Habarlar

Ýaş alymlar merkeziniň birinji mejlisinde innowasion bilimiň ugurlary we ylymda dowamatlylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2017-02-05

«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti

Ýaş alymlar merkeziniň birinji mejlisinde innowasion bilimiň ugurlary we ylymda dowamatlylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

04.02.2017

Oňa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň agzalary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar. Onuň guramaçylarynyň belleýşi ýaly, ýaşlary ylmy-barlag işlerine çekmekde alymlaryň uly nesliniň tejribesinden peýdalanmagyň ähmiýeti ulydyr. Dowamatlylyk milli ylmy mekdebi özgerdip gurmagyň möhüm şertleriniň biridir.

Öz ussat kärdeşleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn institutlarynyň,dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ylmy gurluşlarynyň hünärmenleriniň habarlary alymlaryň ýaş neslinde ULY gyzyklanma döretdi. Hormatly myhmanlaryň arasynda Halkara nebit we gaz institutynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Tehnologiýalar merkeziniň, Himiýa institutynyň we Türkmenistanyň YA-nyň ýanyndaky Gün energiýasy institutynyň wekilleri bar.

Alymlar ýurdumyzda ylmyň kemala geşiniň we ösüşiniň taryhy boýunça, dürli ugurlarda gazanylan häzirki üstünlikler barada gysga bolsa-da, manyly syn bilen çykyş etdiler. Bu jähtden ylmy gurluşlaryň birnäçesiniň ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta we ýörüteleşdirilen mekdepleri bilen hyzmatdaşlygynyň möhümligi belenildi.

Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň binýadynda möhüm ylmy barlaglara ýaş alymlary çekmek perspektiw wezipeleriň biridir. Intellektuallaryň ýaş nesli düýpli ylyma maglumatlar tehnologiýalarynyň işjeň özleşdirlmegi barada pikir aýtdylar.

Pikir alyşmanyň jemini jemläp, onuň guramaçylary onda aýdylan pikirleriň we teklipleriň türkmen alymlarynyň täzeçil pikrleýän täze neslini kemala getirmäge gönükdirilen Ýaş alymlar merkeziniň işiniň çäklerinde amala aşjakdygyna ynam bildirdiler.

Wiktoriýa NOWIKOWA



|< < Spisok > >| 
© 2003-2017, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.