Habarlar

Ýaş alymlar merkeziniň işiniň ilkinji netijeleri jemlenildi

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2017-06-10

«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti

Ýaş alymlar merkeziniň işiniň ilkinji netijeleri jemlenildi

10.06.2017

Ylymlar gününiň öňüsyrasynda döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar birleşiginiň ýanynda döredilen Türkmenistanyň Ýaş alymlar merkeziniň mejlisi geçirildi. Jemgyýetçilik esaslarynda işleýän Merkez ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmäge, zehinli ýaşlary ylmy-tehniki we ylmy işlere çekmäge ýardam etmäge niýetlenendir.

Türkmenistanyň Ýaş alymlar merkeziniň başlygy Azat Ataýewiň belleýşi ýaly, TÝAM-yň mejlisinde onuň işläp başlan ilkinji bäş aýynyň netijeleri jemlenildi.Şu döwürde ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy-barlag institutlarynda Ýaş alymlar geňeşleriniň 46-sy döredilip, olar TÝAM-a ýakyn geljekde etjek işleriniň meýilnamasyny hödürlediler. Olaryň esasynda ylmy işleriň dürli ugurlary boýunça maglumatlar binýady döredildi.

TÝAM-yň işiniň başlangyç tapgyrynda ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň maddy-tehniki binýady barlanyldy, onuň netijesinde ylmy barlaglar üçin zerur ölçeg gurallarynyň, synag enjamlarynyň, multimediýa we beýleki tehnologiýalaryň maksatlaýyn gurluş sanawy düzüldi.
Mbr>Merkeziň öňünde duran wajyp wezipeleriň biri-ylmy işleri önümçilge ornaşdyrmak ýa-da olardan peýda görmekdir. Şu maksat bilen sergi görnüşinde ýaş alymlaryň ylmy we taslama işleriniň bäsleşigini geçirmek karar edildi. Onda hakyky senagat nusgalary esasy eksponatlar bolarlar.

«Innowasiýalar ýarmarkasyna» dürli pudaklaýyn gurluşlaryň wekilleri çagyrylar. Ylym bilen önümçiligiň ýakyn hyzmatdaşlygynda ol ýa-da beýleki täzeçillik tekliplerine düzedişler giriziler, ileri tutulýan ugurlar anyklaşdyrylar.

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň ýanyndaky Ýaş alymlar geňeşiniň Türkmenistanyň Senagat ministrligi bilen elektron senagatyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň çäklerinde üstünlikli we işjeň özara hereket etmekde ýeterlik tejribesi bar.

TÝAM-yň işiniň başlangyç tapgyryndaky netijeleriniň biri ylmy binýadyň döredilmegidir, onda ýaş alymlaryň çap edilmegi göz öňünde tutulan ylmy işleri görkezilýär.

Ýaş alymlar merkezi öz işläp başlan döwründe ýaşlar ylmy hereketini ösdürmegiň wajyp meseleleri babatda, şol sanda telewideniýede «tegelek stollar» geçirdi, şeýle hem tejribe alyşmak üçin at-abraýly alymlar bilen duşuşyklaryň birnäçesini gurnady. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyndan uly ýaşly kärdeşleri ýaş alymlara halypalyk edip, olary milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşinde zerur ylmy barlaglaryň esasy wezipeleri we möhüm ugurlary barada habardar edýärler.

Wiktoriýa NOWIKOWA



|< < Spisok > >| 
© 2003-2017, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.