Habarlar

Aşgabat 2017-niň surat galereýasy we gündelik hasabat: onunjy gün

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2017-09-26

Ashgabad-2017

Aşgabat 2017-niň surat galereýasy we gündelik hasabat: onunjy gün

25 Sentýabr, 2017 (22:18)

Hepdäniň duşenbe güni, ýagny 25-nji sentýabr güni Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän onunjy güni boldy. Ol gün medal üçin bilýard sportunda, tans sportunda, tennisde, kikboksingde, samboda, gysga aralykda ýüzmekde, agyr atletikada we sport göreşinde medal üçin ýaryşlar geçirildi. Şeýle-de, zenanlaryň arasynda futzal boýunça altyn we bürünç medallar üçin bäsleşildi. Mundan daşary, hepdäniň duşenbe güni Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek Aşgabat 2017 oýunlarynda elektron sporty boýunça görkezme ýaryşlary geçirildi.

Duşenbe güni iň täsirli ýaryşlaryň biri zenanlaryň arasynda futzal sporty boýunça altyn medal üçin geçirilen ýaryşdyr. Ýaponiýadan we Taýlanddan gelen zenan futzalçylardan ybarat bolan toparlaryň biri beýlekisinden galmajak bolup jan etdiler. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynda Ýaponiýanyň futzal boýunça zenanlar topary yzygider 3 gezek altyn medalyň eýesi boldular. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynda yzygiderli üç altyn medaly alyp gelýän Ýaponiýanyň zenan futzalçylary, bu gezek hem dördünji altyn medalyň eýesi bolmagy maksat edindiler. Emma Taýland bilen geçirilen final ýaryşyň başynda ýaponiýaly türgenler ilkinjiligi gidirdiler.

Taýlandyň ilkinji we ýeke gol salyp, öňde barýandygyna garamazdan, ýapon gyzlary has-da erjellik bilen ýaryşyp, 35-nji minutda gol sanyny deňlemegi başardy. Emma taýlandly Darika Penpailun Ýaponiýanyň hasabyna salnan goldan bir minut geçip-geçmänkä, garşydaşynyň derwezesine ikinji topy salmagy başardy. Oýunçy sanlaryny artdyrmak arkaly gollaryň sanyny deňlemek üçin ýapon topary öz derwezebanyny öňe süýşürdi. Bu olary birnäçe gezek gol bolup biljek ýagdaýlardan halas etdi. Emma taýlandly Jenjira Bubfa oýun meýdançasynyň merkezinden derwezebansyz galan ýapon toparynyň derwezesine gol salyp, 3—1 hasap bilen zenanlaryň arasynda futzal boýunça Taýlanda altyn medaly getirdi.

Sambo ýaryşlary Türkmenistan üçin örän şowly boldy. Çünki, gazanyp boljak 7 altyn medalyň 4-sini türkmen pälwanlary almagy başardy. Olaryň içinde Zafar Madaminow erkekleriň arasynda sambonyň söweş görnüşi boýunça +100 kg agyrlyk derejesinde hem-de −52kg agyrlyk derejesinde zenanlaryň arasynda sambo boýunça geçirilen ýaryşda Gülbadam Babamyradowanyň altyn medal üçin göreşleri has-da ýatda galyjy boldy.

Aşgabat 2017 oýunlarynyň çäginde gysga aralykda suwda ýüzmek boýunça geçirilen ýaryşlaryň soňky gününde hem Oýunlar rekordy gaýtadan goýulmagyny dowam etdirýär. Çünki, duşenbe güni Suw sport toplumynyň howzunda 5 sany täze record goýuldy. Olary wýetnamly Thi Anh Wiýen Nguýen (zenanlaryň arasynda 100m toplumlaýyn ýüzüş), hytaýly Sun Meiçen (zenanlaryň arasynda 100m erkin ýüzüş), gazagystanly Adyl Kaskabaý (erkekleriň arasynda 100m erkin ýüzüş), koreýaly Kim Daleun (zenanlaryň arasynda 50m brass ýüzüş) we hytaýly erkek türgenleriň 4×100m aralyga toplumlaýyn ýüzüş estafetasynda täze rekordlar goýuldy.

Aşgabat 2017 oýunlarynyň çäginde geçirilen gysga aralykda ýüzmek boýunça ýaryşlarda, Hytaý jemi 29 medaly gazanmagy başardy. Şolardan 11-si altyn medaldyr. Bu bolsa, hytaýly türgenleriň suw howzunda eden çykyşlarynyň iň netijelisidigini aňladýar.

Tans sporty boýunça geçirilýän ýaryşlaryň ilkinji gününde, Hytaý wekilýeti üçin medallaryň sanynyň artan güni boldy. Hytaýly 2 jübüt tansçylar iki altyn medaly gazandylar. Olar: Ýuan Şaoýang we Kui Çongzuan wals we tango boýunça ýaryşlaryň ýeňijisi boldy, Kui Ýuming we Wei Liýing bolsa haýal fokstrot we kwikstep boýunça ýaryşyp, altyn medalyň eýesi boldular.

Hytaý üçin şowly çykyşlar duşenbe güni dowam etdi. Zenanlaryň arasynda erkin göreş boýunça hödürlenilen 4 altyn medalyň 3-sini hytaýly türgenler aldy. Olar: Pei Kzingru -58kg agyrlyk derejesiniň ýeňijisi, Kzu Rui −63kg agyrlyk derejesiniň ýeňijisi we Palifa −75kg agyrlyk derejesiniň altyn medalynyň ýeňijisidir.

Tennis boýunça ýaryşlaryň ilkinji medallary duşenbe güni gowşuryldy. Taýlandly Niça Lertpitaksinçai we Nuttanon Kadçapanan tennis ýaryşynyň garyşyk jübütler görnüşinde 3 setiň dowamynda hindistanly Prarthana Tombeýrden hem-de Jagadisan Wişunuwardandan 5—7, 6—4, 6—2 hasap bilen üstün çykyp, altyn medalyň mynasyp eýeleri bolmagy başardy.

Günüň soňunda Türkmenistanyň hasabynda, ýaryşlaryň gutarmagyna iki günüň galandygyna garamazdan, jemi 229 medal bar. Şolaryň 85-si altyn medal. Bu bolsa Türkmenistan döwletine medallaryň sany boýunça düzülen sanawda ilkinji orunda durmaga doly hukuk ygtyýar berýär. Hytaý Halk Respublikasy jemi gazanan 77 medalynyň 34-siniň altyn bolmagy bilen, Türkmenistandan soňra ikinji orunda durýar.



|< < Spisok > >| 
© 2003-2017, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.