Habarlar

Paýtagtymyzda alternatiw energetika boýunça halkara forumy öz işini tamamlady

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2010-02-26

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanda energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmagyň meselelerine bagyşlanan halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady. Aşgabat forumyna dünýäniň 30-a golaý ýurdundan esasy alymlar, energiýa meseleleri bilen meşgullanýan hünärmenler, konstruktorlar we işläp taýýarlaýjylar, halkara guramalarynyň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu forum täzelenýän energiýany öwrenmek we öndürmek ulgamynda ysnyşykly halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda möhüm ädim boldy.

Täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistanda energiýanyň alternatiw çeşmeleri ulgamynda barlaglary geçirmek ýurdumyzyň ylmyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwletiň işjeň goldamagynda türkmen hünärmenleri günüň, ýeliň, bioýangyjyň energiýasynda işleýän energiýa desgalaryny döretmek we ornaşdyrmak boýunça işleri alyp barýarlar. Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylara şeýle desgalaryň we toplumlaryň maketleri, şeýle hem «Gün» institutynyň alymlary tarapyndan işlenip taýýarlanylan we häzir ýurdumyzyň köp ýerlerinde üstünlikli hereket edýän synag desgalarynyň, fotoelektrik stansiýalarynyň nusgalary görkezildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda alternatiw energetikanyň binýadynda işleýän bu tehnologiýalary we enjamlary senagat esasynda öndürmek üçin ähli şertler bar.

Maslahatyň barşynda meseleleriň ençemesine garaldy, alternatiw çeşmeleriň dürli görnüşlerinden ekologiýa taýdan arassa energiýany almakda ägirt uly mümkinçilikleri açýan ylmy çykyşlaryň we habarlaryň 100-den gowragy diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylaryň tanyşdyrylyşlarynda wodorod, gün we ýel energetikasy, biogaz ulgamlarynda, geotermal suwlary we nebit önümleriniň galyndylaryny hem-de beýleki çeşmeleri ulanmakda täze, kämilleşdirilen tehnologiýalar hödürlenildi. Alymlaryň we hünärmenleriň düýpli çykyşlarynda olary biziň ýurdumyzda ulanmagyň esasy ugurlary we geljegi barada gürrüň edildi. Energiýanyň alternatiw çeşmeleriniň ekologiýa taýdan artykmaçlygyny nazara almak bilen, ulag ulgamy, nebitgaz toplumy, gurluşyk, oba hojalygy we komunal hojalygy täzelenen energiýanyň esasynda nanotehnologiýalary we enjamlary ulanmagyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi.

Türkmen işläp taýýarlaýjylarynyň uly ylmy we tehniki potensialy, ýurdumyzyň täsin tebigy şertleri, şol sanda gün energiýasynyň bol bolmagy we amatly ýel ýagdaýy elektrik energiýasyny öndürmegiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak üçin berk esas döredýär. Munuň özi ýurdumyzyň çetdäki welaýatlary üçin derwaýysdyr. Bu ýerli aýratynlyklar nazara alnyp, daşary ýurtly hünärmenler tarapyndan şu ulgamda geljegi uly taslamalaryň ençemesi hödürlenildi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň çöllük ýerlerinde ýeliň energiýasyny ulanmak arkaly bilelikdäki 1 000 MWt kompressor stansiýasyny döretmek baradaky taslama bar. Foto gün elementlerini taýýarlamak üçin ýarym kristal kremnini almak prosesinden başlap, doly elektrik stansiýalaryna çenli fotoelektrik tehnologiýalarynyň dürli enjamlaryny öndürmek baradaky teklip aýratyn gyzyklanma döretdi.

Halkara ylmy maslahatyň ýapylyş dabarasynda onuň işiniň jemleri jemlenildi. Ýygnananlaryň pikirine görä, bu forum täzelenýän energetika ýaly ylmyň möhüm ugruny ösdürmekde, şeýle hem ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň dünýäniň «ýaşyl ykdysadyýetine» goşulyşmagynyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Olar myhmansöýerlik we forumyň ýokary derejede guralandygy, oňyn başlangyçlary hem-de energiýanyň alternatiw çeşmeleri babatda hyzmatdaşlygy giňden goldaýandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdiler.

Türkmen Döwlet Habarlar Gullugy

|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy