Habarlar

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylara

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar
Türkmenistanyň saýtlary

Merkezi ylmy kitaphanasy
File server
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2016-06-13

«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylara

12.06.2016

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!
Halkara ylmy maslahatyna gatnaşýan gadyrly myhmanlar!

Sizi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda giňden bellenýän Ylymlar güni, şeýle hem «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimizi durnukly we sazlaşykly ösdürmäge, dünýäniň ykdysady giňişligine ynamly goşulyşmaga, halkymyzyň durmuş üpjünçiligini, ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzak möhletlere, anyk maksatlara gönükdirilen döwlet maksatnamalarymyz, oňyn özgertmelerimiz, ilkinji nobatda, düýpli ylmy esaslara daýanýar. Şunuň bilen baglylykda, eziz Watanymyzyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryndaky ornuny pugtalandyrmakda esasy şertleriň biri bolup hyzmat edýän ylym ulgamy hem döwrebaplaşdyrylýar.

Ylym ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, onuň binýatlyk esaslaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýäniň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryny hem-de häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar erkezinde, ýokary okuw mekdeplerinde, pudaklaýyn ylmy edaralarda, ylmy-önümçilik merkezlerinde ýokary derejeli ylmy işgärleri we hünärmenleri taýýarlamak, netijeli ylmy-barlag işlerini alyp barmak üçin amatly zähmet hem-de iş şertleri döredilýär. Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary ýaly ileri tutulýan ugurlarda gazanylýan ylmy açyşlaryň — ylmy-tehniki ösüşleriň döwletimiziň ykdysadyýetiniň ösüş depginini güýçlendirmäge ýardam berýändigi bizi aýratyn guwandyrýar.

Hormatly adamlar!

Türkmen halky özüniň bütin taryhynyň dowamynda ylmyň, bilimiň we döredijiligiň egsilmez güýjüne, deňi-taýy bolmadyk kuwwatyna daýanyp gelýär. Häzirki döwürde biz ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen, bu asylly ýörelgäni mynasyp dowam edýäris. Birleşen Milletler Guramasy hem-de beýleki iri halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarys, Türkmenistanyň halkara ylym giňişligindäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga çalyşýarys.

Daşary ýurtlar bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda gazanylan hökümetara ylalaşyklarynda hem ylym esasy orny eýeleýär. Häzirki wagtda daşary ýurtlar bilen ylym babatda hyzmatdaşlyk köp sanly hökümetara ylalaşyklary esasynda amala aşyrylýar. Bu bolsa biziň ýurdumyzda ylym ulgamynyň ösüşleriň täze ýoluna düşendigine, ylma uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär.

Taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän mähriban halkymyzyň baý mirasy, taryhy-medeni ýadygärlikleri häzirki döwürde halkara bileleşiginde uly gyzyklanma döredýär. Şoňa görä-de, Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda maddy-ruhy gymmatlyklarymyzyň dünýä derejesindäki ornuny we ähmiýetini kesgitlemek, medeniýeti goldamak we ösdürmek boýunça iri halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýäris. Häzirki döwürde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda gadymy taryhy-medeni ýadygärliklerimizi öwrenmek, ylym-maglumatlar babatda köpugurly gatnaşyklary ösdürmek boýunça ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen örän möhüm bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýäris. Maddy däl medeni mirasymyzyň, milli däp-dessurlarymyzyň kämil nusgalaryny bu Guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek ýaly tutumly işleri alyp barýarys.

«Döwlet adam üçindir!» diýen giň manyly ýörelgämiz esasynda Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň ykdysady taýdan öňde barýan we senagat taýdan ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagyny gazanmak, berkarar döwletimiziň ylmy-tehniki kuwwatyny has-da berkitmek, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiliklerini giňeltmek, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek biziň baş maksadymyzdyr.

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!
Halkara ylmy maslahatyna gatnaşýan eziz myhmanlar!

Sizi Ylymlar güni, şeýle hem «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagt hem-de abadançylyk, ylmy we döredijilik işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow



|< < Spisok > >| 
© 2003-2017, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.