Habarlar

Aşgabat 2017-niň surat galereýasy we gündelik hasabat: dokuzynjy gün

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2017-09-25

Ashgabad-2017

Aşgabat 2017-niň surat galereýasy we gündelik hasabat: dokuzynjy gün

24 Sentýabr, 2017 (22:46)

Ýekşenbe güni Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dokuzynjy güni boldy. Oýunlaryň soňunyň golaýlaşmagy bilen, täsirli pursatlar we ýatdan çykmajak ýeňişler has-da artýar. 3×3 basketboly boýunça erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda geçirilen altyn medal üçin ýaryşlary, erkekleriň arasynda futzal boýunça ýarym finallar, gysga aralykda ýüzmek hem-de agyr atletika boýunça ençeme rekordlaryň goýulmagy, şeýle-de sambo we agyr atletika boýunça ýaryşlaryň ilkinji güni hepdäniň ýekşenbe güni bolup geçdi. Şeýlelikde, ýekşenbe güni ajaýyp pursatlara juda baý boldy.

Hepdäniň soňky güni agşam 3×3 basketboly boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda altyn medal üçin ýaryşlar geçirildi. Ýaryşlaryň netijesinde ýarym finalda duşuşjak toparlar saýlanyldy. Ýagny, zenanlaryň arasynda Taýland Özbegistana garşy, erkekleriň arasynda geçiriljek ýarym finalda bolsa Katar Yraga garşy altyn medal üçin ýaryşar.

Zenanlaryň arasynda geçirilen altyn medal üçin ýaryş diýseň gyzgalaňly geçdi. 20—20 deň utuk gazanan toparlaryň birini ýeňiji diýip yglan etmek üçin oýun tamamlananyndan soňra goşmaça wagt berildi. Oýun taýlandly Penphen Yothanan kortuň daşyndan topy oklamak arkaly öz topary üçin iki utuk gazanyp, toparyny medal üçin dalaşgärleriň hataryna goşdy. Şonuň üçin-de, Penphenä «günüň gahrymany» diýsek-de bolar.

Erkekleriň arasynda geçen 3×3 basketbol ýaryşynyň hem öz gahrymanlary boldy. Katar bilen Yragyň arasynda geçirilen ýaryşda Katar Aşgabat 2017 oýunlarynyň 3×3 basketbolynyň altyn medalyny gazanmagy başardy. 22—12 utuk bilen ýeňiji bolmak üçin soňky iki utugy Erfan Said gazandyrdy.

Ýekşenbe güni agşam geçirilen futzal boýunça ýarym final ýaryşlarynda Owganystan Eýrana garşy, Ýaponiýa bolsa Özbegistana garşy ýaryşyp, ýaryşlaryň netijesinde altyn medal üçin duşuşjak toparlar saýlanyldy.

Owganystanly türgenler türkmenistanly futzalçylardan jerime urgusynyň kömegi bilen üstün çykypdylar. Emma, owgan türgenleriniň eýranly türgenler bilen duşuşygynda, eýran türgenleri özleriniň ukyplaryny doly görkezmegi başardy. Duşuşygyň soňy 8—2 hasap bilen Eýranyň ýeňiji bolmagy bilen tamamlandy.

Ýaponiýa bilen Özbegistanyň arasynda geçirilen duşuşykda doly hem-de goşmaça wagtdan soňra toparlar 3—3 hasap bilen oýny deň tamamladylar. Emma, jerime urgusynyň netijesinde Özbegistanyň topary ýeňiji diýlip yglan edildi.

Suw sport toplumynda geçirilen ýaryşlaryň dowamynda, gysga aralyga ýüzmek boýunça Hytaý özüniň öňdebaryjy ornuny hiç ýurda bermedi. Hytaýly türgenler bir günüň içinde 4 sany altyn medaly gazanmagy başardy. Ondan daşary olar 3 sany Oýunlar rekordyny hem goýdylar. Wang Peng erkekleriň arasynda geçirilen 50 m aralyga ýüzmegiň batterflaý görnüşi boýunça, Sun Meiçen zenanlaryň arasynda 200 m erkin ýüzüş boýunça hem-de ýygyndy topary zenanlaryň arasynda 4×50m aralyga erkin ýüzüş estafetasynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň taryhynda bu sport görnüşleri boýunça iň ýokary netijeleri görkezen topar boldy we olaryň ählisi hem Hytaý Halk Respublikasynyň türgenleridir.

Ýekşenbede diňe hytaýly türgenler rekord goýmady. Hytaý Taýpeýinden gelen türgenler hem erkekleriň arasynda 4×50 m aralyga erkin ýüzüş boýunça Oýunlaryň rekordyny goýdy. An Ting-Ýao bolsa erkekleriň arasynda 200 m erkin ýüzüş boýunça altyn medalyň eýesi boldy.

Dokuz sany agyrlyk derejesi boýunça geçirilen sambo ýaryşlarynyň ilkinji gününiň ahyrynda Gazagystan 8 medal almak bilen (şolardan 4-si altyn) birinjilikde boldy. Oýunlary geçirýän ýurduň türgenleri 7 sany medal almagy başardy (şolardan 2-si altyn).

Kikboksing boýunça geçirilýän ýaryşlaryň medal gowşurylýan ilkinji gününde Eýran üç medaly bir günde aldy. Gazagystanly we türkmenistanly türgenleriň her biri iki sany medal almagy başardy.

Agyr atletika boýunça zenanlaryň arasynda −90 kg agyrlyk derejesine çenli geçirilen ýaryşda yklymlaýyn rekordy goýmagy başaran 18 ýaşly Eilin Çikamatana (Fiji), Okeaniýa ýurtlarynyň hataryna girýän watany üçin ilkinji altyn medaly aldy. Fijili zenan türgen Aşgabat 2017 oýunlarynyň altyn medalçysy bolmak üçin agyr atletikanyň silterläp götermek görnüşinde hem-de itekläp götermek görnüşinde jemi 253 kg agramy göterip, birinji ornuň mynasyp eýesi boldy.

Wýetnamly Le Kuang Liýem erkekleriň arasynda we hytaýly Tan Zongiý garşydaşy hem-de ýurtdaşy Li Tingjiden üstün çykyp, küştüň şahsy nusgawy görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda uly ýeňiş gazanmak bilen, altyn medallaryň ýeňijileri boldylar.

Aşgabat 2017 oýunlaryny geçirýän ýurt Türkmenistan bolsa, medal sany boýunça öz birinjiligini saklap gelýär. Türkmen türgenleriniň şu güne çenli gazanan jemi 206 medalynyň 79-sy altyn medaldyr.



|< < Spisok > >| 
© 2003-2017, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.