Habarlar

Guga çigildemi

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2013-02-25

Biziň ıurdumyzyň çäklerinde çigildemleriň 16 görnüşi: gyzyl gülli — Wilson, beıik, guşgy, Mihel, Guga, Boçanes we sary — Leman ıaly görnüşleri ösıär. Aşgabatly landşaft bezegçileri medeni görnüşlerini ösdürip ıetişdirmekde uly tejribe topladylar. İöne medeni görnüşleri seçip almak üçin uly ähmiıeti bolan tebigy şertlerde ösüp ıetişıän çigildemler uly söıgüden peıdalanıar. Olaryň birnäçesi örän seırak duş gelıärler hem-de olar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

Guga çigildemi örän owadan bolup, ol Günorta-Günbatar we Merkezi Köpetdagyň boıy 45 sm. ıetıän endemiki ösümliigidir. Bu çigildem ilatly obalaryň golaıynda örän seırek duş gelıär, ıöne barmasy kyn bolan ıerlerde onuň sany häzirlikçe durnuklylygyny saklaıar. Çigildemler tohumyndan we sogana meňzeş düıplerinden köpelıärler. Birinji ıagdaıda ol 4-6 ıaşynda gülleıär, egerde düıbünden köpelse — 2-3 ıyldan soň gülleıär.
Gyzyl kitaba girizilen, şol sanda Guga çigildemlerine gözegçilik geçirilıär, olaryň tebigy taıdan köpelişi, biologiki we ekologiki görnüşi öwrenilıär, olaryň ösıän ıerleriniň täze çäkleri gözlenilıär. Gyzyl kitaba girizilen Guga çigildeminiň esasy ıaıran ıeri Köpetdag we Sünt-Hasardag döwlet goraghanalarynda jemlenendir. Çigildemiň bu görnüşi örän ıokary ıerlerde gögermeıär, ol dagyň orta zolaklarynda ösmegi hem-de gyrymsy ösümlikleri we selçeň arça tokaılygyny gowy görıär.
Türkmen tebigatynda ıazky ösümlikleriň wegetasiıa döwri üçin oňaıly wagty gysga wagtlaıyn bolıar. Şonuň üçin hem dag we aıratyn hem çöl görnüşleri üçin gülleıiş örän gysga wagtlaıyn bolıar. Guga çigildemi bary-ıogy 10-12 gününň dowamynda gülleıär.

Jumamyrat GURBANOW

Türkmenistan: altyn asyr

|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy