Habarlar

Aşgabat 2017: 18-nji sentýabrda bolup geçjek wakalar barada gysgaça maglumat

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2017-09-19

Ashgabat-2017

Aşgabat 2017: 18-nji sentýabrda bolup geçjek wakalar barada gysgaça maglumat

18 Sentýabr, 2017 (00:16)

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üçünji gününiň dowamynda şowhun has-da artar. Sebäbi sportuň 6 görnüşi, ýagny ýeňil atletika, jiu-jitsu, taekwondo, welosport (trek), türkmen milli göreşi we agyr atletika boýunça ýaryşlaryň netijesi jemlenip, tapawutlanan türgenlere medullar gowşurylar.

Aşgabat 2017-niň ýeňil atletika boýunça ýaryşynyň ilkinji gününde türgenler erkekleriň we zenanlaryň arasynda aýratynlykda geçirilen 60 m päsgelçilikli ýaryşyň, erkekleriň arasyndaky syrykly bökmek we 5 görnüşli ýaryşlaryň netijesi boýunça 8 sany altyn medally orny eýelemek üçin öz ussatlyklaryny görkezerler. Duşenbe güni geçiriljek ýaryşa dürli halkara bäsleşikleriň ýeňijileri gatnaşar we medally orny eýelemek üçin ähli başarnyklaryny görkezerler, şol sebäpli hem ýaryşyň çekeleşikli we dartgynly geçmegine garaşylýar.

Welotrek sport binasynda bolsa Aşgabat 2017-niň welosportuň toparlaýyn sprint görnüşi boýunça geçiriljek we hemmäniň ünsüni çekjek ýaryşlaryň biri badalga alar. Her toparda üç türgeniň gatnaşmagynda 250 metrlik welotrek ýodasynda geçiriljek ýaryş hakykatdan hem iň şowhunly ýaryşlaryň biri bolar.

Şol bir wagtda taýboks boýunça ýaryşyň ikinji güni Taýlandyň göreşçileri öz watanynda dörän başa-baş söweş sungatynda medal sany boýunça birinjiligi saklamaga çemeleşerler. 57 kg çenli agram derejesinde çykyş edýän Çotiçanin Kokkraçaýyň ýolbaşlygyndaky Taýlandyň milli ýygyndy topary Aşgabat 2017-niň taýboks boýunça ýaryşyň birinji güni 7 medal alan soň, ýene-de birnäçe üstünlikli çykyşlary görkezmägi maksat edinýärler.

Şeýle hem, duşenbe güni Aşgabat 2017-niň çäginde türkmen mili göreşi boýunça ahyrky ýaryşlar geçiriler. Ýer eýeleri türkmen pälwanlary türkmen milli göreşiniň erkin görnüşi boýunça üstünlikli çykyş edip, 10-sy altyn, jemi 24 medal gazanmagy başardylar. Duşenbe güni hem örän ussat türgenleriň çykyş etmegine garaşylýar. Ýagny, ýerli janköýerlere türkmen milli göreşi boýunça ýaryşyň ahyrky gününiň dowamynda gyzgalaňly tomaşa garaşýar.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy