Habarlar

Belli paleontolog Aman Nigarowyň «Türkmenistanyň gadymy pilleeri» atly kitaby çapdan çykdy

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2017-06-01

«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti

Belli paleontolog Aman Nigarowyň «Türkmenistanyň gadymy pilleeri» atly kitaby çapdan çykdy

27.05.2017

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan çäre geçirildi. Oňa biolog alymlar, döwlet tebigy goraghanalarynyň işgärleri, Magtymguly adyndaky TDU-nyň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň biolog mugallymlary, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ylmy işgärler ekologiýa we biologik köpdürliligi goramak meselelerine bagyşlanan çykyşlarynda türkmen tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetiki gaznasyny, onuň «Gyzyl kitaba» girizilen görnüşlerini saklap galmagyň möhümligini nygtadylar.

Duşuşygyň çäklerinde tanymal halkara bilermeni, ýurdymyzyň esasy paleontilog alymy, Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri Aman Nigarowyň «Ylym» neşirýatynyň türkmen, iňlis we rus dillerinde çap eden «Türkmenistanyň gadymy pilleri» atly kitaby bilen tanyşdyrylyşy boldy. Kitapda teswirleme bölüminden başga-da Türkmenistanda pilleriň üç görnüşiniň ýaşandygyny subut edýän fotosuratlar we olaryň galyndylarynyň tapylan ýerleriniň kartashemalary ýerleşdirilipdir. Neşir paleontologlar, biologlar, geologlar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, şeýle hem okyjylar köpçüligi üçin gyzykly bolsa gerek.


Ýarym asyrlyk ylmy işiniň netijesi bolan täze işi bilen tanyşdyranda Aman Nigarowiç kitaba ekspedision barlaglaryň netijeleriniň, Günbatar Türkmenistanda suw howdanlarynyň gurluşygynda, Amyderýanyň kenarlarynda, Hazar ýarym adasynda we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde tapylan bu jandarlaryň süňkleriniň bölekleriniň ýazgylarynyň girizilendigini belledi. Işde paleontologik materialyň tapylan gatlaklarynyň ýaşy barada anyk maglumatlar getirilýär, gadymy pilleriň ýurdumyzyň çäklerinde ýaşan döwriniň-bir million ýyldan 200—250 müň aralygyndaky döwrüniň tebigaty we howasy barada hem gürrüň berilýär.

Işine berlen halypa, ýüzden gowrak monografiýanyň awtory, ýarym asyr bäri paleontologiýa bilen meşgullanyp gelýän A. Nigarow 1943-nji we 1952-nji ýyllarda ýurdumyzyň günorta-günbatarynda geçirilen geologik agtaryşlarda olaryň galyndylarynyň ilkinjileriniň tapylandygyny gürrüň berdi. A. Nigarow meýdanlarda gözleg işlerini geçirdi, tapyndylary ýygnady we zaýalanmakdan gorap saklady, muzeýde görkezmek üçin olary täzeden düzdi, ýyganan maglumatlaryny sistemalaşdyrdy. Russiýaly alym I.A. Dubrowo onuň awtordaşy we kärdeşidir.

Kitap Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň ýardam bermeginde «Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd» kompaniýanysynyň hemaýatkärliginde neşir edildi. Döwlet muzeýiniň zallarynda kitapda beýan edilen paleontologik tapyndylaryň birnäçesi-türkmen tokaý pili diýlip atlandyrylan gadymy piliň kelleçanagy, hazar pili diýilýäniniň äňiniň bölekleri we ahyrky dişi, şeýle hem günorta piliniň dişiniň syrçasynyň bölegi bar. Muzeý dürli tematiki sergileri, şeýle hem ylmy-amaly maslahatlary we çagalardyr ýetginjekler üçin dürli aň-bilim bäsleşiklerini gurnap wajyp medeni-magaryf we ylmy işi ýerine ýetirýär.

Ýelena DOLGOWA



|< < Spisok > >| 
© 2003-2017, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.