Habarlar

Alymlar gara mallaryň netijeli tohumlaryny döretmek ugrunda iş alyp barýarlar

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2017-08-09

«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti

Alymlar gara mallaryň netijeli tohumlaryny döretmek ugrunda iş alyp barýarlar

08.08.2017

Mälim bolşy ýaly, maldarçylyk we guşçylyk toplumlaynyň birnäçesi bir ýyldan gowrak mundane ozal Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyna berildi. Oba we suw hojalygy ministrliginiň döwlete degişli pudagynda dowardarçylyk we düýedarçylyk pudaklary bar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Maldarçylyk we weterinariýa institutynyň hünärmenleri zootehniklere, maldarlara, maldarçylyk toplumlarynyň we fermalarynyň eýeleri bolan telekeçilere ýardam berýärler. Alymlar ýerlerdäki hojalyklara baryp, malalryň tohumçylk işi, sanjym edilişi we saklanylyşy barada maslahatlar berýälr.

Institytda ýurdumyzda sygyrlaryň golştin, monbelýard we beýleki Ýewropa tohumlarynyň görnüşleriniň köpeldilýänligini habar berdiler. Şonuň bilen birlikde sebitimiz üçin gara mallaryň geljegi uly bolan garyşyk tohumyny-Kuba zebusyny ýetişdirmek boýunça köpýyllyk tejribeler dowam edýär. 500 başdan ybarat tejribe sürüsi Serhetabat etrabynyň «Galaýmor» we «Ýeňiş» hojalyklarynyň öri meýdanlarynda bakylýar.

Az süýt berse-de, zebu görnüşli mallar yssy we sowuk howa şertlerine uýgunlaşmaga ukyplydyr, iýmit dannamaýarlar, her hili kesellere durnuklydyr. Olar baldagy gaty ösümlikler we pagtany gaýtadan işleýän senagat önümçiligniň galyndylary bilen iýmitlenýärler, köp et berýän täze tohumlary döretmek üçin genetik material bolup durýar.

Ýylboýy öri meýdanlarynda bakylýan zebu görnüşli tohum mallar ýurdumyzda sygyr etiniň öndürilişini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Ýelena DOLGOWA



|< < Spisok > >| 
© 2003-2017, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.