Habarlar

«Türkmenistanda energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmagyň meseleleri» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2010-02-24

Hormatly ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly alymlar!

Sizi «Türkmenistanda energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmagyň meseleleri» atly halkara ylmy maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Halkara ylmy maslahatda jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda umumadamzat, il-ýurt bähbitli beýik özgertmeleri amala aşyrýan döwrümizde Türkmenistanyň ylym ulgamynda ýetilen beýik sepgitler hakynda, alternatiw energiýa çeşmeleri, onuň ylmy-tehniki, ekologiýa hem-de ykdysady nukdaýnazardan häzirki ýagdaýy barada täsirli ylmy çykyşlaryň boljakdygyna ynanýaryn. Halkara ylmy maslahatyň işine üstünlik arzuw edýärin.

Hormatly myhmanlar!

Adamzadyň durmuşy ylym we bilim bilen aýrylmaz baglydyr. Ylym we bilim ynsanyýetiň goşa ganatydyr, bagtyýar ýaşaýşynyň gözbaşydyr. Asudalygyň, parahatçylygyň we agzybirligiň Diýary hökmünde giňden tanalýan Türkmenistan bu gün täze Galkynyşyň we beýik özgertmeleriň täze taryhy eýýamyna gadam basdy. Biz ylmy ösdürmegiň, ony dünýä derejesine çykarmagyň möhüm şertleri hökmünde ýurdumyzyň ylym ulgamynyň kanunçylyk, maddy-tehniki binýatlaryny yzygiderli pugtalandyrdyk, ylmyň esasy ugurlaryny we wezipelerini kadalaşdyryjy hem-de kesgitleýji resminamalary kabul etdik. Häzirki geçirilýän halkara ylmy maslahat hem dünýä jemgyýetçiligi bilen biziň energiýanyň alternatiw çeşmelerini öwrenmek babatda alyp barýan hyzmatdaşlygymyzyň aýdyň netijeleridir hem-de Türkmenistanda ylym ulgamyna aýratyn uly üns berilýändiginiň äşgär kepilidir.

Hormatly alymlar!

Biz milli baýlyklarymyz bolan energetika serişdelerimiziň ägirt uly gorlaryny dünýä bazarlaryna çykarmak bilen, ykdysadyýetimize, serişde tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz iň täze tehnologiýalary ornaşdyrýarys, adamzadyň durmuşyna ymykly aralaşan, dünýäniň durnukly ykdysady ösüşine uly goşant goşýan hem-de howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy meseleleri çözmäge kömek edýän energiýanyň alternatiw çeşmeleri bilen bagly häzirki zaman ylmynyň möhüm ugurlaryna uly möçberde maýa goýýarys.

Biz «geljegiň energetikasy» adyny alan alternatiw energetikany milli ýangyç energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde saýlap aldyk. Geçen ýyl Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzüminde «Gün» institutyny döretmegimiz, şeýle hem goşmaça energiýa çeşmelerini, ýagny, Günüň, ýeliň, gyzgyn suwlaryň, biogazlaryň energiýalarynyň giňden ulanylmagyny ýola goýmak baradaky başlangyçlarymyz Türkmenistanyň ylym ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky uly ähmiýetli ädimleriniň biri boldy.

Hormatly ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!

Alternatiw energetikanyň mümkinçilikleri — Günüň, ýeliň, suwuň, geo we gidrotermal ýylylygyň, biogazyň we beýleki tebigy çeşmeleriň energiýalaryny peýdalanmaga gönükdirilen täze, ekologik taýdan arassa ýokary tehnologiýalary işläp taýýarlamak ylmyň möhüm wezipeleridir. Bu wezipeleri diňe bir ýurduň içerki tagallalary bilen häzirki zaman talaplaryna laýyk çözmek asla mümkin däldir. Hut şundan ugur alyp, biz ylym syýasatymyzyň iň möhüm bölegine -düýnäniň esasy ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýäris.

Türkmenistanyň elektrik energiýasyny ýeterlik mukdarda öndürýändigine garamazdan, elektrik geçiriji ulgamlary eltmesi kyn ýerler — öri meýdanlary, nebit we gaz ýataklary bar. Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösüşleriň hem-de galkynyşlaryň täze sepgitlerini nazarlaýan zamanasynda türkmen ylmy jemgyýetçiligi bu meseläni çözmäge ylmy barlaglary we tehniki işläp düzmeleri bilen mynasyp goşant goşýar. Alymlarymyz we hünärmenlerimiz galyndysyz, özbaşdak işleýän ýel-gün toplumlaryny, Gün energiýasy bilen işleýän dürli gurnamalary we desgalary döretdiler. Bioýangyjyň kiçi önümçiligini ýola goýmak we özbaşdak galyndysyz işleýän beýleki senagat desgalaryny döretmek, Garagumuň çägesinden kremniý önümçiliginiň mümkinçiliklerini barlamak ýaly iri ylmy taslamalar tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň daş-töweregindäki çöllük zolagyň özleşdirilmeginde, Hazaryň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ýaly uly taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde ýakyn geljekde alternatiw energetika çeşmeleri giňden ulanylar.

Hormatly alymlar! Eziz dostlar!

Sizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ylmy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka öwrüljek «Türkmenistanda energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmagyň meseleleri» atly halkara ylmy maslahatyň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size ylmy hem-de döredijilik işleriňizde rowaçlyk, berk jan saglyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy