Habarlar

Ýaş alymlar ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän ekinlere ideg etmegiň awtomatik usulyny işläp taýýarladylar

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2017-08-05

«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti

Ýaş alymlar ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän ekinlere ideg etmegiň awtomatik usulyny işläp taýýarladylar

03.08.2017

Botaniki bag üçin innowasion tehnologiýalar — ulag we aragatnaşyk institutynyň Ýaş alymlar geňeşiniň täze oýlap tapan geljegi uly tilisimatydyr. Institutyň dördünji ýyl talyplary Şirmuhammet Wepaýew we Merdan Möwlamow, ikinji ýyl talyplary Begenç Annaýew bilen Röwşen Rejebow dagy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we dermanlyk ösümlikler institutynyň alymlarynyň ýolbaşçylygynda ýyladyşhanalaryň işini üpjün etmegiň awtomatlaşdyrylan ulgamyny işläp taýýarladylar.

Täzelik synagdan geçdi, indi ol synag ýyladyşhanasynda topragyň we howanyň, ýylylyk düzgünini we ýagtylyk bellenilen şertlerini üpjün edýär.

Topragyň çyglylygyna gözegçilik edýän ýörüte ölçeýji enjam suwaryş ulgamyny dolandyrýar. Eger-de görkeziji kada laýyk gelmeýän bolsa, onda awtomatik usulda suwaryş ulgamy işläp başlaýar. Suw ýygnalýan gapdaky sensor suwuň derejesi peseldigi onuň üstüni dolmaga tabşyryk berýär.

Ýylyň dürli pasly üçin ýyladyşhanany sowatmagyň we ýelejiretmegiň göz öňünde tutulan ulgamy hemişe 16 gradus ýylylygy saklap, ýylyň sowuk günleri ýyladyşa harçlanýan energiýany tygşytlaýar.

Ýyladyşhana howany we çyglylygy görkezýän görkeziji enjamlar bilen üpjün edilendir. Howanyň çyglylygy kada laýyk gelmeýän bolsa, çyglandyryş enjamy işläp başlaýar. Çyglylyk artyk bolanda bolsa, penjireler awtomatik usulda açylýar.

Tomsuna yssynyň we ýiti Gün şöhlesiniň öňüni alýan ýörüte örtük ösümlikleri öte gyzmakdan goraýar. Ýagtylyk ýetmese welin, awtomatik usulda emeli yşyklandyryş ulgamy işe girizilýär.

Ýyladyşhanadaky anyk ösümlikleriň hersine elektron gajet ulanylyp oňaýly düzgünleri ýola goýup bolýar. Oňa gözegçilik etmegiň ulgamy ulanylyjy interfeýs tarapyndan amala aşyrylýar.

Synag ulgamynyň şowly bolmagy täzelige patent almaga mümkinçilik berer. Onuň awtorlarynyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda innowasion tehnologiýalar ykdysadyýetiň pudaklarynyň ählisini, şol sanda agrar pudagy netijeli ösdürmegiň esasy ugrydyr. Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy tehnologik täzelikleriň we hojalygy ýöretmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullarynyň önümçiligie ornaşdyrylmagyna, şol sanda çalt depginlerde ösýän ýyladyşhana hojalygynda orta we kiçi telekeçiligiň maksada okgunly höweslendirmegine gönüden-göni baglydyr.

Agrsenagat toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagy -ýurduň häzirki ösüşiniň esasy ugrydyr. Bu babatda Ýaş alymlar merkeziniň Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn gurluşlary bilen geljegi uly bolan hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti ulydyr.Türkmen döwlet ulag we argatnaşyk institutynyň ýaş oýlap tapyjylarynyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we dermanlyk ösümlikler institutynyň esasy hünärmenleriniň netijeli hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr.

Wiktoriýa NOWIKOWA



|< < Spisok > >| 
© 2003-2017, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.