Habarlar

Energetika ulgamyndaky ösüşlere bagyşlanyldy

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2017-09-11

Türkmenistan gazeti,
11.09.2017

Energetika ulgamyndaky ösüşlere bagyşlanyldy

Öňňin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde TYA-nyň, Türkmen döwlet energetika institutynyň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bilelikde guramagynda Energetika senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli «Energiýany üstaşyr geçirmegiň ähmiýeti we energiýa tygşytlylygy» atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň, Gün energiýasy institutynyň, Himiýa institutynyň, Maldarçylyk institutynyň, Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň alymlary, ylmy işgärleri, şeýle hem Türkmen döwlet energetika institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary işjeň gatnaşdylar. Onda ýurdumyzda alternatiw energiýa çeşmelerini utgaşdyryp peýdalanmagyň tehnologiýalary, energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmegi we ekologik abadançylygy üpjün etmegiň ähmiýeti, elektrik energiýasyny daşary döwletlere çykarmakda alnyp barylýan işler, energetika pudagyny ösdürmekde innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini oba hojalygynda, maldarçylyk pudagynda ulanmagyň ähmiýeti dogrusynda täsirli hem-de möhüm ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ylmy maslahatda çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni, söwda we beýleki ugurlar bilen birlikde, geljegi möhüm ähmiýetli energetika ulgamynda hem hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilýändigini aýratyn nygtadylar.

Ylmy maslahatda çykyş eden alymlar Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň ähmiýetini nygtap, munuň biziň ýurdumyzyň energetika babatda halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň halkara giňişlikde uly gyzyklanma bildirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolandygyny bellediler.

Bilşimiz ýaly, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyga saýlanmagy bilen baglylykda, 2017- nji ýylyň 30-njy maýynda Energetika howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmek babatda çarçuwaly ylalaşygy ýola goýmak bilen baglanyşykly Energetika Hartiýasyna gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleriniň duşuşygy geçirilipdi. Onda halkara energetika hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmek we pugtalandyrmak bilen baglanyşykly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika Hartiýasynyň Aşgabat duşuşygynyň çäklerinde energetika pudagynda ekologiýa, energiýa serişdelerini netijeli hem tygşytly peýdalanmak, energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilişini hukuktaýdan üpjün etmek, syýasy, hukuk meselelerini çözmek bilen bagly meseleler dogrusynda oňyn çözgütler kabul edildi.

Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistan döwletimizde uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, täzeden dikeldilýän energiýa serişdelerini peýdalanmak, energiýa serişdelerini howpsuz üstaşyr geçirmek, energiýanyň netijeliligini we tygşytlylygyny ýokarlandyrmak, energiýany ulanmagyň netijesinde onuň daşky gurşawa täsirini peseltmek babatda alnyp barylýan geljegi möhüm ähmiýetli işler dogrusynda garaýyşlaryny beýan edip, hormatly Prezidentimiziň önümçilik pudaklaryny, şol sanda energetika senagatyny ylmy esasda ösdürmek babatda öňde goýan möhüm ähmiýetli wezipelerini çözmekde özleriniň ähli ukyp-başarnygyny, yhlasly zähmetini gaýgyrmajakdyklaryny bellediler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň abadan, eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

Myrat TUWAKOW,
TYA-nyň Dil-edebiýat, taryh we pedagogika ylymlary bölüminiň
baş bilermeni.



|< < Spisok > >| 
© 2003-2017, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.