Habarlar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyıetçiligine hem-de «Berkarar döwletimiziň bagtyıarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiıalar» atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylara

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2017-06-12

«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylara

12.06.2017

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!
Halkara ylmy maslahatyna gatnaşýan gadyrly myhmanlar!


Sizi güneşe baý bereketli tomus paslynyň ilkinji günlerinde giňden we dabaraly bellenýän Ylymlar güni, şeýle hem bu ajaýyp baýrama bagyşlanyp geçirilýän «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ylym we tehnologiýalar dünýä ykdysadyýetiniň, şol sanda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hem umumy ösüşiniň esasyny düzýär. Şoňa görä-de, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Ylymlar gününe bagyşlanan çäreleriň mähriban halkymyzy, aýratyn hem, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligini beýik üstünliklere galkyndyryp, eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn!

Ylmyň ösüşini tizleşdirmek, ýokary tehnologiýalaryň, innowasion tejribeleriň netijelerine daýanmak bilen, Türkmenistanyň dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni, ylym giňişligindäki hem-de dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny pugtalandyrmak biziň baş maksadymyzdyr. Şu beýik maksatdan ugur alyp, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanan innowasion ösüşli ykdysadyýeti döredýäris, jemgyýetimiziň aň-bilim kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen milli maksatnamalarymyzy tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirýäris. Biziň bu ugurdaky aýgytly ädimlerimiz, ilkinji nobatda, ylym we bilim ulgamlaryny döwrebap ösdürmek bilen baglanyşykly bolup, örän gysga döwrüň içinde möhüm wezipeler durmuşa geçirildi.

Ykdysadyýetimiziň şu günki we geljekki ösüşleriniň binýatlyk esaslaryny düzýän, ylmy we tehnologiýalary ösdürmegiň esasy maksatlaryny, wezipelerini hem-de ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýan özgertmelere badalga berildi. Bu özgertmeler ylym ulgamynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, ylmy-barlag institutlarynyň düzüminiň kämilleşdirilmegine hem-de ylmyň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenmegine, ýokary derejeli ylmy işgärleriň we hünärmenleriň taýýarlanmagyna, amatly zähmet hem-de iş şertleriniň döredilmegine mümkinçilik berdi.

Döwletimiziň ylmy-tehniki, tehnologiýa we innowasiýa babatda ösüş depginini has-da güýçlendirmek maksady bilen, akademiki institutlarda, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde tebigy we jemgyýetçilik bilimleri düýpli özleşdirilýär, bäsdeşlige ukyply, ykdysady netijeli ylmy barlaglar alnyp barylýar, täze tehnologiýalar önümçilige ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň «TürkmenÄlem 52°E» emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy bilen, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde aragatnaşyk, kosmos, robototehnika, mikroelektronika ugurlary boýunça nazary we amaly işleri alyp barjak ýokary derejeli hünärmenleri we alymlary taýýarlamaga täze mümkinçilikler döreýär.

Berkarar döwletimiziň milli ykdysadyýetini ýokary depginler bilen ösdürmäge ýardam bermekde, döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde, agzybirligimizi we jebisligimizi berkitmekde ylmy jemgyýetçiligiň wekilleriniň uly hyzmaty bardyr. Aýdyň maksatlary we meýilnamalary özlerine ýörelge edinen hünärmenleriň, inženerleriň, tehnologlaryň we alymlaryň nanotehnologiýalar, himiýa we biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary ýaly ileri tutulýan ugurlarda gazanýan netijeleri örän guwandyrýar. Biz alymlarymyzyň döredijilik üstünliklerine, täze ylmy açyşlaryna döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmekdäki ajaýyp mümkinçilikler hökmünde uly ynam bilen garaýarys. 

Gadyrly myhmanlar!

Türkmenistan ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen, iri halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar.Uzak Gündogar, Ýuwaş umman we Aziýa sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika döwletleriniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara we sebit guramalary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk täze derejelere çykýar. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň 2017-2020-nji ýyllar üçin Ösüşiň bähbidine ylym we tehnika boýunça komissiýasyna saýlanmagy biziň döwletimiziň halkara ylym-bilim giňişligindäki abraýyny yzygiderli ýokarlandyrýan ajaýyp üstünlikleriň biridir. Bu bolsa, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, innowasion tehnologiýalar babatynda sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň birine öwrülýändigine hem-de dünýäniň ylmy giňişligine üstünlikli goşulyşýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!
Halkara ylmy maslahatyna gatnaşýan gadyrly myhmanlar!


Sizi Ylymlar güni, şeýle hem bu ajaýyp baýramyň şanyna geçirilýän «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ylmy hem-de döredijilik işleriňizde uly üstünlikleri we täze açyşlary arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.



|< < Spisok > >| 
© 2003-2017, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.