Habarlar

Aşgabat 2017 oýunlarynyň altynjy güni üçin surat galereýasy hem-de gündelik hasabat

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2017-09-22

Ashgabad-2017

Aşgabat 2017 oýunlarynyň altynjy güni üçin surat galereýasy hem-de gündelik hasabat

21 Sentýabr, 2017 (23:05)

Uly göwrümli sport ýaryşlarynyň aglabasynyň geçirilen Aşgabat 2017 oýunlarynyň altynjy güni täsirli wakalara juda baý boldy. Ýaryşlaryň altynjy güni Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň kulminasiýasy bolup, Aşgabat şäheriniň çäginde jemi 13 sany sport çempionatlary birbada geçirildi.

Ýokary guramaçylykly amala aşyrylan ägirt uly işleriniň netijesinde, haýran galdyryjy çempionatlarda türgenleriň üns merkezi bolmagy bilen, bu sport çäreleri Aziýa, Okeaniýa hem-de beýleki has uzagrakda ýerleşýän ýurtlarda ýaýlyma berildi.

Aşgabat 2017 oýunlarynyň 6-njy güni Oýunlaryň tertipnamasynda iň gyzgalaňly gün bolup geçdi. Atly sport (konkur), bowling hem-de küşt boýunça ýaryşlar Aşgabat 2017 oýunlarynyň çäginde ilkinji gezek geçirildi. Dokuz sany beýleki sport ugurlaryndan bolsa, türgenler medal üçin ýaryşdylar.

Taý boksy boýunça final ýaryşynda taýlandly türgenler özüniň ussatlygyny doly görkezmegi başardy. Taý boksy boýunça jemi 14 altyn medal türgenlere gowşurylar. Şolaryň 7-sini taýlandly türgenler eýeledi. Geçirilen ilkinji bowling çäresi hem Taý topary üçin juda şowly boldy. Annop Arromsaranon erkekleriň arasynda şahsy oýnuň ýeňijisi boldy.

Birnäçe sport ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň ýeňiji bolmagy bilen, şol sanda, taý boksy boýunça iki medal gazanmak arkaly türkmenistanly türgenler eýelän altyn medallarynyň sanyny artdyrdy. Atly sport (konkurt) ýaryşynyň geçirilen ilkinji gününde Nikolaý Beglarýan Ahalteke kubogynyň altyn medalyna mynasyp boldy.

Agyr atletika boýunça, türkmen pälwany Rejepbaý Rejepow 77 kg agyrlyk derejesinde ýeňiji boldy. Kuraş sporty boýunça 66 kg agyrlyk derejesinde çykyş eden Myrat Orazow bu sport ugry boýunça ýeňiş gazanmagy başaran ýeke-täk türkmen türgeni boldy.

Kuraş sport görnüşi boýunça özbegistanly türgenler üç sany altyn medaly almagy başardy. Hytaý Taýpeýinden gelen türgenler bolsa, şu gün üçin niýetlenen alty sany medalyň ikisiniň eýesi boldular.

Bilýard sporty boýunça altyn medaly Hytaý döwleti gazandy. Hytaýly ýaş zehin Ýan Bingtao 6 gyzyl şarly snuker şahsy oýnunyň altyn medalynyň eýesi bolmagy başardy. Şeýle-de, zenan türgenleriň arasynda 63 kg agyrlyk derejesinde geçirilen agyr atletika boýunça altyn medalyň eýesi bolmagy hem başardy.

Welotrek sport binasynda gonkongly topar toparlaýyn sprint sport görnüşi boýunça altyn medaly gazandy.

Guşakly göreş sport ugry boýunça ajaýyp ýaryşyň tamamlanmagy bilen, Aşgabat 2017 oýunlarynyň altynjy gününiň soňunda guşakly göreş boýunça ýaryşda 90 kg agyrlyk derejesine çenli erkekleriň arasynda geçirilen gazak göreşi boýunça altyn medalyň mynasyp eýesi bolmagy türkmen pälwany Tejen Tejenow başardy. Gazagystandan gelen türgenler bu sport görnüşi boýunça +90 kg we −70kg agyrlyk derejelerinde altyn medallary gazandylar. Eýranly türgenler bolsa Pahlawani sport görnüşi üçin hödürlenilen altyn medallaryň üçüsini hem almagy başardy.

Türkmenistan döwletiniň jemi 147 medal gazanmagy bilen (şolardan 59-sy altyn medal) ýeňijileriň sanawynda birinji orunda durýar. Guşakly göreş sport ugry boýunça agşam geçirilen ýaryşda gazanan medallary hem-de taý boksy boýunça gazanan üç sany altyn medal bilen Eýran jemi 16 altyn medal gazanyp, ikinji orunda durýar.Taýland bolsa, jemi 13 altyn medal bilen üçünji orunda barýar.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy