Habarlar

Nowruz halklary parahatçylygyň, dostlugyň we döredijiligiň bähbidine birleşdirıär

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2013-03-22

Türkmenistanyň Prezidenti „Nowruz-parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baıramy” atly halkara maslahatyna gatnaşdy.

Şu gün Ruhyıet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde „Nowruz-parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baıramy” atly halkara maslahatyň açylyş dabarasy boldy.

Mälim bolşy ıaly, wekilçilikli maslahat Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laıyklykda, Nowruz baıramyna gabatlanan halkara çäreleriniň çäklerinde geçirilıär. Maslahaty Türkmenistanyň Ylymlar akademiıasy we Bilim ministrligi guradylar.

Uly ähmiıetli maslahatyň türkmen paıtagtynda geçirilmegi Türkmenistanyň barha artıan halkara abraıynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň belent münberinden yzygiderli öňe sürıän netijeli başlangyçlarynyň giňden ykrar edilmeginiň aıdyň subutnamasydyr. Şol başlangyçlar sebitleıin we dünıä derejesindäki möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir we dünıä bileleşiginiň doly goldawyna hem-de ykrar etmegine eıe bolıar.

Gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlyk bu gün dünıäde halklaryň özara düşünişmegini goldamak, olaryň syıasy we ykdysady hyzmatdaşlyk üçin oňaıly ıagdaıy döretmekde möhüm gural bolup durıar. Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň bu işde jebisleşdiriji ähmiıeti aıdyňdyr. Türkmenistan ıokary ruhubelentligiň we medeniıetiň gadymy merkezleriniň biri hökmünde bu gün sebitde parahatçylygyň hem-dedurnuklylygyň daıanjy bolup, ynsanperwer gymmatlyklaryň esasynda dünıä bileleşiginiň ıurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge taııardygyny yzygiderli tassyklaıar.

Mälim bolşy ıaly, Bitarap Türkmenistanyň ıöredıän içeri we daşary syıasaty gadymy Nowruz baıramyna halkara derejesini berip, onuň umumy siwilizasiıa ähmiıetini tassyklan Birleşen Milletler Guramasynyň ileri tutulıan maksatlary hem-de wezipeleri bilen bagly bolup durıar.

Türkmenleriň medeni durmuşynda asyrlarboıy möhüm orun eıeläp gelen gadymy bahar baıramy Berkarar döwletiň bagtyıarlyk döwründe täze mazmuna eıe boldy. Baharda gije-gündiziň deňleşıän döwründe bellenilıän bu baıram ozaly bilen tebigatyň janlanmagy, täzeleniş bilen utgaşyp, durmuşyň gözelligini we şatlygyny beıan edıär, parahatçylygy we hoşniıetliligi, bereket bolçulygy, bagtyıarlygy we abadançylygy — Garaşsyz Türkmenistanyň ıöredıän syıasatynyň many-mazmunyna öwrülen zatlary alamatlandyrıar.

Nowruz häzirki zaman dünıäde diňe baramçylygy aňlatman, eısem, özünde ylmy, filosofiki many-mazmuny jemleıär. Medeni mirasyň we köpasyrlyk däpleriň bitewüligini öz içine almak bilen, ol hemişelik gymmatlyklaryň berk binıadyna esaslanıar, birek-birege hormat goımagyň hem-de parahatçylygyň we hoşniıetliligiň maksatlarynyň esasynda halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde möhüm orny eıeleıär. Ine, şonuň üçin hem häzirki zaman jemgyıetiniň dünıä möçberinde mundan beıläk-de ösmeginiň we döwletara gatnaşyklaryny ıola goımagyň möhüm şerti bolup durıan medeniıete üns berilmegi „Nowruz—parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baıramy” atly halkara maslahatyň tapawutly aıratynlygy bolup durıandygy kanunalaıyklykdyr.

Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyıet köşgüne geldi, bu ıerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ıurdumyzyň harby we hukuk goraıjy edaralarynyň ıolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi mähirli garşyladylar we Nowruz baıramy bilen tüıs ıürekden gutladylar.

İurdumyzyň ıolbaşçylar düzümi milli Liderimize berk jan saglyk, bagtyıarlyk, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barıan işlerinde rowaçlyk hem-de Berkarar döwletiň bagtyıarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň kesgitlän belent sepgitlerine üstünlikli ıetilmegini arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, müňlerçe ıyl mundan ozal bolşy ıaly, biziň günlerimizde hem türkmen halkynyň öňküsi ıaly öz baı, özboluşly medeniıetini we taryhyny aıawly saklap, ajaıyp milli däp-dessurlarymyzda ebedileşdirilen ata-babalarymyzyň gymmatly ruhy mirasyny baılaşdyrıandygyny we nesilden-nesle geçirip gelıändigini aıtdy. Nowruz baıramy şol däpleriň hatarynda aıratyn orun eıeleıär.

Döwlet Baştutanymyz bu nurana baıram diňe milletiň bitewiligini, agzybirligini we jebisligini berkitmäge, onuň ruhy taıdan ösmegine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eısem, gündogar halklaryň umumy taryhy-medeni däplerini wagyz etmäge, olaryň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge ıardam edıär diıip belledi.

Bu gadymy baıramçylyga Birleşen Milletler Guramasynyň ıörite kararnamasy esasynda halkara derejesiniň berilmegi bütin dünıäde Nowruza berilıän ägirt uly ähmiıetiň aıdyň subutnamasydyr diıip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halky şu ıyl goňşy döwletlerden belent mertebeli myhmanlary garşylamak hem-de Nowruz baıramyny ıakyn dostlarynyň arasynda bellemek hormatyna tüıs ıürekden buısanıar diıip nygtady.

Milli Liderimiz öz egindeşlerine hoşniıetli arzuwlary üçin ıene bir gezek minnetdarlyk bildirip, olaryň üsti bilen tutuş türkmen halkyny nurana baıram bilen gutlady hem-de asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaıdıan we biziň durmuşymyzyň aırylmaz bölegine öwrülen Nowruz baıramynyň her bir maşgala bagt, abadançylyk we bolçulyk getirmegini arzuw etdi.

Ozal habar berlişi ıaly, baıramçylyk çärelerine, şol sanda „Nowruz—parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baıramy” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory Kasymjomart Tokaıew, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaı, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomaly Rahmon, Pakistan Yslam Respublitkasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, Eıran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmadinežad, RF-nyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Azerbaıjan Respublikasynyň Premıer-ministriniň orunbasary Elçin Efendiıew, Türkiıe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Taner İyldyz, Gyrgyz Respublikasynyň medeniıet, maglumat we syıahatçylyk ministri Sultan Raıew, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň başlygynyň orunbasary Kabibulla Jakupow geldiler.

Düın hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory Kasymjomart Tokaıew, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaı, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomaly Rahmon hem-de Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, şeıle hem dostlukly ıurtlaryň wekiliıetleriniň ıolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Günüň ikinji ıarymynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen üçtaraplaıyn duşuşygy boldy. Onuň jemleri boıunça Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda „Türkmenistan-Owganystan-Pakistan” demir ıoluny gurmagyň taslamasy boıunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Şu gün irden halkara maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşıan belent mertebeli myhmanlar paıtagtymyzyň Ruhyıet köşgüne geldiler. Olary Köşgüň giň eıwanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Halkara maslahatynyň resmi banneriniň öňünde däbe görä bilelikde surata düşenlerinden soň belent mertebeli myhmanlar maslahatlar zalyna çagyryldy. Bu ıere köp sanly maslahata gatnaşyjylar ıygnandylar.

Bu ıere Türkmenistanyň Mejlisiniň ıolbaşçylary we deputatlary, hökümetiň agzalary harby we hukuk goraıjy edaralaryň ıolbaşçylary, Aşgabatda işleıän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň baştutanlary, ıurdumyzyň jemgyıetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiıasynyň we onuň düzümine girıän pudaklaıyn institutlaryň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, ıokary okuw mekdepleriň ıolbaşçylary we wekilleri, şeıle hem ylym we döredijilik işgärleri, ıurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň wekilleri geldiler.

Dünıäniň 30-dan gowrak döwleti öz görnükli ylmy işgärlerini „Nowruz—parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baıramy” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin iberdiler. Halkara maslahatyna daşary ıurtlardan gatnaşıanlaryň hatarynda Ylymlar akademiıalarynyň, iri ylmy we medeni merkezleriň, ıokary okuw mekdepleriň, BMG-niň bilim, ylym we medeniıet meseleleri baradaky guramasynyň /UNESKO/ ıolbaşçylary we wekilleri, dünıä belli alymlar bar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wekiliıetleriň ıolbaşçylary bilen bilelikde Ruhyıet köşgüniň maslahatlar zalyna gelıär. Bu ıerde türkmen Liderini ör turup, dowamly el çarpyşmalar bilen garşylaıarlar.

Döwlet Baştutanymyz we belent mertebeli myhmanlar sahna çykıarlar we prezidiumda özleri üçin niıetlenen ıerlere geçıärler.

Hormatly Prezidentimiz „Nowruz—parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baıramy” atly halkara maslahatyna gatnaşıanlar hem-de ıurdumyzyň belent mertebeli myhmanlary bilen mähirli salamlaşyp, wekilçilikli maslahaty açyk diıip yglan edıär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ıaňlanıar.

Döwlet Baştutanymyz halkara maslahatyň umumy mejlisiniň gün tertibine geçmek bilen şu günki duşuşygyň taryhy ähmiıetini belledi. „Bu gün biz birek-birek bilen hakyky doganlar kimin öz şatlygymyzy paılaşıarys. Bu bolsa, biziň kalbymyza uly joşgun berıän ıatdan çykmajak taryhy pursatdyr!” diıip, milli Liderimiz döwlet Baştutanlaryna we dostlukly ıurtlaryň wekiliıetleriniň ıolbaşçylaryna halkara Nowruz baıramy mynasybetli geçirilıän dabaralara çakylyklary kabul edendikleri we olara gatnaşıandyklary üçin tüıs ıürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleışi ıaly, Nowruz baıramy tutuş adamzat medeniıetiniň aırylmaz bölegidir.Bu baıramyň belent gymmatlyklary bolan parahatçylyk söıüjilik we ynsanperwerlik ıörelgeleri Milletler Bileleşiginiň hem baş maksatlarynyň esasyny düzıär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ıere ıygnananlara 2009-njy ıylda bu gadymy baıramyň UNESKO-nyň maddy däl gymmatlyklaryň Bütindünıä mirasy sanawyna girizilendigini ıatlatdy. 2010-njy ıylda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleıasy, Nowruz baıramyny Halkara güni hökmünde yglan etdi we bu barada ıörite kararnama kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, bu guramanyň Ženewadaky bölüminiň baş direktory jenap Kasymjomart Tokaıewe ıüzlenip, Aşgabatda geçirilıän halkara maslahatynda BMG-ä wekilçilik edıändigi üçin oňa minnetdarlyk bildirdi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Muna mähirli gutlaglaryny we hoşniıetli arzuwlaryny ıollady.

Mälim bolşy ıaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edıär. Biziň döwletimiz medeni-gumanitar meseleler boıunça netijeli hyzmatdaşlyk etmek bilen bir hatarda, möhüm teklipleri we başlangyçlary bilen çykyş edıär. Bitarap döwletimiziň uzakmöhletleıin daşary syıasy maksatlarynyň çäklerinde biz bu ugurda hyzmatdaşlygymyzy dowam ederis we onuň many-mazmunyny anyk işler bilen baılaşdyrarys diıip, milli Liderimiz aıtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň bu sözlerini maslahata gatngaşyjylar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory jenap Kasymjomart Tokaıew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa çykyş etmek üçin söz berıär.

Milli Liderimiz wekilçilikli maslahatyň belent münberinden bu ıere ıygnananlara ıüzlenip, olary baıramçylyk bilen ıene bir gezek tüıs ıürekden gutlaıar.

Şu gün biz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde mukaddes Nowruz baıramyny uly ruhubelentlik we şatlyk bilen, giňden hem-de dabaraly belleıäris diıip, döwlet Baştutanymyz gözbaşyny gadymyıetden alyp gaıdıan bahar baıramyny doganlyk goňşy halklar bilen birlikde toı- dabara besläp garşylamagyň aıratyn many-mazmuna eıedigini belledi. Şatlygymyzy paılaşmak üçin Bitarap Watanymyza gelen doganlarymyzy uly hormat bilen, milli däp-dessurlarymyza laıyklykda myhmansöıerlik görkezip, kabul etmek biziň üçin uly mertebedir diıip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Bahar baıramy tebigata aıratyn öwüşgin berıän, ynsan kalbyny tämizleıän möwsümiň hökmürowanlygyny aňladıar diıip, hormatly Prezidentimiz müňıyllyklardan gözbaş alyp gaıdıan Nowruz baıramynyň beıik manysynyň we ıörelgeleriniň täzelenişiň, halal ıaşaışyň we zähmetiň nyşany bolup durıandygyny belledi. Nowruz gelende ene ıerimiz janlanıar, al-ıaşyl lybasa beslenip, täze keşbe girıär. Tebigatyň gözel görke gelşiniň şaıady bolıan adamlar bu pursatdan ylham alıarlar.

Milli Liderimiz bu baıramyň esasyny düzıän etika-filosofiıa we medeniıeti öwreniş meselelerine ünsi çekip, „Mukaddes Nowruz baıramy ruhy we taryhy-medeni umumylyklarymyzy beıan edıän ajaıp baıramdyr. Bu baıramda biz şöhratly pederlerimiziň beıik ynançlaryny we dünıägaraıyşlaryny, asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen medeni we ruhy mirasyny görıäris. Nowruz baıramynyň dörediji we özgerdiji güıji biziň milletlerimiziň özboluşly medeni däpleriniň nesilden-nesle geçip, häzirki günlerimize çenli ıetmegine uly täsir etdi” diıip belledi.

Dünıäniň medeni genji-hazynasynda, beıik ynsanperwer däpleriň hatarynda hemişelik orun alan Nowruz baıramy adamzadyň medeni ösüşiniň iň belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleıär diıip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Nowruz baıramynyň düıp mazmuny parahatçylyk söıüjilik we ynsanperwerlik ıörelgelerine esaslanmak bilen, adamyň mynasyp durmuşda ıaşamagyna hem-de döretmegine gönükdirilendir.

Nowruz baıramynyň dünıädäki jebisleşdiriji ornuny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleıasynyň ıörite kararnamasy esasynda Nowruzyň halkara baıramy hökmünde ykrar edilmegi biziň her birimizde guwanç we buısanç duıgusyny döredıär diıip belledi, çünki Nowruz baıramy biziň halklarymyzy ıakynlaşdyrıar, gatnaşyklarymyzy has-da ıokary derejä göterıän belent sepgitlere tarap täze ıollary açıar.

Bu mukaddes bahar baıramy ıurtlary we halklary hoşniıetli goňşuçylyga we dostluga çagyrıar. Biziň Nowruz baıramyny bilelikde bellemegimiz hem dost-doganlygyň aıdyň nyşanydyr diıip, milli Liderimiz Bitarap Türkmenistanyň daşary syıasatynyň we halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulıan ıörelgeleriniň biri-de dünıä döwletleri, ilkinji nobatda bolsa, öz ıakyn goňşulary bilen dostlukly gatnaşyklary mundan beıläk-de ösdürmekden ybaratdyr diıip belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ıurdumyzyň sebitdäki döwletler bilen bilelikde durmuşa geçiren, şeıle hem geljekde amala aşyrmagy göz öňünde tutıan ençeme iri taslamalary mysal getirdi. Bu taslamalar, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek, tebigy we energiıa baılyklarymyzy umymy bähbitleriň, durnukly ösüşiň we abadançylygyň bähbidine ulanmak bilen baglydyr diıip, milli Liderimiz şeıle ysnyşykly hyzmatdaşlygyň milli, sebit we dünıä ösüşiniň bähbitleriniň hatyrasyna netijeli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşyny dowam edip, halkara gatnaşyklarynyň esasyny düzıän ynsanperwerlik meselesi barada durup geçdi. Adamzadyň beıik ynsanperwerlik we ruhy-medeni gymmatlyklary häzirki zamanyň çylşyrymly ıagıdalarynda hem dogry çözgütleri tapmaga ıol görkezıär we bu düşünje dünıä syıasatynda aıratyn üns merkezinde durıar. Şoňa görä-de, bilim we ylym, sungat hem-de döredijilik ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň ileri tutıan ugurlarynda uly orny eıeleıär diıip, milli Liderimiz belledi. Biz umumy gymmatlyklarymyza esaslanyp, bu ugurda alyp barıan hyzmatdaşlygymyzy has-da pugtalandyrmaga möhüm ähmiıet berıäris diıip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň belleışi ıaly, taryhy hyzmatdaşlyk müňıyllyklaryň dowamynda ıola goıulıar, biziň medeni umumylyklarymyz tebigy ıagdaıda emele gelıän hoşniıetli gatnaşyklar arkaly döreıär. Bu gatnaşyklaryň esasyny düzıän ruhy hem-de ahlak gymmatlyklary her bir millete mahsusdyr. Munuň şeıledigini Nowruz baıramynyň ajaıyp ıörelgelerinde we many-mazmunynda aıdyň görmek bolıar.

Özara hyzmatdaşlygy berkitmekde we medeniıetlerimizi baılaşdyrmakda ynsanperwer däpleriň möhüm ähmiıetini belläp, hormatly Prezidentimiz milli baıramlarymyzy we däplerimizi halkara derejesinde dünıä jemgyıetçiligine beıan edıän ıörite neşiri esaslandyrmagy hem-de ony „Nowruz” diıip atlandyryp, her ıylda bir gezek — bahar baıramynyň öň ıanynda çap etmegi teklip etdi.

Soňra milli Liderimiz türkmen nusgawy şahyrlarymyzyň—akyldarlarymyzyň eserlerinde Nowruz baıramynyň beıan edilişine ünsi çekdi. Milli Liderimiziň belleışi ıaly, adamzadyň aňyıet we ylym-bilim taıdan ösmegine bahasyna ıetip bolmajak goşant goşan dünıä belli taryhy şahsyıetlerimiz Nowruz baıramynyň ähmiıetini öz eserlerinde täsirli beıan edipdirler.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň beıik ogly, meşhur şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň „Güzeşt eıle” atly goşgusyny mysal getirdi. Onda akyldar şahyrymyz Nowruz baıramynyň mazmunyny ahlak arassalygynyň, ruhy tämizligiň çeşmesi hökmünde çeper sözler bilen açyp görkezıär:

„Gökde ıyldyz hormaty, İerde Nowruz hormaty, Gije-gündiz hormaty, Günähim güzeşt eıle!”.

Milli Liderimiz şeıle hem nusgawy şahyrymyz Şabendäniň goşgusyndan „Geldi Nowruz, jümleıi-älem gülüstandyr bu gün” diıen setirleri mysal getirdi.

Şeıle mysallaryň ençemesini her ıurduň beıik akyldarlarynyň nusgawy eserlerinde görmek bolıar diıip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Bu eserler Nowruz baıramynyň mukaddesligine ıene-de bir gezek aıdyň şaıatlyk edıär.

Biziň halklarymyzyň meşhur alymlary we şahyrlary bütindünıä medeni mirasynyň kemala gelmegine hem-de baılaşmagyna bahasyna ıetip bolmajak goşant goşdular. Biz Nowruz baıramynyň şu günki dabarasynda dünıä taryhynda öçmejek yz galdyran we adamzadyň medeni ösüşiniň taryhynda atlary altyn harplar bilen ıazylan şahslary hormat bilen ıatlaıarys diıip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Bu akyldarlaryň tebigaty öwreniş ylymlarynda, takyk ylymlarda, lukmançylykda we amaly ylymlarda döreden eserleri häzirki döwürde hem dünıä ylmynyň ösmeginde esas bolup durıar. Şeıle ägirt uly ylmy-medeni mirasy kämilleşdirmek we onuň ähmiıetini has-da belende götermek şu günüň möhüm wezipeleriniň biridir diıip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ylmy maslahata gatnaşyjylara Nowruz baıramyna bagyşlap, iň oňat edebi-çeper we sungat eserleri üçin halkara döredijilik bäsleşigini geçirmek baradaky teklip bilen ıüzlendi. Bu bäsleşige biziň doganlyk ıurtlarymyzyň ıazyjy-şahyrlary, suratkeşleri we heıkeltaraşlary, sungatyň dürli ugurlarynda işleıän hem-de döredıän wekilleri gatnaşyp bilerler. Şeıle döredijilik bäsleşigi biziň halklarymyzy has-da ıakynlaşdyrmakda we medeniıetlerimizi özara baılaşdyrmakda, gatnaşyklarymyzy berkitmekde uly ähmiıete eıe bolar diıip, döwlet Baştutanymyz aıtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibini maslahata gatnaşyjylar şowhunly el çarpyşmalary bilen goldadylar.

Nowruz—bu täze günüň, täze ıaşaışyň başlangyjydyr. Bu gün ähli adamlar bagtly geljege uly umyt bilen garaıarlar. Goı, bu ıagşy umytlar hasyl bolsun we adamlaryň göwünleri bahar gülleri ıaly açylsyn diıip, milli Liderimiz sözüniň ahyrynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz sözüni tamamlamak bilen, maslahata gatnaşyjylary nurana Nowruz baıramy bilen ıene-de bir gezek tüıs ıürekden gutlap, bu ıere ıygnananlara berk jan saglyk, bagtyıar durmuş we uly üstünlikleri, doganlyk ıurtlaryň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy uly üns bilen diňlenildi hem-de şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahatynyň mejlisini dowam edip, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory jenap Kasymjomart Tokaıewe söz berdi.

Halkara maslahatyna gatnaşyjylary mübärekläp, BMG-niň ıokary wezipeli wekili Türkmenistanyň Baştutanyna, tutuş türkmen halkyna mähirli kabul edişlik, şeıle hem abraıly halkara maslahatyň ıokary derejede guralandygy üçin tüıs ıürekden hoşallyk bildirdi.

Belent mertebeli myhman türkmen döwletiniň Baştutanyna, halkara derejesinde bellenilıän Nowruz baıramynyň hormatyna geçirilıän dabaralara gatnaşyjylara BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munyň mähirli gutlag sözlerini we iň gowy arzuwlaryny ıetirdi.

Jenap K.Tokaıewiň belleışi ıaly, Türkmenistan öz hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ıolbaşçylygynda ykdysadyıetde, şeıle hem daşary syıasatynda uly üstünliklere eıe boldy, „açyk gapylar” syıasatyna ygrarly bolmagy, oňyn bitaraplyk syıasatyny durmuşa yzygiderli geçirmegi, öňdengörüjilikli halkara başlangyçlary netijesinde türkmen döwleti bu gün sebitde durnuklylygy berkitmäge hem-de netijeli gatnaşyklary giňeltmäge uly goşant goşıar we dünıä bileleşiginde uly abraıa eıe bolıar.

Nowruz baıramynyň ähmiıeti oňa halkara derejesini beren BMG-niň Baş assambleıasynyň kararnamasynda beıan edilıär. Bu derejäniň berilmegine ıardam eden ıurtlaryň ıolbaşçylary we wekilleri şu gün Aşgabatda ıygnandylar.

Üç müň ıyldan gowrak taryhy bolan Nowruz baıramy täzelenişi alamatlandyryp we jemgyıetiň bitewülik ruhuna eılenip, dünıä halklaryny täze beıik işlere ruhlandyrıar diıip, jenap K.Tokaıew häzirki zaman dünıäde, globallaşmagyň we innowasiıalaryň asyrynda däpleriň we ruhy mirasyň möhüm ornuny hem-de wajypdygyny belledi.

Nowruz baıramy bize sabyr-takatlylyk, özara hormat goımak we özara düşünişmek ıaly umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygy tassyklamaga, ähli adamlaryň deňhukuklylygyny ykrar etmäge mümkinçilik berıär diıip, ol sözüni dowam etdi.

Nowruz baıramynyň esasyny düzıän zatlaryň—tebigata hormat bilen garamagyň, daşky gurşaw bilen sazlaşykly ıaşamaga ymtylmanyň ähmiıetini nygtamak bilen, ol bu babatda Türkmenistanyň ählumumy ekologiıa meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň oňyndygyny belledi. Häzir dünıäniň duçar bolıan şu we beıleki meseleleriniň çözülmegi bizi ösüşi çaltlandyrmaga, BMG-niň we sebitleıin düzümleriň halkara derejesindäki gatnaşyklaryny giňeltmäge iterıär diıip, BMG-niň ıokary wezipeli wekili Türkmenistan bu ugurda ıokary baha mynasyp bolan anyk çäreleri amala aşyrıar diıip belledi.

BMG-niň dünıäde ikinji möhüm kabulhanasy hökmünde BMG-niň Ženewa bölüminiň işi barada aıtmak bilen, onuň baştutany türkmen Lideriniň iri halkara guramalarynyň ıolbaşçylary bilen duşuşygynyň ähmiıetini belledi. Şol duşuşyk geçen ıyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Şweısariıa Konfederasiıasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde geçirildi.

Ajaıyp türkmen paıtagtynda — halkara derejesine eıe bolan şäherde halkara Nowruz baıramynyň şanyna geçirilıän çäreler bize tutuş dünıä hoşniıetli habary ibermek hem-de ähli halklaryň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyna umumy ygrarlylygymyzy görkezmek üçin ajaıyp mümkinçilik döredıär diıip, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory öz çykyşyny tamamlady.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasaryna çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek, onuň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky tagallalaryna işjeň gatnaşmak Türkmenistan üçin daşary syıasatda üıtgewsiz strategiki ähmiıete eıedir diıip belledi. Bizi umumy wezipeler we gymmatlyklar birleşdirıär, biz öňde goıan maksatlarymyzy amala aşyrmakda bilelikde hereket edıäris diıip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

BMG bilen hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistana öz Bitaraplyk derejesinden gelip çykıan wezipeleri durmuşa geçirmäge, sebitde hem-de dünıäde durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek boıunça alnyp barylıan işlere goşant goşmaga, şeıle hem içerki ösüşiň meselelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berıär. Biz syıasy, ykdysady, durmuş ulgamlary hem-de beıleki ugurlar boıunça bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary ıerine ıetirmegiň çäklerinde berıän goldawy üçin Birleşen Milletler Guramasyna minnetdardyrys diıip, milli Liderimiz BMG-niň baştutanynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory jenap Kasymjomart Tokaıewiň çykyşynda beıan edilen Türkmenistanyň ylalaşdyryjylyk işine BMG-niň ıokary bahasy üçin hoşallyk bildirdi.

Maslahatyň işiniň barşynda döwlet Baştutanymyz belent münbere Eıran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmut Ahmadinežady çagyrdy. Ol öz çykyşyny Nowruz baıramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň tutuş halkyna gutlaglary bilen başlady. Dostlukly ıurduň baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli myhmansöıerlik hem-de baıramçylyk dabaralarynyň ıokary derejede guralandygy üçin tüıs ıürekden hoşallyk bildirdi.

Nowruzyň belent many-mazmuny we alamatlary barada aıtmak bilen, eıran lideri bu ajaıyp baıramyň pelsepewi esasyny, tebigatyň janlanmagyny, durmuşyň täzelenmegini, adamyň ruhy taıdan galkynmagyny beıan edıän şahyrana setirleri mysal getirdi.

EYR-nyň Prezidentiniň belleışi ıaly, bu baıramyň ajaıyp many-mazmuny mukaddes däp-dessurlarda, asylly işlerde öz beıanyny tapyp, olaryň hatarynda dürli adamlar bilen dostlukly, mähirli gatnaşyklary saklamak, ata-eneňe hormat goımak, halypalaryňa sarpa goımak, mätäçlere kömek etmek, ıagşylygy artdyrmak ıaly sogap işler bar.

Gadymy Nowruz gadymdan bäri tebigatyň baharda täzelenmeginiň nyşany hökmünde adamlarda ajaıyp duıgulary döredip, halklaryň onlarçasynyň ruhy mirasyna öwrülmek bilen, olaryň birleşmegine ıardam edip geldi diıip, Mahmut Ahmadinežad bu baıramçylygy halkara derejesinde bellenilmeginiň dünıäde dostlukly gatnşyklary saklamak, hyzmatdaşlygy ösdürmek we dürli halklaryň medeni gatnaşyklaryny berkitmek üçin ajaıyp mümkinçiligi döredıändigini aıtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eıran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmut Ahmadinežada örän manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, müňıyllyklaryň dowamynda Nowruzy baıram edip gelıän eıran halkynyň bu baıramçylyk bilen bagly däpleri we tutuş medeniıeti adamzat medeniıetiniň ösüşine uly goşant bolup durıar diıip belledi. Doganlyk Eıran Nowruz baıramyna halkara derejesiniň berilmegi üçin netijeli tagallalary etdi. Eıran Halkara Nowruz baıramyny öz topragynda iki gezek ıokary guramaçylyk we myhmansöıerlik bilen belläp geçdi diıip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaıa söz berdi. Owgan lideri bu ıere ıygnananlary—döwlet Baştutanlaryny we wekiliıetleriň ıolbaşçylaryny, maslahata gatnaşyjylary we onuň myhmanlaryny mübärekläp, olary nurana bahar baıramy bolan Nowruz bilen tüıs ıürekden gutlady. Şu ıyl biz Nowruz baıramyny dostlukly Türkmenistanda belleıäris we bu ajaıyp baıramyň şatlygyny doganlyk türkmen halky bilen paılaşıarys diıip, Prezident Hamid Karzaı belledi. Şunuň bilen baglylykda, Owganystanyň baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistana gelip görmek we Nowruz baıramynyň hormatyna geçirilıän dabaralara gatnaşmak baradaky çakylygy üçin tüıs ıürekden hoşallyk bildirdi.

Halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmegi ugur edinmegi Nowruz baıramynyň tapawutly aıratynlyklarynyň biri bolup durıandygyny nygtap, Prezident Hamid Karzaı bu gadymy baıramyň biziň sebitimiziň ıurtlary üçin parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň nyşany bolup durıandygyny belledi. Her bir halkyň Nowruzy baıram etmekde özboluşly däpleri emele geldi, bu ajaıyp baıramçylyk köp ıurtlaryň, şol sanda Owganystanyň medeniıetinde we edebiıatynda mynasyp orun eıeledi diıip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň belleışi ıaly, Nowruz baıramynyň bilelikde baıram edilmegi netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eıe bolan biziň sebitimiziň halklarynyň arasyndaky dostluk we hoşniıetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek üçin uly ähmiıete eıedir. Öz gezeginde Owganystan hem geljekde umumy bähbitlere gabat gelıän şol netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ähli tagallalary eder diıip, Prezident Hamid Karzaı aıtdy.

Owganystanyň Baştutany sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli kabul edendigi we türkmen topragynda belent myhmansöıerligi görkezendigi üçin tüıs ıürekden hoşallyk bildirip, dabaralara gatnaşyjylary Halkara Nowruz baıramy bilen mähirli gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow doganlyk Owganystanyň baştutany Hamid Karzaıa çuňňur we manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, owgan halkynyň gadymy we baı medeni mirasynyň bardygyny belläp, onda Nowruz baıramy aıratyn orny eıeleıär. Bu bolsa parahatçylygy we abadan durmuşy üpjün etmekde uly ähmiıete eıedir diıip nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz çykyş etmek üçin Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomaly Rahmona söz berdi.

Täjik lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna mähirli kabul edişlik we myhmansöıerlik üçin itüıs ıürekden hoşallyk bildirip, maslahata gatnaşıan döwlet Baştutanlaryny, şeıle hem dabaralara gatnaşıan ıurtlaryň wekiliıetleriniň ıolbaşçylaryny we agzalaryny Nowruz baıramy bilen gutlady.

Şu ıyl Halkara Nowruz baıramynyň doganlyk Türkmenistanda bellenilmeginiň çuň many-mazmuny bar diıip, Prezident Emomaly Rahmon belledi. Geçmişde we häzirki wagtda röwşen Nowruzyň mekany hasaplanıan bu myhmansöıer ülke bir bitewi siwilizasiıa giňişligine girıär diıip, Täjigistanyň baştutany belledi. Nowruz Merkezi Aziıanyň we İakyn Gündogaryň halklarynyň hem-de milletleriniň baıramy bolmak bilen, ynsanyň, tebigatyň we älemiň bitewüligi, şeıle hem adamzat nesliniň bitewüligi hakynda jar çekıän transmilli waka bolup durıar. Bu bitewi nusga akyl ıetirmek bilen biziň ata-babalarymyz bu baıramy globallaşdyrmak üçin baryp biziň eramyzdan öňki bäşinji asyrda eııäm şertleri döredipdirler.

Prezident Emomaly Rahmonyň belleışi ıaly, Nowruzyň gadym döwürlerden bäri we häzir meşhur bolmagynyň sebäbi onuň tebigatyň janlanmagyny, baharda gije-gündiziň deňleşmegini, şeıle hem belent umumadamzat gymmatlyklarynyň, ägirt uly siwilizasiıa giňişliginde dürli halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny we parahat durmuşda ıaşamagyny alamatlandyrıanlygydyr. Biziň günlerimizde öçmez-ıitmez döredijilik we ynsanperwerlik ıörelgelerini özünde jemleıän Nowruz häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde, ozaly bilen dünıä halklarynyň dostluk we özara gatnaşyklar maksatnamasy hökmünde zerur bolmalydyr.

Prezident Emomali Rahmon pursatdan peıdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa baıramçylygyň öň ıanynda ıokary derejedäki üçtaraplaıyn duşuşygyň guralandygy üçin tüıs ıürekden hoşallyk bildirdi. Onda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ıolunyň gurluşygynyň taslamasy hakynda Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama ylalaşyldy we gol çekildi. Şunuň bilen baglylykda, täjik lideri Nowruzyň medeni giňişliginde ulag-aragatnaşyk ıollarynyň we habar beriş köprüleriniň gaıtadan dikeldilmegi we döredilmegi sebitiň ıurtlarynyň arasynda netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine ıardam eder diıip belledi. Elbetde, bu baıramçylyk ynsanperwer-medeni we ylym-bilim ulgamlarynda ıakyndan gatnaşmak nukdaınazaryndan uly ähmiıete eıe bolup durıar.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti çykyşyny tamamlamak bilen, Nowruz baıramynyň şanyna geçirilıän şu günki dabaralaryň netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek işine gulluk etjekdigine ynam bildirip, maslahata gatnaşyjylara iň gowy arzuwlaryny beıan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow manyly çykyşy we beıan eden möhüm ähmiıetli pikirleri üçin öz täjik kärdeşine minnetdarlyk bildirip, Gündogaryň bu nurana baıramy täjik halkynyň gadymyıetden bäri gelıän däp-dessurlarynda hem aıratyn orny eıeleıär diıip belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutany halkara Nowruz baıramynyň täjik topragynda dabaraly ıagdaıda bellenilendigini ıatlady.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä söz berilıär. Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy, döwlet Baştutanlaryny we wekiliıetleriň ıolbaşçylaryny, maslahata gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Nowruz baıramynyň şanyna Aşgabatda geçirilıän halkara dabaralaryna gatnaşmagyň özi üçin uly hormat bolup durıandygyny belledi.

Nowruz—täze ıylyň başlanmagynyň alamaty bolup, bu baıramçylyk halklary birleşdirıär. Onuň BMG tarapyndan bütindünıä medeni mirasynyň aırylmaz bölegi hökmünde ykrar edilmegi parahatçylygyň, hoşniıetliligiň we ynsanperwerligiň dabaralanmagyny alamatlandyrıar diıip, Pakistanyň Prezidenti belledi. Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Prezidentini, daşary ıurtly kärdeşlerini, şeıle hem Nowruz baıramyna ıygnananlary mähirli gutlap, dostlukly türkmen halkyna we dünıäniň ähli halklaryna iň gowy arzuwlaryny beıan etdi.

Nowruz baıramy—bu biziň umumy gymmatlyklarymyzyň beıany bolmak bilen biziň umumy mirasymyzyň nyşany bolup durıar. Biz hem öz gezegimizde şol gymmatlyklara daıanyp, sebitde ähli ugurlarda, şol sanla ykdysady ulgamda, energetikada, ulag-aragatnaşyk pudagynda, düzümi döretmekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmelidiris we ösdürmelidiris diıip, Prezident Asif Ali Zardari sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Pakistan tarapynyň energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirıändigini aıdyp, Pakistanyň baştutany Türkmenistanyň başyny başlan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasynyň ähmiıetini aıratyn belledi. Ol giň gerimli taslama gatnaşıan ıurtlaryň halklarynyň, şeıle hem tutuş sebitiň abadançylygyna hyzmat etmäge gönükdirilendir.

Sebitde we dünıäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine umumy tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny aıdyp, Prezident Asif Ali Zardari Türkmenistanyň Prezidentine Pakistan Yslam Respublikasynyň wekiliıetiniň türkmen topragynda mähirli kabul edidendigi we myhmansöıerlik görkezilendigi üçin ıene bir gezek tüıs ıürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistanyň baştutanyna manyly çykyşy, ıurtlaryň arasyndaky dost-doganlygy berkitmek we hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky garaıyşlary üçin minnetdarlyk bildirip, Pakistanyň taryhynda we medeniıetinde Nowruz baıramy uly ähmiıete eıedir diıip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ıere ıygnananlara bahar baıramyna Türkmenistanyň we Pakistanyň halklarynyň beıik sarpa goııan taryhy şahsyıeti, görnükli döwlet işgäri Baıram hanyň hem öz eserlerini bagyşlandygyny aıtdy.

Soňra halkara maslahatynda Türkiıe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Taner İyldyz çykyş etdi. Ol öz çykyşyna maslahatyň ıokary derejede guralandygy, şeıle hem däbe öwrülen türkmen myhmansöıerligi üçin hoşallyk sözleri bilen başlap, doganlyk Türkmenistanyň halkyny we ıolbaşçylaryny halkara Nowruz baıramy bilen gutlady. Türk wekiliıetiniň ıolbaşçysy şeıle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiıe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň hem-de Premıer-ministri Rejep Taıyp Ärdoganyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ıetirdi.

Bu nurana baıramyň jebisleşdiriji ähmiıeti barada aıtmak bilen, myhman baharyň gelmegini, durmuşa bolan söıgüni, päkligi, täzelenmegi, tebigatyň janlanmagyny, şeıle hem abadançylygy we bolçulygy alamatlandyrıan Nowruz biziň doganlyk halklarymyzyň medeniıetleriniň arasynda özboluşly köpri bolup durıar diıip belledi.

Nowruz edebiıatda we sungatda hem uly orun eıeleıär diıip, Taner İyldyz beıik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan setirleri mysal getirdi. Olarda bu ajaıyp bahar baıramy wasp edilıär.

Soňky ıyllarda ähli ugurlarda üstünlikli ösıän türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň däbe öwrülen dostlukly, netijeli häsiıetini kanagatlanmak bilen belläp, Türkiıe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri şol hyzmatdaşlygyň mundan beıläk-de okgunly ösjekdigine ynam bildirdi.

Halkara Nowruz gününi Aşgabatda baıram etmek başlangyjy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirmek bilen, Taner İyldyz Türkmenistanyň Baştutanyna köpugurly işlerinde täze üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi. Myhman türkmen Lideriniň döredijilikli başlangyçlaryna, şol sanda döwletara medeni hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlaryna ıokary baha bermek bilen, Türkiıäniň olary tutuşlygyna goldaıandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmana gyzykly we mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiıe gadymy we baı medeni mirasy aıawly saklamak hem-de bu medeniıet bilen dünıä jemgyıetçiligini tanyşdyrmak ugrunda uly işleri amala aşyrıar diıip belledi. Milli gymmatlyklaryň we ata-baba gelıän ajaıyp däp-dessurlaryň adamzat ösüşine nähili oňat we netijeli täsir edıändigini Türkiıäniň mysalynda görmek bolıar diıip, milli Liderimiz geljekde mukaddes Nowruz baıramynyň Türkiıäniň topragynda hem bilelikde belleniljekdigine ynam bildirdi.

Soňra Russiıa Federasiıasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa söz berildi.

Prezident Rustam Minnihanow bu ıere ıygnananlary mübärekläp, Russiıa Federasiıasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň adyndan Tatarystan Respublikasynyň köpmilletli halkynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy, doganlyk Türkmenistanyň ähli halkyny Halkara Nowruz baıramy bilen gutlady.

Tatarystan Respublikasynyň baştutanynyň belleışi ıaly, biziň ıurtlarymyzyň halklaryny köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary we medeniıetleriň umumylygy baglanyşdyrıar. Munuň özi müňlerçe ıyl mundan öň dörän, durmuşa bolan söıgä beslenen hem-de tebigatyň täzelenmegini, hoşniıetliligiň we nuranalygyň dabaralanmagyny alamatlandyrıan Nowruz baıramynyň däplerinde öz beıanyny tapıar.

Şu zalda ıygnanan dürli ıurtlardan we dürli milletlden bolan adamlary parahatçylyga, döredijilikli zähmete we ähli halklaryň bähbidine bilelikdäki işlere bolan isleg birleşdirıär diıip, Rustam Minnihanow belledi.

Ata-babalarymyzyň Nowruz baıramynyň esasynda goıan ynsanperwerlik wesıeti barada aıtmak bilen, Tatarystanyň baştutany Nowruzyň häzir aıratyn zerurdygyny belläp, dürli milletlerden bolan adamlaryň hoşniıetlilik we adalatlylyk pikirini özünde jemleıän bu baıramy bellemegi hem munuň şeıledigine aıdyň şaıatlyk edıär diıip nygtady.

Türkmen topragynda görkezilen myhmansöıerlik üçin hoşallyk bildirmek bilen, Tatarystan Respublikasynyň baştutany Aşgabat şäherine her bir saparynyň iki doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň, Russiıa Federasiıasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň nyşanyna öwrülıändigini aıtdy. Prezident Rustam Minnihanowyň belleışi ıaly, Tatarystanda doganlyk türkmen halkynyň gazanıan üstünliklerine tüıs ıürekden guwanıarlar, türkmen halky öz Lideriniň ıolbaşçylygynda durmuş-ykdysady we medeni ösüşiň ıolunda ägirt uly üstünlikleri gazandy.

Türkmenistanda bolşy ıaly, Tatarystan Respublikasynda hem däpleriň, taryhy ıadygärlikleriň dikeldilmegine uly üns berilıär diıip, Rustam Minnihanow bu gün halkara baıramy derejesine eıe bolan hem-de parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we zähmetsöıerligiň belent ıörelgelerini beıan edıän Nowruzyň baıram edilmeginiň ähmiıetini belledi. Tatarystanyň baştutanynyň nygtaışy ıaly, UNESKO-nyň 2009-njy ıylda Nowruzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmegi hem-de 2010-njy ıylda BMG-niň Baş Assambleıasynyň mejlisinde 21-nji martyň Halkara Nowruz güni diılip yglan edilmegi halklary birleşdirıän bu baıramyň ähmiıetiniň uludygyny tassyklady.

Prezident Rustam Minnihanowyň belleışi ıaly, häzirki wagtda täsin taryhy ıadygärlikleriň birnäçesiniň UNESKO-nyň Bütindünıä mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürlenendigini aıtdy. Şunuň bilen baglylykda, Sabantuı tatar halk baıramyny UNESKO-nyň maddy däl mirasyň sanawyna girizmek boıunça uly işleriň alnyp barylıandygy bellenildi. Bu baıram Russiıa Federasiıasynda Nowruz hem-de beıleki baıramlar bilen bir hatarda giňden bellenilıär. Munuň özi köp milletli Russiıanyň köp asyrlyk ruhy, taryhy we medeni däpleriniň dikeldilıändigine şaıatlyk edıär diıip, Tatarystan Respublikasynyň baştutany şunuň ıaly baıramlaryň ähli döwürlerde adamlara parahatçylygy we agzybirligi saklap, ıaşamaga we döretmäge ıardam edendigini aıtdy.

Tatarystandan görnükli alymlaryň hem gatnaşıan şu günki maslahatynyň ähmiıeti barada aıtmak bilen, Prezident Rustam Minnihanow bu duşuşygyň Nowruz baıramynyň gadymy däplerini medeni we ykdysady gatnaşyklar üçin açyk dünıäniň häzirki zaman meıilleri bilen birleşdirmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Dabaralara gatnaşyjylara iň gowy arzuwlaryny beıan etmek bilen Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti şu gün Türkmenistanda bellenilıän Nowruz baıramy doganlyk halklaryň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi berkitmegiň, döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ıolunda ıene bir möhüm ädim bolar diıip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow manyly we gyzykly çykyşy üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan Tatarystan Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň, şol sanda medeniıet, ylym, bilim, sungat we döredijilik ulgamlarynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiıet berıär diıip belledi, şol gatnaşyklaryň mundan beıläk-de giň gerim bilen alnyp baryljakdygyna we hil taıdan ıokary derejä göteriljekdigine ynam bildirdi.

Soňra çykyş etmek üçin Azerbaıjan Respublikasynyň wekiliıetiniň ıolbaşçysy, Azerbaıjanyň premıer-ministriniň orunbasary Elçin Efendiıewe söz berildi.

Dostlukly ıurduň wekilçilikli toparynyň ıolbaşçysy Halkara maslahatyna gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, döwlet baştutanlaryna we resmi wekiliıetleriň ıolbaşçylaryna, halkara maslahatyna gatnaşyjylara Azerbaıjan Pespublikasynyň Prezidenti Ilham Aliıewiň mähirli gutlag sözlerini we iň gowy arzuwlaryny ıetirdi.

Nowruz baıramy—bu doganlygyň, dostlugyň we ynsanperwerligiň nyşany. Bu gün bu nurana baıramy ıer ıüzünde adamlaryň iki milliarddan gowragy belleıär diıip, Elçin Efendiıew Türkmenistanyň ajaıyp paıtagty Aşgabatda halkara Nowruz gününiň hormatyna geçirilıän baıramçylyk dabaralarynyň aıratyn ähmiıetini belledi.

Nowruzyň täzelenişiň we döredijiligiň nyşany bolup durıandygyny belläp, Elçin Efendiıew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ıolbaşçylygynda Türkmenistanda we onuň paıtagtynda ıaıbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere haıran galıandygyny aıtdy. Şol özgertmelerde bu nurana bahar baıramynyň döredijilikli maksatlary öz beıanyny tapdy.

Azerbaıjan Respublikasynyň premıer-ministriniň orunbasary öz çykyşyny tamamlap, hemmeleri halkara Nowruz güni bilen ıene bir gezek gutlady hem-de türkmen döwletiniň Baştutanyna türkmen topragynda azerbaıjan wekiliıetiniň mähirli kabul edilendigi we myhmansöıerlik üçin tüıs ıürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaıjan Respublikasynyň wekiliıetiniň ıolbaşçysy Elçin Efendiıewe çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň we Azerbaıjanyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidıän umumy taryhy we medeni kökleri bar diıip belledi. Milli Liderimiziň nygtaışy ıaly, häzirki döwürde biziň doganlyk gatnaşyklarymyz hil taıdan täze many-mazmuna eıe bolıar, şunuň bilen baglylykda, Nowruz baıramyna, bilelikde geçirıän medeni çärelerimize, alymlarymyzyň we döredijilik işgärlerimiziň arasyndaky ysnyşykly hyzmatdaşlyga uly ähmiıet berıäris.

Soňra maslahata gatnaşyjylaryň öňünde Gazagystan Respublikasynyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary Kabibulla Jakubow çykyş etdi.

Şu gün türkmen paıtagtynda giňden bellenilıän halkara Nowruz baıramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin iberen çakylygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirmek bilen, myhman doganlyk we dostlukly ıurtlaryň baştutanlaryny, ıokary wezipeli wekillerini röwşen baıram bilen gutlady we olara bagt, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Nurana baıramyň ähmiıeti barada aıtmak bilen, gazak wekiliıetiniň ıolbaşçysy ynha eııäm üç müň ıyl bäri türki we pars halklary bilen bilelikde bahar baıramy we tebigatyň täzelenmegi hökmünde bellenilıän Nowruzyň döreışiniň taryhy häzirki zaman dinleriň we milletleriň entek döremedik döwründen gözbaş alıar. Şunuň bilen baglylykda, Kabibulla Jakupow beıik şahyr we alym Omar Haııamyň XI asyrda seljuk soltany Jelaleddin Mälik şa ibn Alp Arslanyň şalyk eden döwründe täze senenamany döredendigi baradaky rowaıaty mysal getirdi. Şol senenama „Mäligiň ıyl ıazgysy” diıip atlandyrylypdyr we günüň Hamal ıyldyzlar toparyna girıän gününe hem-de baharda gije bilen gündiziň deňleşmeginden soň başlanıan ıylyň tebigy başlangyjyna esaslanypdyr.

Kabibulla Jakupow çykyşyny dowam edip, döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny beıan edıän Nowruz baıramy häzirki döwürde çuňňur ruhy-etiki many-mazmuna eıe boldy diıip belledi. Gazaklaryň Nowruzy halkyň beıik güni diıip atlandyrıandygyny nygtap, myhman Nowruzyň Gazagystanda Prezident Nursultan Nazarbaıewiň başlangyjy bilen döwlet derejesinde bellenilıändigini aıtdy.

Bu gün Nowruz Türkmenistanyň gadymy topragynda biziň halklarymyzyň umumy baıramy hökmünde bellenilıär. Şeıle çäreleriň geçirilmegi netijesinde Nowruz ähli adamlaryň agzybirliginiň we özara düşünişmeginiň beıanyna, biziň ıurtlarymyzyň arasyndaky berk dostlugyň we hoşniıetli goňşuçylygyň nyşanyna öwrülıär diıip, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Başlygynyň orunbasary belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gazagystanyň wekiline gyzykly çykyş üçin minnetdarlyk bildirip, biz Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda asyrlarboıu dowam edip gelıän dost — doganlyk gatnaşyklaryna uly sarpa goııarys diıip belledi. Biziň halklarymyzyň umumy medeni we ruhy kökleri öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaıdıar. Türkmen we gazak halklarynyň ajaıyp däpleriniň biri bolan Nowruz baıramynyň bellenilmegi munuň şeıledigine aıdyň şaıatlyk edıär.

Döwletara gatnaşyklarynyň uly ähmiıete eıedigini belläp, hormatly Prezidentimiz şu ıyl Gazagystana boljak döwlet saparynyň ikitaraplaıyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmekde we ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Soňra Gyrgyz Respublikasynyň medeniıet, maglumat we syıahatçylyk ministri Sultan Raıewe söz berildi. Myhman çykyşynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeıle hem maslahata gatnaşyjylara Gyrgyzystanyň Prezidenti Almazbek Atambaıewiň we tutuş gyrgyz halkynyň mähirli salamlaryny hem-de halkara Nowruz baıramy mynasybetli mähirli gutlaglaryny beıan etdi. Dabaralaryň ajaıyp guralandygy hem-de mähirli kabul edilendigi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna çuňňur hoşallyk bildirmek bilen, Sultan Raıew Türkmenistanyň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny aıtdy.

Gyrgyz Respublikasynyň wekiliıetiniň ıolbaşçysynyň belleışi ıaly, taryhy emele gelen ysnyşykly gatnaşyklar we medeni däpleriň umumylygy Gündogaryň halklaryny asyrlarboıy birleşdirdi. Gadymy Nowruz baıramy hem munuň aıdyň mysaly bolup durıar. Nowruz tebigatyň täzelenmegini, döredijilikli başlangyjy we durmuşyň öçmejek şatlygyny alamatlandyryp, ony Merkezi Aziıanyň we Orta Gündogaryň ähli halklary giňden belleıärler. Nowruz baıramynyň UNESKO-nyň bütindünıä mirasynyň sanawyna girizilendigi, 21-nji martyň bolsa indi halkara Nowruz güni hökmünde bellenilıändigi guwançly ıagdaıdyr diıip, Sultan Raıew belledi.

Nowruz —bu hakyky halk baıramçylygy. Baharda gije-gündiziň deňleşıän bu mukaddes güni birek-biregiňkä myhmançylyga barmak, garyndaşlaryňy soramak, agaç nahallaryny ekmek, janlanıan tebigatyň gözelligini synlamak kada öwrülipdir. Maslahata gatnaşyjylary bu ajaıyp baıram bilen ıene bir gezek mähirli gutlap, Gyrgyzystanyň medeniet, habar beriş we syıahatçylyk ministri Nowruz baıramynyň bilelikde bellenilmeginiň asylly däbe öwrüljekdigine hem-de ıurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmek we ösdürmek işine öz goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow doganlyk Gyrgyzystandan gelen myhmana gyzykly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, gyrgyz halky hem baı medeni mirasa eıe bolmak bilen, ony wagyz edip, dünıä ıaımak üçin uly tagallalary edıär diıip belledi.

Döwlet Baştutanymyz Nowruz baıramynyň türkmen we gyrgyz halklarynyň gadymdan gelıän, iň gowy baıramlarynyň biri bolup, biziň günlerimizde parahat we asuda durmuşy pugtalandyrmakda öz mynasyp ornuny eıeleıär diıip nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti „Nowruz-parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baıramy” atly halkara maslahatyň umumy mejlisiniň jemini jemläp, maslahata gatnaşyjylara ıüzlendi hem-de BMG-niň ıokary wezipeli wekiline, dostlukly döwletleriň Baştutanlaryna, şeıle hem resmi wekiliıetleriň ıolbaşçylaryna gyzykly we manyly çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiziň nygtaışy ıaly, halkara maslahatyň dowamynda mukaddes Nowruz baıramynyň birleşdiriji güıji, parahatçylyk we ynsanperwerlik gymmatlyklaryny has-da belende götermekdäki uly ähmiıeti biragyzdan nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz doganlyk döwletlerimiziň özara hyzmatdaşlygynyň, halkara giňişliginde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde edıän bilelikdäki tagallalarynyň mundan beıläk-de maksada okgunly we netijeli boljakdygyna ynam bildirdi.

Nowruz baıramynyň we onuň gymmatlyklarynyň ähmiıeti biziň sebitimiziň çäklerinden has uzaklara ıaıraıar hem-de Bütindünıä derejesine eıe bolıar. Munuň şeıledigini nurana Nowruz baıramynyň Halkara baıramy hökmünde giňden bellenmegi hem subut edıär. Biz muňa tüıs ıürekden buısanıarys we guwanıarys diıip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aıtdy.

Bu ıere ıygnananlary Nowruz baıramy bilen ıene bir gezek gutlap hem-de halkara maslahatyna gatnaşyjylara netijeli işlemegini arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow „Nowruz-parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baıramy” atly halkara maslahatynyň açylyş dabarasyny ıapyk diıip yglan etdi.

Milli Liderimiz öz myhmanlaryny Nowruzyň hormatyna geçirilıän baıramçylyk çärelerini Ahal ıaılasynda dowam etmäge çagyryp, maslahata gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmagynda belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde Ruhyıet köşgüniň maslahatlar zalyndan çykdy.

***


Günüň ikinji ıarymynda „Nowruz-parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baıramy” atly halkara maslahaty öz işini „Berkarar döwletiň bagtyıarlyk döwründe Nowruz baıramynyň häzirki zaman ösüşginleri”, „Nowruz baıramynyň taryhynyň çeşmeleri we taryhnamasy”, „Nowruz baıramynyň Gündogaryň maddy we ruhy medeniıetiniň ösüşine täsiri” diıen bölümçeler boıunça dowam etdi. Bölümçeleriň işi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet medeniıet institutynyň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiıasynyň mejlisler zallarynda geçirildi. Maslahatyň wekilçilikli düzümi we oňa gatnaşıan döwletleriň sany dünıäde Türkmenistanyň gadymy we täze taryhyna ägirt uly gyzyklanmanyň bildirilıändigini nobatdaky gezek tassyklap, türkmen halkynyň adamzadyň medeni-ruhy ösüşine möhüm goşandynyň ykrarnamasyna öwrüldi.

Bölümçelerde geçirilen mejlisleriň barşynda Nowruz baıramynyň gelip çykyşynyň taryhyny we däplerini öwrenmegiň, halkara bileleşiginde baıramçylygyň mirasy hakynda bilimleri ıaıratmagyň möhüm meseleleri, şeıle hem döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde we halklaryň taryhy-medeni däplerini wagyz etmekde onuň ähmiıeti ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyş edenler ata-babalarymyzyň medeni mirasyny öwrenmekde, aıawly saklamakda we dünıäde wagyz etmekde, ylmy işleri giňden geçirmäge ıardam edıän giň halkara gatnaşyklaryny we oňaıly içeri syıasat ıagdaıyny ıola goımakda, beıleki ıurtlaryň esasy hünärmenlerini hyzmatdaşlyga çekmekde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň aıratyn ornuny bellediler. Şonda nygtalyşy ıaly, Berkarar döwletiň bagtyıarlyk döwründe milli ylmyň we medeniıetiň okgunly ösüşi, milli gymmatlyklaryň we olaryň dünıä gatnaşyklaryň ulgamyndaky ähmiıetine düşünmegiň ösüşi bolup geçıär.

„Nowruz-parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baıramy” atly halkara maslahatyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen ıapylyş dabarasynda onuň işiniň netijeleri jemlendi.

„Nowruz-parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baıramy” atly halkara maslahat öz işini tamamlandan soň, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy İüzlenme kabul etdiler. Maslahata gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza halkara duşuşygynyň ıokary derejede guralandygy üçin çuňňur hoşallyk bildirip, milli Liderimize berk jan saglyk we uzak ömür, parahatçylygy berkitmäge, ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň dabaralanmagyna, dürli ıurtlaryň we halklaryň medeniıetleriniň özara baılaşmagyna gönükdirilen beıik işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Türkmen Döwlet habarlar gullug

|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy