Habarlar

Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerine sylaglar gowşuryldy

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2017-06-13

«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti

Türkmen ylmynyň ýaş zehinlerine sylaglar gowşuryldy

12.06.2017

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Däp bolşy ýaly, ýeňijileri sylaglamak dabarasy ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan, ýurdumyzyň ylmyny ösdürmäge uly goşant goşan zehinli türkmen alymlarynyň ençeme nesillerini ýetişdiren Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler zalynda geçirildi.

Ýaş alymlaryň bäsleşiginiň döwlet gözden geçirilişi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan esaslandyryldy hem-de türkmenistanlylaryň ýokary intellektual neslini, milli ylym mekdebiniň hakyky ussatlaryny kemala getirmek boýunça maksada gönükdirilen ägirt uly işleriň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşlar maslahatynda ylym hereketini ösdürmäge kuwwatly itergi berildi. Milli Liderimiz forumda eden çykyşynda Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, ylmy ösdürmek meseleleri barada hem durup geçdi. Häzirki zaman dünýäsiniň, her bir döwletiň we jemgyýetiň durnukly hem-de sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglydyr. Şoňa görä-de, milli Liderimiz ylmy açyşlaryň, innowasion tejribäniň, ylmy-inženerçilik pikirleriň, ýaş alymlaryň senagat-innowasion hem-de maglumat-tehnologik ylmy barlaglarynyň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak üçin örän möhümdigini belledi.

Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlaryň merkezini döretmek hakynda forumda kabul edilen çözgüt hem şol maksatlara gönükdirilip, ýurdumyzda geçirilýän ýaşlaryň ylmy-barlag işlerini utgaşdyrýan edara bolup durýar. Häzir eýýäm ýokary okuw mekdeplerinde Ýaş alymlaryň geňeşleri hereket edýär, olaryň gurşawyna talyplar hem-de olaryň halypa mugallymlary çekildi. Bu ylym-bilim düzümleriniň ulgamy ýokary okuw mekdeplerdäki ýaşlaryň ylmy gyzyklanmasyny hem-de başlangyçlaryny höweslendirmäge, olary ilerletmäge we amala aşyrmakda ýardam etmäge, halkara forumlara hem-de duşuşyklara, şol sanda daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere gatnaşmagyna goldaw bermek bilen, olary bilelikdäki ylmy taslamalary durmuşa geçirmäge hem täzelikleriň maglumat binýadyny döretmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň arasynda zehinlileri ýüze çykarmaga, ylmyň dürli ugurlarynda ylmy-barlag işlerini höweslendirmäge gönükdirilen abraýly ylmy bäsleşik öňdebaryjy pikirleri, innowasion tehnologiýalary çekmekde uly güýje öwrüldi. Olar eziz Watanymyzy has-da ösdürmäge, mähriban halkymyzyň bagtyýar geljegine hyzmat eder.

Intellektual bäsleşige ylmy-barlag institutlaryň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, orta okuw hünär mekdepleriniň okuwçylary ylmy gözleglere uly gyzyklanma bildirýän dürli hünärleriň wekilleri gatnaşýarlar.

Şu gezekki bäsleşige ýaş zehinleriň bir müňden gowragy gatnaşdy. Olar bilermenler toparynyň garamagyna häzirki döwrüň ylmynyň möhüm ugurlarynyň altysy boýunça işläp taýýarlamalary we barlag işleri hödürlediler. Bular nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary, täze serişdeleri öwrenmek, energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; habar beriş — aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary; innowasiýa ykdysadyýeti; ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlardyr. Hödürlenen işleriň möhümdigine, netijeleriň iş ýüzünde ähmiýetine we ony önümçilige ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerine, ylmy täzeçilligiň derejesine baha bermek bilen, eminler topary tarapyndan ýeňijiler kesgitlenildi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde baýramçylyk hem-de ýokary ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürýär. Ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, ylmy işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplary, Ylymlar akademiýasynyň doktorantlary we aspirantlary gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň arasynda şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde açylan «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar hem bar.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bäsleşigiň ýeňijilerine Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini gazanan üstünlikleri bilen gutlap, bu ajaýyp baýrama bagyşlanan çäreleriň döredijiligiň täze menzillerinde ylmy-inženerçilik pikirleri, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik barlaglary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ylmy-bilim binýadyny has-da pugtalandyryp, şan-şöhratyny has-da belende göterjek bagtyýar ýaşlarymyzda gaýtalanmajak täsirleri galdyrjakdygyna berk ynam bildirdi.

Soňra bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýaşlaryň ylmy bäsleşiginiň ýeňijilerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan hormat diplomlary we gymmatly sowgatlar gowşuryldy. Aň-bilim bäsleşiginiň ýeňijileri ýurdumyzyň ýaş nesli hakynda hemmetaraplaýyn edýän aladasy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ähli gujur-gaýratlaryny, zehinlerini hem-de bilimlerini sarp etjekdiklerine milli Liderimizi ynandyrdylar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny pugtalandyrmaga, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ýaş alymlaryň daşary ýurtly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge aýratyn üns berýär. Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň ýigrimiden gowragy hereket edýär. Olarda ýokary hilli we hemmetaraplaýyn bilim almak hem-de ylym bilen meşgullanmak, dünýäniň esasy ylym we bilim merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak, maglumat alyşmak üçin ähli şertler döredildi.

Biziň ýaş alymlarymyz, talyplarymyz, okuwçylarymyz ylym ulgamyny kämilleşdirmäge mynasyp goşant goşup, özboluşly çözgütleri teklip edýärler. Ýeňijileriň ylmy işleri munuň subutnamasydyr, şolaryň hatarynda ençeme abraýly aň-bilim bäsleşikleriniň ýeňijileri hem bar.

Olar halkara ders we taslama bäsleşiklerinde medallaryň 70-sini gazanyp, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň gazanan medallarynyň üstüni ýetirdi, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň medallaryň 21-sine mynasyp bolmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Uniwersitetiň eýwanynda ylym pudagynda we täze tehnologiýalar ulgamynda ýaş alymlaryň oňyn döredijilik gözleglerini äşgär edýän sergi guraldy. Onda kitaplar hem-de ylmy işleriň ýygyndylary, dürli gurnamalaryň we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamyndaky açyşlaryň, himiýa önümlerini öndürmegiň innowasion tehnologiýalary, Garagumuň çägesinden gurluşyk serişdelerini hem-de kremniý almagyň aýratynlyklary, Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ösýän ösümlikleriň esasynda dermanlyk serişdeleriň täze işläp taýýarlamalary görkezildi.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan taýýarlanan «Bagtyýarlyk döwrüniň ýaş alymlarynyň ylmy gadamlary» atly işleriň ýygyndysy bu milli aň-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileriniň döredijilikli gözlegleriniň gerimini görkezdi. Neşir Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine goşant goşjak zehinli ýaşlaryň ylmy barlaglarynyň we amaly işläp düzmeleriniň netijeleri bilen tanyşdyrýar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzyň ylmyny we bilimini innowasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy, milletimiziň örän baý aň-paýhas kuwwatynyň ösdürilmegi üçin zerur bolan ähli şertleriň döredilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňde goýlan belent maksatlara ýetmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Baýramçylygyň dabaraly bölegini ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň çykyşy jemledi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi



|< < Spisok > >| 
© 2003-2017, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.