Habarlar

Ýaş türkmen alymlarynyň işläp taýýarlanlary netbuklary öndürmek boýunça taslama badalga berdi

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar
Türkmenistanyň saýtlary

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2017-04-03

«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti

Ýaş türkmen alymlarynyň işläp taýýarlanlary netbuklary öndürmek boýunça taslama badalga berdi

30.03.2017

Türkmenistanyň Senagat minstrliginiň, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçilik guramalarynyň birnäçesiniň wekilleri netbuklary öndürmek bilen baglanşykly meseleleri öwrenmek üçin Hytaýda iş sapary bilen boldylar.

Döwlet baştutany jemgyýete maglumatlar ulgamyny ornaşdyrmak strategiýasynyň jähtinden ýaş nesliň kompýuterleri çalt depginlerde özleşdirmeginiň we ýurdumyzda netbuklary öndürmegi ýola goýmagyň zerurlygyny nygtaýar.

Ykjam we oňaýly netbuk ýurdumyzyň orta bilim berýän orta mekdeplerinde sapaklary geçmegiň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Her okuw ýylynyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan birinji synpa barýan kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryna niýetlenen çagalara gerekli programma üpjünçilikli netbuklary gowşurmak indi däbe öwrüldi.


Häli-häzire çenli okuwçylara daşary ýurtlarda, hususan-da Hytaýda öndürlilen netbuklar berlen bolsa, ýakyn wagtda olary ýurdumyzda öndürmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň we ýaşlar guramasynyň başlygy, TDUweAI-ň Ýaş alymlar bilelşiginiň ýolbaşçysy Azat Ataýewiň aýtmagyna görä, daşary ýurtlarda öndürilýän netbuklaryň türkmen görnüşiniň döredilmegi ýaşlar ylmy hereketiniň çalt depginlerde ösýändigine şaýatlyk edýär. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň Ýaş alymlar bilelşigi işjeň ylmy barlaglary, şol sanda bu ýokary okuw mekdebi bilen Türkmenistanyň Senagat minstrliginiň «Türkmenmaşyngurluşyk» Konserniniň bilelikde ylmy işleri geçirmek baradaky ýörüte şertnamasynyň çäklerinde barlaglary alyp barýar. Häzirki wagta çenli dürli ähmiýetli elektron enjamlaryň birnäçesini öndürmegiň tehnologiýalary işlenilip taýýarlanyldy.

TDUweAI-ň Ýaş alymlar bilelşiginiň alyp barýan wajyp işleriniň biri-de-netbuk önümçiliginiň tehnologiýalarynyň üç görnüşini: integral mikroshemanyň topologiýasyny döretmekden ony gabyna ýerleşdirmekden tä soňra taýyn önümi synag etmäge çenli iş alyp barmakdyr. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň we Türkmenistanyň Senagat minstrliginiň bilelikdäki mejlisinde onuň soňky görnüşiniň esasynda döredilen netbugyň senagat nusgasy bilen tanyşdyryldy. Ýerli netbugy senagat taýdan öndürmek meselesini öwrenmek karar edildi.

Hytaýda kompýuter tehnologiýalary ugrundan ýaş alym—ildeşlerimiziň işläp taýýarlan netbuklarynyň senagat nusgalarynyň birnäçesi ýasaldy. Hytaýly önümçilikçiler Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda işlenilip taýýarlanylan netbugyň integral mikroshemasynyň topologiýasynyň netijeliligni we ygtybarlydygyny tassykladylar,-diýip A.Ataýew nygtady.

Türkmenistanyň Senagat minstrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň bilelikdäki tagallalary bilen TDUweAI-de işlenilip taýýarlanylan netbuk öndürmek boýunça taslama badalga berildi. Häzirki wagtda önümçiligi ýola goýmak üçin zerur enjamlar satyn alynýar.

Wiktoriýa NOWIKOWA,
surata düşüren Azat ATAÝEW



|< < Spisok > >| 
© 2003-2017, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.