Habarlar

Türkmenistanda alternatiw energetika: mümkinçilikler we perspektiwalar

Baş sahypaYlymlar akademiıasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat ıaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2009-12-23

Soňky ýyllarda dünýäniň köp ýurtlarynda alymlar okgunly ösüşe eýe bolan adaty däl çeşmelerden alynýan alternatiw energiýasynyň önümçiligini we ulanylmagyny «geljegiň energetikasy» diýip atlandyrýarlar.

Mälim bolşy ýaly, tebigy çeşmeleriň—günüň, ýeliň, suwuň, geo—we gidrotermal ýylylygyň, biogazyň we beýlekileriň energiýalaryny peýdalanmaga gönükdirilen innowasion, ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň işlenip taýýarlanylmagy häzirkizaman ylmyň öňünde goýlan esasy wezipeleriň biridir. Ylmy-tehniki progres, çalt depginlerde ösýän industriýa ilatyň ýokary durmuş derejesini üpjün edýär we şol bir wagtyň özünde gazylyp alynýan energetika serişdeleriniň—uglewodorodlaryň kem-kemden azalmagyna getirýär. EDÇ-niň (energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri) esasynda adaty däl energetika geçilmegi durnukly ykdysady ösüşe möhüm goşant bolar hem-de daşky gurşawa we adamlaryň saglygyna senagatyň ýaramaz täsirini peseltmäge mümkinçilik berer, howanyň üýtgemegi ýaly häzirkizaman global meseleleri çözmäge kömek eder.

Tebigy energiýanyň tükeniksiz gorlary, özgerdilen alternatiw energiýanyň esasynda önümçiligiň ekologik taýdan arassalygynyň üpjün edilmegi, ykdysady netijelilik—bu faktorlar energetikanyň şu sektorynyň maýa goýum taýdan özüne çekijiligini şertlendirdi. Ol «ýaşyl ykdysadyýeti» ösdürmegiň täze ugruny kesgitledi. Häzirki wagtda dünýäniň 70-den gowrak ýurdy, şol sanda Türkmenistan energiýa we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamaga uly meçberde maýa goýýarlar. Olaryň hatarynda daşky gurşawa zeper ýetirmeýän we ykdysadyýetiň täze pudaklarynyň, hususy sektoryň ösmegi, iş orunlarynyň döremegi ýaly durmuş we ykdysady peýda getirýän «arassa howa mehanizminiň» taslamalary bar.

Alymlaryň çaklamalaryna görä, diňe «günüň» elektrik energiýasynyň paýy onuň umumydünýä önümçiliginde 2040-njy ýyla 26 göterime golaý bolar. Bu ulgamda arassa energiýany almagyň has perspektiwaly görnüşleriniň biri fotoelektroenergetika bolup durýar. Türkmen alymlary bu ugurda ylmy barlaglary we tehniki işläp düzmeleri bilen buýsanyp bilerler.

Öz energiýa göterijileriniň dünýä bazarlaryna eksportuny artdyrmak bilen, biziň ýurdumyz bir wagtda innowasion, serişde tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga tarap ugur alyp, alternatiw energetikany milli ýangyç energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeden açylan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzüminde «Gün» ylmy-barlag institutyny döretmek hakynda şu ýylda kabul eden Karary bu ugurda ylmy-tehniki barlaglary intensifikasiýalaşdyrmak, olaryň netijelerini ýokarlandyrmak üçin uly ähmiýetli ädim boldy.

Häzir «Gün» institutynyň aktiwinde bu möhüm ugurda, şol sanda synag desgalaryny işläp taýýarlamak we barlamak boýunça üstünlikli amala aşyrylan taslamalaryň birnäçesi bar. Çäginiň 80 göterimi çöllük we daglyk bolan ýurdumyzyň ýel we gün energetika potensialyny we tebigy zolaklarynyň energiýa-ýylylyk-suw üpjünçilik aýratynlyklaryny nazara alanyňda, institutyň alymlarynyň barlag we taslama—konstruktorçylyk işleriniň ugry ilkinji nobatda senagat merkezlerinden uzakda ýaşaýan we işleýän ilatyň hajatlaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Bu işler bioýangyjy we organiki dökünleri almak, mallary galyndysyz saklamak we ösümlikleri ýetişdirmek, adamlaryň durmuşy üçin amatly şertleri döretmek bilen energiýa üpjünçilik, guýulardan suw çykarmak, ýyladyş, sowadyş, guradyş babatda, mikro suw otlaryny ösdürip ýetişdirmekde, durmuş we önümçilik galyndylaryny ikilenç ulanmakda geçirilýär. Institutyň alymlarynyň we hünärmenleriniň üstünlikleriniň hatarynda galyndysyz özbaşdak işleýän ýel-gün toplumlary, köp ugurly gelioguradyjy desga, geliopürküji we geliogyzdyryjy modul, gün energiýasy bilen işleýän fotobioreaktorlarda mikro suw otlaryny ösdürip ýetişdirýän desga, ýokary temperaturaly barlaglar üçin «gün» peji, gelioýyladyş hanalaryň dürli gurnamalary, biogazy almak üçin desga bar. Hazar deňzinde Gyzylsuw adasynda mekdebiň elektrik üpjünçiligi üçin hereket edýän ýel energetika desgasy özüniň ýokary görkezijilerini mälim etdi.

Şeýle taslamalaryň amaly gymmaty aýdyňdyr. Ozal belläp geçişimiz ýaly, Türkmenistanyň elektrik energiýany ýeterlik mukdarda öndürýändigine garamazdan, onuň elektrik geçiriji ulgamlary eltmesi kyn bolan ýerleri bar. Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerinden energiýanyň lokal generasiýasy ulgamlaýyn öçmek töwekgelçiliklerinden azatdyr we gymmat bahaly ýangyç hem-de ony getirmek üçin çykdajylara bagly däldir. Ilatyň elektrik ulgamlaryna eleterli däl ýerlerinde gaýtadan dikeldilýän çeşmeler energiýa bilen çalt we az çykdajyly üpjün edip bilýär. Türkmen alymlarynyň hödürleýän enjamlary şu meseläni, mysal üçin, alysda ýerleşen öri meýdanlarda, nebit we gaz ýataklarynda, Hazar deňziniň adalarynda we kenarynda çözmäge kömek edýär, şunda ýerli ilaty täze iş orunlary bilen üpjün edýär. Ekologik arassalykdan başga-da, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ýene-de bir artykmaçlyga eýedir, olar serişdeleriň çäklendirilmedik «gorlary» bilen uzak wagtlap işlemäge ukyplydyr.

Türkmen alymlary bu gün öz tejribelerine we dünýä ylmynyň gazananlaryna daýanyp, alternatiw energetika babatda maksada gönükdirilen işleri dowam etdirýärler. Alymlaryň geljekki meýilnamalarynda ýokary netijeli tehnologiýalaryň we täze konstruktorçylyk çözgütleriň esasynda ýygnalýan kiçi gün batareýalaryny, ýel we gün fotoelektrik stansiýalaryny, gün kollektorlaryny we fotobioreaktorlary döretmek, bioýangyjyň kiçi önümçiligini ýola goýmak we özbaşdak işleýän beýleki senagat desgalaryny döretmek ýaly işler bar. Olaryň toplumlaýyn ulanylmagy Türkmen kölüniň daş-töweregindäki çöllük zolagyň özleşdirilmegi, Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmegiň ägirt uly taslamasynyň amala aşyrylmagy bilen baglydyr.

Dikeldilýän energiýa çeşmelerini iş ýüzünde ulanmakda öňdebaryjy diýlip ykrar edilen Germaniýanyň alymlary bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalar özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň subutnamasydyr. Ilkinji ädimleriň hatarynda Tempus maksatnamasy boýunça taslama bar. Ol solýar tehnikasynda dünýä belli pioner—Fraýberk şäheriniň «Dag akademiýasy» uniwersitetiniň binýadynda hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we gaýtadan taýýarlamaga gönükdirilendir. Gün fotoelektrik özgerdijileri üçin Garagum çägesinden kremniniň önümçiliginiň mümkinçiliklerini barlamak boýunça taslama gün energiýasy babatda tutuş dünýäde ylmy işläp düzmelere näderejede möhüm ähmiýet berilýändigini görkezdi. Onuň ýerine ýetirilmegi üçin granty «Gün» institutyna Yslam ösüş banky berdi.

Dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda arassa tehnologiýalary we täze işläp düzmeleri iş ýüzünde amala aşyrmak babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary türkmen-koreý forumynyň barşynda kesgitlendi. Bu forum şu ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda Koreýanyň industriýa we daşky gurşawyň tehnologiýalary institutynyň alymlarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Şu ýylyň dekabr aýynyň başynda Aşgabatda geçirilen II halkara energetika sergisi we ylmy konferensiýasy dikeldilýän arassa energiýanyň esasynda ekologiýa taýdan howpsuz täze tehnologiýalary we öňdebaryjy önümçilikleri özleşdirmek babatda täze gatnaşyklary ýola goýmak we tejribe alyşmak üçin möhüm ädim boldy. Şonda türkmen alymlarynyň we oýlap tapyjylarynyň mümkinçiliklerini peýdalanmaga gyzyklanma bildirýän iri daşary ýurt kompaniýalaryň we firmalaryň wekilleri öz teklipleri bilen çykyş etdiler.

«Türkmenistanda energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmagyň meseleleri» atly halkara ylmy maslahaty bu ugurda ýurdumyzyň alternatiw energetikasyny ösdürmekde, ylmy gazananlaryň amaly goşundylaryny giňeltmekde nobatdaky ädim bolar. Ony 2010-njy ýylda Aşgabada geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2019, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy