Habarlar

Mikroskop astyndaky öıjükler

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2013-02-07

Derman ösümlikleini ösdürip ıetişdirmekde biotehnologiıa usullary aıratyn gymmatly häsiıete eıedir. Botanika bagynyň we Türkmenistanyň Lukmançylyk uniwersitetiniň Ylmy merkeziniň hünärmenleri alteı ıapraklaryndan taııarlanan serişdeleriň adam ganyndaky linfositleriň işjeňligine dermanlyk täsirleriniň mümkinçiligini öwrenıärtler.

Alymlar ösümlikleriň in vitro çüışe gapjagazynda we botanika bagynyň geografiki meıdanlarynyň birinde açyk meıdanda ösdürilip ıetişdirilişini deňeşdirıärler.In vitro çüışe gapjagazynda ösdürilip ıetişdirilen dermanlyk alteıiň adaty donor ösümliginden taııarlanan serişde bilen deňeşdirilende çişmä garşy uly netije berıändigini ıüze çykaryldy. Mundan hem başga, mikroklonirowaniıe arkaly ösdürilip ıetişdirlen serişde açyk meıdanda ösdürilip ıetişdirlen ösümlik bilen deňeşdirilende, ıaramaz netijeleriň birini hem bermeıär.

Botanika bagynyň dermanlyk ösümlikleriň introduksiıa barlaghanasynyň işgärleri çüışe gapjagazlarda ösüş köpelişi kynlyk bilen bolup geçıän hem agaç hem bezeg ösümliklerini ösdürip ıetişdirıärler. Şunlukda, botanika bagynda ıeke-täk nusgada hem-de tohumyndan we açyk görnüşde köpelmeıän ösümlikleriň tohumlary ösdürilip ıetişdirilıär.

Pyntykly ösüntgileri ösdürip ıetişdirmek mineral ıokumly serişdelerden, saharozadan we ösüşi sazlaıjydan ybarat bolan suwuklyk ıagdaıda geçirildi. In vitro arkaly alynıan ösümlikleriň gönüden-göni toprakda kynlyk bilen ösıändigini hem aıtmalydyrys. Adatça olar ıyladyşhanandyň çyglandyryş şertlerinde ıörite aralyk ösüş döwrüni geçıärler. Bu döwürde olar berk ideg, aıratyn hem olary kadaly suwarmakda we iımitlendirmekde berk ideg edilıär.

Mikroklonrowaniıe babatda gözleg işleri dowam etdirilıär. Botanika bagynyň alymlary öň bar bolan ösümlikleriň gyzyl kitaba girizilen seırek duş gelıän ıerli görnüşlerini, tropiki ösümlikleri synagdan geçirmegi meıilleşdirıärler. Botanika bagynyň alymlary şeıle hem şu günler ıandagy, türkmen arçasyny we beılekileri öwrenıärler.

Ösümlikleri mikroklonirowaniıe arkaly köpeltmek bu günki gün möhüm ekologiki taıdan arassa we sagdyn agaç, bezeg, miweli baglary we gülleri ösdürip ıetişdirmekde ulanylıar. Ňsdürip ıetişdirmegiň bu usulynyň artykmaç taraplary köpdür: enelik, maliıe, wagt materiallarynyň mukdary az ulanylıar. Bu usulyň esasynda seçgiçilik ulgamynda täze işläp taııarlamalry, ıagny ösümlikleriň gymmat bahaly garnuw we kynlyk bilen ösıän görnüşlerini synagdan geçirip bolar.

Biotehnologiıanyň ösdürilmegi ylmy-tehniki ösüşiň esasy ugurlarynyň biri bolup durıar. Bu bolsa öwrenmegiň düıbünden täze ugry bolup, ıokary görnüşli ösümlikleriň dokumalaryny we öıjüklerini ösdürip ıetişdirmegiň täze usuly bolup durıar.

Dariko Kelehsaıewa, biologiıa ylymlarynyň kandidaty,

Ylymlar akademiıasynyň Botanika institutynyň Botanika bagy

Türkmenistan: altyn asyr

|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy