Habarlar

Türkmenistanda Halkara ylmy maslahat geçirilýär

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2017-06-13

«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti

Türkmenistanda Halkara ylmy maslahat geçirilýär

12.06.2017

Türkmen paýtagtynda «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän bu foruma türkmen alymlary bilen bir hatarda dünýäniň onlarça ýurtlaryndan mugallymlar, ýaş ylmy işgärler gatnaşýarlar.

Maslahatyň açylyş dabarasy milli Liderimiziň başlangyjy boýunça döredilen we ýurdumyzyň intellektual we ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmaga ýardam berýän Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde geçirildi.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara we ähli ylmy işgärlere iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Öz gutlagynda hormatly Prezidentimiz biziň esasy maksadymyz Türkmenistanyň dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni, ylmy giňişlikdäki hem-de dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny pugtalandyrmakdan ybaratdyr diýip belledi. Şunda ylmyň ösüşini tizleşdirmekde, ýokary tehnologiýalaryň, innowasion tejribeleriň netijelerine daýanylýar.

Umumy mejlise Ýewropanyň we Aziýanyň belli ylmy merkezlerinden ylymlaryň doktorlary we professorlar: Andrea Walpersdorf (Grenobl uniwersiteti, Fransiýa), Hanno Şaumburg (Gamburg tehniki uniwersiteti, Germaniýa), Seong Min Hong, Gündogar — Günbatar ylmy-barlag ykdysadyýet we jemgyýet institutynyň prezidenti, (Koreýa Respublikasy), Belarusyň Milli ylymlar akademiýasynyň Ylmy işgärleri taýýarlaýan institutynyň rektory Igor Gançerenok, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti Georgiý Kwesitadze, akademik, Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Isa Akper ogly Gabibbeýli, Gazagystan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň akademigi Urişbaý Çomanow we beýlekiler gatnaşdylar.

Olar çykyşlarda bilim ulgamynyň dürli pudaklaryny ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degip geçdiler, özleriniň ylmy-barlag işleriniň netijelerini paýlaşdylar, hyzmatdaşlyk etmegiň we bilelikde işlemegiň ýollarynda bolan garaýyşlaryny beýan etdiler. Çykyş edenler innowasion ykdysadyýetiň mazmunynyň ähli ykdysady işleriň we ýagdaýlaryň hil taýdan üznüksiz täzelenilmegine maýa goýmak bolup durýandygyny bellediler. Häzirki zaman dünýäsiniň düýpli ykdysady, jemgyýetçilik, syýasy we beýleki özgertmeleriň tapgyryna gadam goýandygy nygtaldy. Ählumumylyk we ýakynlaşmak ýagdaýlary täze anyk hakykaty döredip, alymlaryň, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlarynyň hem-de ýokary tehnologiýaly, ylmy önümçilikleriň hünärmenleriniň degişli hünär ussatlyklarynyň ýokary hilini göz öňünde tutýan milli intellektual howpsuzlyk ýaly düşünje aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Çykyş edenleriň biri şu ýylyň fewral aýynda resmi taýdan wezipä girişmek dabarasynda türkmen Lideriniň aýdan: «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen sözüni mysal getirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan döwlet gurluşynyň konsepsiýasynda, milli ösüş maksatnamalarynda çuňňur nazary bilimlere hem-de netijeli tehnologiýalarda birleşen giňişleýin amaly tejribä esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmegiň innowasion ýoluna esasy orun berilýär. Bu tehnologiýalary biz «ýokary» diýip, olarda diňe bir iň täze sanly ulgamlaryň we öňdebaryjy inženerçilik çözgütleriniň ulanylandygy üçin däl, eýsem-de, ilkinji nobatda, önümçilikde, jemgyýetçilik durmuşynda we ýaşaýyşda, adam gatnaşygynda olaryň ýokary anyk netije berýändigini göz öňünde tutup atlandyrýarys.

Mejlisde edilen ylmy çykyşlar energetikadan başlap, ekologiýa çenli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegiň nazary we amaly meselelerini gurşap aldy. Mysal üçin, ukrain işläp taýýarlaýjylaryň topary «hereket edýän turbageçirijiler arkaly» gysylan tebigy gazy deňiz bilen ibermegiň usulyny görkezdi. Onuň aýratynlygy gämide ýerleşdirilen adaty ölçegli gaz geçiriji turbalardan bolan modullardan ybaratdyr. Mikroorganizmleriň hereketine esaslanan innowasion biotehnologiýalary döretmekde gruziýaly alymlaryň tejribesi, çöl çägesini fotoelektrik energiýasynyň çeşmesine öwürmek we «ýaşyl» ulag ýoluny döretmek boýunça ýapon taslamasy görkezildi. Gazagystandan bolan ylmy-barlagçylar ösümlik goşundylary bilen baýlaşdyrylan däp bolan turşadylan süýt önümlerini taýýarlamagyň täze tehnologik usullary barada gürrüň berdiler, nemes hünärmenleri bolsa gün bilen işleýän enjamlaryň Orta Aziýanyň şertlerinde netijeli ulanylyşyna degişli dürli görnüşlere seljerme berdiler.

Daşary ýurtly alymlar täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak ulgamynda türkmen kärdeşleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge, bilelikdäki taslamalara, synag nusgalaryny soňra önümçilige ornaşdyrmak üçin olaryň synama barlaglaryna gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Şu gün halkara ylmy maslahatynyň umumy mejlisiniň barşynda türkmen alymlarynyň uly toparyna lukmançylyk, ykdysady, himiýa, tehniki, oba hojalyk, taryh, filologiýa, pedagogika, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktorlyk we kandidatlyk derejeleriniň diplomlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Maslahata gatnaşyjylar Ylymlar gününe bagyşlanyp geçirilýän çärelere — ýaş türkmen alymlarynyň ylmy bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna hem-de sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertine gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.

Ertir, maslahatyň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylar bölümler boýunça mejlisi dowam etdirerler. Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Täze senagat — innowasion tehnologiýalary» atly bölüm mejlisi geçiriler. Daşary ýurtly myhmanlar öz ýurtlarynyň milli senagatlaryny döwrebaplaşdyrmagyň tejribesini beýan ederler, türkmen hünärmenleri bolsa halkara wekillerini iň täze işläp taýýarlamalar bilen tanyşdyrarlar, olar häzirki wagtda ýurdumyzyň nebit we gazhimiýa, elektroenergetika, gurluşyk serişdeleri senagaty pudaklaryna, uglewodorod serişdelerini, mineral serişdeleri we beýleki tebigy baýlyklary gazyp almak we gaýtadan işlemek ulgamyna işjeň ornaşdyrylýar.

Bu mejlisiň gün tertibine şeýle hem nanokompozit serişdeleri döretmegiň usullary, suw arassalamagyň tärleri, gazyň çykarylyşyny artdyrmak, peýdaly tebigy baýlyklaryň ýataklaryny gözlemek, seýsmiki howpsuzlyga gözegçilik etmek meseleleri geçiriler. Beýik Britaniýanyň we Türkmenistanyň alymlarynyň Köpetdag babatda bilelikde geçiren meýdan barlaglarynyň ilkinji netijeleriniň, kosmos geodeziýa ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ulag-logistika ulgamyny, şäher hojalygyny dolandyrmak we beýlekiler boýunça iş tejribeleriniň tanyşdyrylyşy geçiriler.

Tehnologiýalar merkezinde ekologiýa we biotehnologiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu pikir alyşmalara howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler, oba hojalyk ylmynyň we oba hojalyk pudagynyň — maldarçylygyň, guşçulygyň we ekerançylygyň, strategiki ähmiýetli ekinleriň seçgiçiliginiň, weterinariýanyň we zootehnikanyň, şeýle hem gen inženeriýasynyň, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň, galyndylary gaýtadan işlemegiň wezipeleri, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de ýerleriň şorlaşmagyna garşy göreşiň usullary boýunça meseleler hem goşular.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Ykdysady ösüş, halkara hyzmatdaşlyk we hukuk» ady bilen mejlis geçiriler. Bu ýerde salgyt we maýa goýum syýasaty, öňüni alyş diplomatiýasy, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek, syýahatçylyk pudagynda täze ykdysady çemeleşmeler, erkin ykdysady zolaklary döretmek, maglumat tehnologiýalarynyň orny we beýlekiler boýunça meselelere garalar.

«Lukmançylyk we derman ösdürmek» bölüminiň mejlisi Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetinde guralar. Bu mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar kardiologiýa ulgamynda, mikrohirurgiýada, stomatologiýada, oftalmologiýada şikesleri bejermekde, onkologiýada operasiýalary geçirmegiň täze usullary, nanotehnologiýa, derman önümçiliginde, şeýle hem anyklaýyş enjamlary toplumlarynda täze gazanylanlary ara alyp maslahatlaşarlar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde alymlar ynsanperwerlik ylymlaryň ösüşini öz içine alýan meseleler boýunça çykyş ederler. Bu ýerde bilim beriş syýahatçylygy, ýokary netijeli sportda we bedenterbiýe-sagaldyş hereketinde innowasiýa tehnologiýalary, etnoekologiýa däp-dessurlary, kompýuter lingwistikasy ýaly gyzykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem alymlar taryhy we arheologiýa barlaglarynyň jemleri, pedagogika, sungaty, sazy, edebiýaty öwreniş ylymlarynda geçirilen işler boýunça çykyşlary hödürlärler.

Şeýle hem maslahata gatnaşyjylaryň paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary bilen duşuşyklary, Aşgabadyň ajaýyp künjeklerine baryp görmegi öz içine alýan medeni maksatnama göz öňünde tutulýar.

Daşary ýurtly myhmanlar şeýle hem TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň işi, onda alnyp barylýan ylmy barlaglar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar, bu ýerde geçirilýän barlaglaryň netijeleri dürli forumlarda we maslahatlarda yzygiderli ýagdaýda beýan edilýär. Tehnologiýalar merkeziniň ylmy işgärleri Türkmenistanyň tebigy serişdelerini toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň innowasiýa tehnologiýalarynyň üstünde barlaglary geçirýärler, dünýewi ylymlar, mikrobiologiýa, bioekologiýa, şeýle hem himiýa, botanika we beýleki ulgamlarda amaly barlaglary geçirýärler.

Alymlar diňe bir barlaghanalarda däl-de, tebigat goraghanalarynda, goralýan çäklerde zähmet çekmek bilen, gymmatly, seýrek duş gelýän ösümlikleriň görnüşlerini, ýurdumyzyň «ýaşyl» genofonduny goramak maksady bilen, miweli ekinleriň ýabany görnüşlerini, bejeriş häsiýetli we dermanlyk otlary hem-de beýleki ösümlikleri öwrenýärler.

Türkmen alymlarynyň dikeldilýän energiýa çeşmelerini, ozaly bilen bolsa gün energiýasyny peýdalanmak boýunça tejribe-synag taslamalary daşary ýurtly hünärmenlerde uly gyzyklanma döredýär. Şol taslamalaryň birnäçesi ýakynda açylan «Astana EKSPO — 2017» halkara sergisinde görkezilýär we biziň ýurdumyzyň sergi merkezine gelýänleriň köpsanlysynda içgin gyzyklanma döredýär.

Bular ýurdumyzyň alymlarynyň alyp barýan işleriniň diňe käbir ugurlaryny görkezýär. Häzirki wagtda durnukly ösüş we islendik döwletiň hemmetaraplaýyn abadançylygy ylma esaslanýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar we innowasiýalar ulgamynda ýurdumyzyň strategiki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň ýoluny görýär. Milli Liderimiziň bu çagyryşyna türkmen milli ylmy mynasyp jogap bermäge çalyşmak bilen, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryna innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, düýpli we amaly ylmy barlaglary geçirmek, öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirmek boýunça möhüm wezipeleri üstünlikli çözýär, muňa şu gezekki «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat hem ýardam berer.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi



|< < Spisok > >| 
© 2003-2017, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.