Habarlar

Aşgabat 2017-niň surat galereýasy we gündelik hasabat: sekizinji gün

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2017-09-24

Ashgabat-2017

Aşgabat 2017-niň surat galereýasy we gündelik hasabat: sekizinji gün

23 Sentýabr, 2017 (23:49)

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dowam edýän sekizinji güni futzal we basketbol boýunça ýaryşlary, agyr atletika boýunça dünýä rekordlarynyň goýulmagy hem-de welosport boýunça ýokary tizlikde ýaryşan türgenleriň ýeňşI bilen beslendi.

Aşgabat 2017-niň sekizinji gününde sportuň 12 ugry boýunça ýaryşlar geçirildi. Atly sport (konkur) we guşakly göreş ýaryşlarynyň soňky güni bolup, bilýard sporty, suwda ýüzmek, küşt, tennis, kikboksing hem-de agyr atletika boýunça geçirilýän ýaryşlar dowam etdi. Sportyň ýedi görnüşi boýunça medallar gowşuryldy.

Agyr atletika arenasynda eýranly Moradi Sohrab altyn medal almak bilen erkekleriň arasynda 94 kg agyrlyk derejesinde göteren agyrlyklary boýunça dünýä rekordyny goýdy. Moradi bize bu barada şeýle gürrüň berdi: «Ýeňşim hem-de goýan rekordym ençeme ýyllar eden türgenleşigimiň netijesidir».

Düýn 29 ýaşyny baýram eden eýranly pälwan, umumy 413 kg agyrlyk göterip, 1999-njy ýylyň noýabr aýynda grek türgeni Akakios Kakiaswilis tarapyndan goýlan rekordy 1 kg artyk götermek bilen täzelemegi başardy.

Agyr atletika arenasynda şol gün zenanlaryň arasynda 75 kg agyrlyk derejesinde ýaryşan mongol türgeni Anktsetseg Munkjanstan ilkinji synanyşanda agyrlyk ştangany götermegi başarmady, emma soňky bäş synanyşygyny üstünlikli amala aşyryp, altyn medaly gazanmaga doly mümkinçiliginiň bardygyny görkezdi. Soňky synanyşygynda itekläp götermek görnüşi boýunça 130 kg götermegi başaran mongol zenany ýeňijileriň münberinde altyn medaly boýnundan asdy.

Gonkongyň welotrek boýunça topary Welotrek sport binasynda 4-nji we 5-nji altyn medallaryny almagy başardy. Bu sapar omnium görnüşi boýunça erkekleriň arasynda altyn medallara Leung Çun-Wing hem-de zenanlaryň arasynda Diao Kzaijun mynasyp boldy.

Gazagystanly Pawel Woržew erkekleriň arasynda keirin görnüşi boýunça altyn medaly aldy. Paweliň bu barada beren gysgaça gürrüňi onuň ýokary derejeli türgenler bilen tejribesiniň ýokarydygyny görkezdi. Ol: «Diňe bir zat aýdaýyn: ýaryşlara taýýarlyk görüp, ençeme ýyllar türgenleşmek kyn, emma muny edip bilseň ýaryşmak aňsat bolýar» diýip, gysgaça gürrüň berdi.

Suw sport toplumynda gysga aralyga ýüzmek boýunça ýaryşlaryň ikinji gününde, Hytaý Halk Respublikasyndan, Koreýa Respublikasyndan hem-de Gonkongdan gelen türgenler howuzda täsin çykyşlary görkezdiler hem-de ýeňijileriň münberinde mynasyp orunlaryny tapdylar. Şeýle-de, suwda ýüzmek boýunça bu üç ýurt iň köp medal gazanan ýurtlardyr. Hytaý suwda ýüzmek boýunça jemi 4 altyn medaly gazandy, Gonkong, Hytaý Taýpeýi hem-de Koreýa Respublikasynyň her biri bolsa 1 altyn medaly aldy.

Bowling boýunça erkekleriň arasynda jübütleýin final ýaryşynda Günorta Koreýadan gelen Ço Yung Seon hem-de Kang Hiwon garşydaşlary hem ildeşleri bolan Kim Kýungmin we Ço Bokeumy 434—383 utuk bilen ýeňmegi başardylar.

Bilýard sport arenasynda 17 ýaşly taýlandly Nutçarat Wongharutai 4—0 bilen topardaşy Warathanun Sukrithanesden üstün çykdy. Şeýlelik bilen, Nutçarat zenanlaryň arasynda 6 gyzyl şarly snuker şahsy ýaryşynyň ýeňijisi boldy.

Atçylyk sport toplumynda Hamad Ali Al Attiaýah konkur sportuň şahsy görnüşinde ajaýyp çykyşy bilen altyn medalyň eýesi boldy. Katarly çapyksuwar ýedi türgeniň içinde päsgelçilikden bökmek boýunça ýaryşy iň çalt ýerine ýetirendigi üçin ýeňiji bolmagy başardy.

Erkekleriň arasynda futzal boýunça geçirilen ýarym finallarda ýaponiýaly türgenler Iordaniýadan gelen türgenler toparyndan, Eýran bolsa Taýlanddan üstün çykdy. Owganystan bolsa türkmen türgenlerini utulyşa sezewar etdi, Wýetnam Özbegistandan utuldy. Ýekşenbe güni sagat 17:00-da geçiriljek ýaryşda Eýran hem-de Owganystan, 19:00-da geçiriljek ýaryşda bolsa Ýaponiýa bilen Özbegistan duşuşar.

3×3 basketboly boýunça erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda çärýek final ýaryşlarynda örän gyzykly tutluşyklar boldy. Ýekşenbe güni bolsa, bu sport ugry boýunça ýarym finallar geçiriler. Zenanlaryň arasynda sagat 18:00-da Siriýa Özbegistana garşy, 18:30-da bolsa, Taýland Türkmenistana garşy oýnar.

Erkekleriň arasynda 3×3 basketboly boýunça final ýaryşlarynda Mongoliýa Katar bilen 19:00-da duşuşar, Yrak 19:30-da Gyrgyzystan bilen ýaryşar. Oýunlary geçirýän ýurduň türgenleri bolsa Katardan utulyp, ýaryşlardan çykdy.

Guşakly göreşiň alyş dissiplinasy boýunça birinjiligi Türkmenistan başga hiç ýurda bermedi. Türkmen türgenleri bu sport ugry boýunça jemi 39 altyn medaly almagy başardy. Zenanlaryň arasynda alyş dissiplinasy boýunça geçirilen duşuşyklaryň netijesinde 4 sany, erkekleriň arasynda hem 4 sany altyn medaly türkmen türgenleri eýeledi. Türkmenistanyň türgenleriniň ýygyndy topary Oýunlaryň başlan gününden başlap, özleriniň öňdebaryjy türgenlerdigini subut etdi.

Şu günki güne çenli türkmen türgenleriniň gazanan 193 medallarynyň 77-si altyn medaldyr. 19 altyn medal bilen Eýran ikinji orunda gelýär, Taýland we Hytaý bolsa, her biri 16 altyn medal gazanmak bilen üçünji orunda bilelikde barýar.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy