandy. Şu günüň dowamynda zenanlaryň arasynda lou-kik görnüşi boýunça −52 kg agram derejede geçirilen ýeke-täk ýaryşda hytaýly türgen Li Ýyeýao çempion bolmagy başardy.

Şeýle hem, sişenbe güni ýer eýesi Türkmenistanyň topary sportuň sambo görnüşinde iki sany altyn medal gazandy. Gyrgyzystanly we gazagystanly türgenler hem iki altyn medal eýelemegi başardylar. Altyn medallaryň biri bolsa Özbegistana gider.

Sişenbe güni bolan küşt ýaryşlaryň netijesinde dört altyn medalyň ikisi Hytaýyň küştçilerine gowşuryldy. Aşgabat 2017-niň küşt boýunça ýaryşynda Wýetnamdan gelen Le Kwang öňe saýlandy. Ol erkekleriň arasyndaky toparlaýyn rapid ýaryşynda öňdebaryjy türgen boldy. Mundan öňräk Kwang erkekleriň arasynda nusgawy ýekelikdäki ýaryşda hem ýeňiji boldy we bu ýaryşyň iň ökde küştçisi diýen ada mynasyp boldy. Zenanlaryň arasynda 23 ýaşdan kiçi türgenleriň arasyndaky ýaryşyň final tapgyrynda gazagystanly jübüt Dinara Saduakassowa we Žansaýa Abdumalik özlerinden garaşylan tamany ödäp, birinji ýeri eýelediler.



|< < Spisok > >| 
© 2003-2017, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.