Habarlar

Energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmagyň meseleleri alymlaryň üns merkezinde

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2010-02-25

Şu gün türkmen paýtagtynda «Türkmenistanda energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmagyň meseleleri» atly halkara ylmy maslahaty öz işine başlady, ol Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we howandarlygy esasynda geçirilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň guramagynda geçirilýän foruma gatnaşmak üçin Aşgabada daşary ýurtlaryň 27-sinden belli alymlar ýygnandylar, olar planetanyň yklymlarynyň ählisine wekilçilik edýärler. Şolaryň arasynda Ylymlar akademiýasynyň akademikleri, habarçy agzalary, ABŞ-dan, Germaniýadan, Awstriýadan, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Koreýadan, Awstraliýadan, Russiýadan, Ukrainadan, Belarusdan, Özbegistandan, Ispaniýadan we beýleki ýurtlardan ylymlaryň doktorlary we professorlar, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy edaralaryň ýolbaşçylary bar. Maslahata Halkara gün energiýasy we Gün energiýasy boýunça Halkara geňeşiniň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistandaky Ýewropa Öýüniň, BMGÖM-niň we käbir daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzümleýin bölümleriniň, ýurdumyzyň ylmy-barlag we taslama institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň alymlary hem hünärmenleri, şeýle hem degişli ugurdaş guramalaryň käbirleriniň işgärleri wekilçilik edýärler.

Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän, ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan we dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çeken forum halkara derejesindäki wakadyr. Nebitiň we gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan biziň ýurdumyz energiýa çeşmelerini iň uly eksport edijidir. Ýöne şeýle-de bolsa, durmuş — ykdysady taýdan mundan beýläkki ösüşiň, tebigy serişdeleri gorap saklamagyň, geljekki nesilleriň abadançylykly ýaşaýşy üçin ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň meselelerini çözmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän maksada okgunly döwlet syýasatynyň strategiki ugurlary energiýanyň adaty bolmadyk çeşmelerinden peýdalanmaga esaslanýan senagatyň täze pudaklaryny döretmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de bu pudakda innowasiýa tehnologiýalaryny we inżenerçilik — tehniki tejribeleriň soňky gazananlaryny öwrenmek we iş ýüzünde giňden ornaşdyrmak häzirki günde möhüm ähmite eýe bolýar.

Geçen ýylyň tomsunda Türkmenistanyň täzeden döredilen Ylymlar akademiýasynyň düzüminde «Gün» ylmy-barlag institutynyň döredilmegi bu pudakda ylmy-tehniki barlaglary intensifikasiýalaşdyrmak, olaryň netijeliligini, amala peýda getirmegini ýokarlandyrmak üçin nobatdaky ägirt uly möhüm ädim boldy. Häzirki geçirilýän halkara forumy hem şol meseleleriň çözgüdine gönükdirilendir, ol energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmak ulgamynda türkmen we daşary ýurtlaryň alymlarynyň ägirt uly mümkinçiliklerini hem oňyn tejribesini açyp görkezmelidir. Bu wakanyň ähmiýetini forumyň 2010-njy ýylda geçiriljek halkara ylmy maslahatlaryň tapgyrlarynyň başyny başlaýandygynyň fakty hem subut edýär. Onuň geçirilýän ýeri hökmünde Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň seçilip alynmagy hem bellärliklidir. Ýarym ýyla golaý mundan ozal ol häzirkizaman binagärlik pähiminiň ähli ýörelgeleri esasynda gurlan we iň öňde baryjy okuw hem laboratoriýa enjamlary bilen üpjün edilen jaýa göçüp barypdy. Bularyň ählisi häzirki günde, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Watanymyzyň ylmyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ylmy -barlag işleriniň netijelerini amaly taýdan durmuşa geçirmegiň, şol sanda energiýanyň alternatiw çeşmeleri ýaly geljegi uly bolan ugurlary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns berilýändiginiň subutnamasydyr.

Forumyň açylmagynyň öň ýanynda institutyň foýesinde guralan ekspozisiýa bilen tanyşlyk boldy, şol ýerde görkezişe çykarylan eksponatlar — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň ylmy-barlag işleriniň aýdyň netijeleri türkmen alymlarynyň gazanan ýokary üstünlikleriniň görkezilişi boldy.

Soňra mejlisler zalynda halkara konferensiýasynyň dabaraly açylyşy boldy, oňa hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ylmy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň professor — mugallymlar düzüminiň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Milletiň Lideri maslahatyň netijeleri energiýanyň alternatiw çeşmelelerini ulanmak arkaly iň täze tehnologiýalary işläp düzmekden we ornaşdyrmakdan ybaratdyr diýip nygtady. «Bu wezipeleri diňe bir ýurduň içerki tagallalary bilen häzirki zaman talaplaryna laýyk çözmek asla mümkin däldir. Hut şundan ugur alyp, biz ylym syýasatymyzyň iň möhüm bölegine-dünýäniň esasy ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýäris» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanynyň bu sözleri Hytaýyň, Ukrainanyň, Belarusyň, Awstraliýanyň we Germaniýanyň görnükli alymlarynyň plenar mejlisde çykyşlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Olar öz ýurtlarynda energiýanyň alternatiw çeşmeleri pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny açyp görkezdiler, olaryň energiýanyň adaty bolmadyk çeşmelerini ulanmak babatda ylmy-barlag taslamalaryny işläp düzmekde we ornaşdyrmakda gazanan oňyn tejribesi Türkmenistanda hem ulanyp bilner. Hususan-da, Halkara gün energiýasy merkeziniň ýolbaşçysy Si Wenhuanyň belleýişi ýaly, innowasiýaly, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary işläp düzmäge we öndürmäge, tebigy çeşmeleriň — günüň, ýeliň, suwuň geotermal we gidrotermal ýylylygyň, biogazyň hem beýlekileriň energiýasyny ulanmaga gönükdirilen tehnologiýalar soňky ýyllarda dünýäniň köp ýurtlarynda okgunly ösüşe eýe boldy. Häzirki günde energiýanyň alternatiw çeşmeleri elektrik energiýasynyň generasiýasy prosesine doly hukukly gatnaşyjy bolup durýar, ol ösüşiň täze ugruny — «ýaşyl ykdysadyýeti» şertlendirýär.

Soňky wagtlarda ýakylýan ýangyç esasynda alynýan energetika bilen deňeşdirilende energiýanyň alternatiw çeşmeleriniň maýa goýumlar babatda özüne çekijiligi artýar. Çünki nebitiň we gazyň nyrhlarynyň ýokarlanmagy bilen, uglerod emissiýalarynyň global howpy artýar, howanyň özgermegine bolsa emissiýa-zyňyndylarynyň täsiri ýetýär. Şoňa görä-de arassa energiýa üçin maýa goýmaga diňe daşky gurşawyň ekologiýasyny gorap saklamak nukdaýnazaryndan däl, eýsem ykdysady çykdajylar nukdaýnazaryndan hem seredilýär. Çykyşlarda wodoroddan, biogazdan, günüň we ýeliň energiýasyndan kombinirlenen ýagdaýda peýdalanmagyň hasabyna olary sap energiýa öwrüjileriň iň täze, kämilleşdirilen tehnologiýalaryny ulanmagyň anyk mysallaryna seredilip geçildi. Hususan-da, nebiti we gazy çykarmak hem arassalamak, olary daşamak ulgamy babatda iş ýüzünde ygtybarly we ýokary netijeli desgalara seredilip geçildi. Olar energiýany wodoroddan almaga esaslanýarlar, şeýle hem ýylylyk nasos tehnologiýalary şäherleriň edaralarynda, sport maksatly desgalarda, söwda we medeni merkezlerde hem beýleki desgalarda üstünlikli ulanylýar.

Bellenilip geçilişi ýaly, territoriýasynyň 80 göterimini çöllükler we daglyklar eýeleýän Türkmenistanyň tebigy zolaklarynyň ägirt uly ýel we gün energetika potensialy, aýratynam energiýa — ýylylyk-suw üpjünçilik aýratynlyklary gelio toplumlary öndürmek boýunça pudagy döretmek üçin ähli mümiknçiliklere eýedir.

Güniň ikinji ýarymda maslahatyň işi tematiki seksiýalaryň üçüsinde dowam etdirildi, olar Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda — Gün energiýasyny ulanmagyň ylmy esaslary seksiýasynda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynda — Ýel energiýasyndan peýdalanmagyň ylmy esaslary seksiýasynda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde — Energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmagyň ylmy esaslary seksiýasynda dowam etdirildi.

Bu ýerde adaty bolmadyk energiýa babatda bar bolan ykdysady we serişdeler potensialy, bu ulgamda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň perspektiwaly ugurlary barada gyzyklanma bildirilen düýpli söhbetdeşlik bolup geçdi.

Ertir maslahat öz işini dowam etdirer.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna hem-de bu wakanyň şanyna sadaka berildi.

"TDH"

|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy