Habarlar

Milli Liderimiziň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri hakyndaky ensiklopediıasynyň bäşinji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2013-09-02

Şu gün ıurdumyzyň Saglygy goraıyş we derman senagaty ministrliginiň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiıasynyň akademigi Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düıpli ylmy işiniň bäşinji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Dabara ıurdumyzyň iri lukmançylyk merkezleriniň we edaralarynyň ıolbaşçylar, hünärmenleri, saglygy goraıyş ulgamynyň köp sanly işgärleri we talyp ıaşlar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Olar öňi bilen binanyň eıwanynda ıaıbaňlandyrylan kitap sergisi bilen tanyşdylar. Sergide hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary we şolara bagyşlanyp döwürleıin neşirlerde çap edilen makalalar görkezilıär.

Gadymy döwürlerden bäri adamlar dürli keselleri bejermek üçin ösümlikleriň melhemlik güıjüni ıüze çykarypdyrlar we olary ulanypdyrlar. Häzirki döwürde asyrlaryň dowamynda toplanylan we nesilden-nesle geçirilen halk lukmançylygynyň tejribeleri öz ähmiıeti ıitirmän, eısem, häzikri zaman ylmynda we tejribesinde giňden ulanylıan ugra öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezilentimiziň täze ylmy işiniň fitoterapiıanyň ösdürilmegine kuwwatly itergi bermek bilen bir hatarda täze gözlegler we bu ulgamdaky möhüm açyşlar üçin ygtybarly binıat boljakdygyny nygtadylar. Çünki neşirde türkmen topragynda bar bolan dermanlyk ösümlikleriň ıüzlerçesi görkezilıär we olaryň bellei bir ıerleşen çäginiň aıratynlygy beıan edilıär.

Köp jiltli düıpli ylmy işiň dowamy bolan nobatdaky ylmy gollanmanyň çapdan çykmagy giň okyjylar köpçüliginde, şol sanda daşary ıurtly alymlarda uly gyzyklanma döretdi. Onda türkmen topragynda bitıän we milli lukmançylyk tejribesinde ıüzıllyklaryň dowamynda netijeli peıdalanylıan dermanlyk ösümlikleriň bejerijilik aıratynlyklary barada gürrüň edilıär. Abu Reıhan Biruny, Seıit Ysmaıyl Gürgenli, Muhammet Gaımaz Türkmen, Muhammet Huseın hem-de bütin dünıä belli bolan we türkmen topragynda ıaşan Abu Ali ibn Sina ösümlik, haıwanat we mineral serişdeleriniň dermanlyk häsiıetleri barada ylmy işleri ıazypdyrlar. Şeıle hem olar dermanlyk ösümlikler bilen halk lukmançylygynyň binıadynda uzak wagtlap ösdürilen fitoterapiıa ylmynyň esasyny düzüpdirler.

Häzirki zaman barlaghanalary hem tebigatyň ösümlikleriň düzüm birlikleriniň özboluşlylygyny utgaşdyryş derejesiniň deňine ıetip bilmeıär. Tebigatda aň ıetirmäge kynçylyk döredıän gudratlar bolup geçıär. Mundan başga-da, ösümlikler ynsanyň kesellere garşy durnuklylyk derejesini ıokarlandyrıar we şol bir wagtyň özünde kesellere garşy göreşmek ukybyny artdyrıar. Munuň özi belli bir derejede häzirki döwürde uly meşhurlyga eıe bolan fitoterapiıa ulgamynyň, şeıle hem halk lukmançylyk usullarynyň täzeden dikeldilıändigini we onuň giňden ulanylıandygyny alamatlandyrıar.

„Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” ylmy kitabyň bäşinji jildinde milli lukmançylyk mirasy hakynda giňişleıin maglumat berilıär. Şeıle hem kitapda ıurdumyzda ösıän dermanlyk ösümlikleriň 150 görnüşiniň bejerijilik aıratynlyklary giňişleıin beıan edilıär hem-de ylmy hem-de halk lukmançylygynda peıdalanmagyň mümkinçilikleri hakynda aıdylıar. Türkmenistanyň ösümlik dünıäsi örän baıdyr. Biziň ıurdumyzda ösümlikleriň 3550 görnüşi ösıär. Esasan-da, Köpetdag we Köıtendag goraghanalaryndaky daglyk ıerleriň ösümlik dünıäsi has-da köpdür. Bu ıerde ıabany dermanlyk ösümlikleriň 1600-den gowragy bar. Olaryň 330 görnüşi diňe şu künjekde ösıän ösümliklerdir.

Kitap üç bölümden ybarat bolup, onuň birinjisinde elipbiı tertibinde ıerleşdirilen dermanlyk ösümliklere umumy häsiıet berilıär. Ikinji bölüminde Türkmenistanyň şypahanalarynda dermanlyk ösümlikleriň ylmy esaslary we ony ulanmagyň usullary barada gürrüň berilıär. Şunlukda, ösümlikleriň beıan edilişi ıörite suratlar bilen utgaşyklykda alnyp barylıar. Bu kitap düıpli ylmy iş bolmak bilen bir hatarda onda örän köp peıdaly maglumatlar, şol sanda türkmen-rus-latyn dillerinde dermanlyk ösümlikleriň sözlügi, olary ıygnamagyň senesi barada maglumat berilıär.

Dabara gatnaşyjylaryň belleıişleri ıaly, mazmuny boıunça ylmy iş bolan döwlet Baştutanymyzyň bu kitaby milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenip taııarlanylan we üstünlikli durmuşa geçirilıän „Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylıan işleriň möçberlerine ıene bir ıola göz ıetirmäge mümkinçilik berıär. Mälim bolşy ıaly, häzirki döwürde ilatyň saglygyny goramak ulgamynda düıpli özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilıär.

Şeıle hem dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň ıurdumyzyň ösümlik dünıäsiniň hakyky ensiklopediıasyna öwrulendigini we onuň diňe bir hünärmenler üçin däl, eısem, giň okyjylar köpçüligi, şol sanda daşary ıurtly okyjylar üçin niıetlenendigini bellediler.

Täze neşiriň çuňňur öwrenilmeginiň we giňden wangyz edilmeginiň zerurdygyny bellemek bilen lukmançylyk ulgamynyň wekilleri bu kitabyň sagdyn durmuş ıörelgeleriniň düıp özeni we giň okyjylar köpçüligi üçin aıratyn ähmiıetlidigini nygtadylar.

„Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň nobatdaky jildiniň tanyşyrylyş dabarasynda eserden parçalar okaldy. Bu ıere ıygnananlar täze kitabyň aıratyn ähmiıete eıedigini bellemek bilen, onuň awtory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň we bagtyıarlygynyň bähbidine alyp barıan köptaraply işinde uly üstünlikler arzuw etdiler.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy

Türkmenistan: altyn asyr

|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy